Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geýmäne hiç zat bolmanda, näme geýmeli

0
11676

Geýim-gejimleriň köp, ýöne olaryň haýsysyny geýjegiňi bilmeýärsiň, gör nähili paradoks. Hususan-da, pasyl çalşygynda olaryň içinden haýsysyny geýjegiňi bilip bolanok. Bu ýagdaý näme sebäpden ýüze çykýar? Onuň çäresini tapyp bolmaýarmy?

Olar köp, ýöne geýmäne zat ýok

Garderobyňyzy üns bilen gözden geçireniňizde ondaky eşikleriň ýarysyndan gowragynyň biri-birine gaty meňzeýändigini, diňe käbir ýerlerinde tapawudyň bardygyny görmek bolýar. Olar 5-6 sany jins, 3-5 sany gara jalbar ýa-da şol bir stildäki birgiden köýnekler bolup biler. Netijede, garderobda köp zat bar, ýöne olaryň reňkinde ýa-da stilinde dürlülik ýok. Netijede, her eşik eýýäm köp geýilen ýaly bolup görünýär.

Durmuş ýörelgäňiz bilen garderobyň sazlaşyksyzlygy

Bu deňagramsyzlygyň aýdyň mysaly uzak wagtlap bir ofisde işlän, soň bolsa çaga seretmek rugsadyna giden zenanyň şkafynda bolup biler. Onuň garderobynyň ýarysyndan gowragy ofisde geýilýän resmi egin eşiklerdir, galan ýarysy bolsa diňe adaty eşiklerden ybaratdyr. Bu ýagdaýda şeýle netije çykaryp bolar: durmuş ýörelgäň bilen garderobyňdaky eşikleriň sazlaşygy deň däl, şol sebäpdenem garderobyňda geýmäge zat tapman bilersiň.

Pikirlenmän alan geýimleriňiz

Dükanlara nähili eşik aljagyňy bilmän aýlansaň garderobyňda hemişelik geýilmän ýatjak eşigi hem alyp bilersiň. Bu näme üçin beýle? Sebäbi ol eşigi köp zatlar bilen utgaşdyryp geýip bolmaýan bolmagy mümkin. Şonuň üçin näme aljagyňy pikirleneniňde ilki bilen ony näme bilen geýjegiň hakda oýlan.

Eşikleriňden dynmaga dözümsizlik

Bu zenanlaryň durmuşynda iň köp ýüze çykýan sowally ýagdaý. Eşikleriňizi geýmejek bolsaňyz, ondan dynanyňyzda hem gynanmaň. Birmahal modadan galan eşikleriňizi ýene geýerin diýip ýygnap goýmagyň, aýratynam ony horlanamda geýerin diýip umyt etmegiň peýdasy ýokdur.

Garderoba agram berýän “labyrlar”

Köýnegiň daşky gelşigini eýýäm ýitirendigine garamazdan, “Bu köýnegi uzak garaşyp ýeten syýahatymyň dowamynda satyn alypdym, ony zyňyp bilmerin!” diýýänlerimizem bar. Şeýle ýagdaý köpimize tanyş bolsa gerek. Her bir zatda bir zat bilen baglanyşykly haýsydyr bir ýatlamalar jemlenýär. Ýöne bu ýatlamalar garderobyň agramyny hasam agraldyp biler.

Öz islegleriňizi kanagatlandyryň!

  • “Geýmäge hiç hili zadym ýok” diýdirýän mesele üçin kelläňizi agyrtmaň we bu ugurda aňsat karara geliň. Garderobyňyzy tertiplemek bilen pikirleriňizi hem tertibe salýandygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň.
  • Garderobyňyzy her alty aýdan bir gezek tertipleşdirmegi ýola goýuň. Haýsy möwsümde, nähili howada näme geýjegiňizi öňünden pikirlenip goýuň? Şonuň bilen birlikde eşikleriň reňklerini we stilini nazarda tutuň, gündelik daş keşbiňizde nämäniň ýetmeýändigini kesgitläň.
  • Garderobyňyzy durmuş ýörelgäňizden üzňe bezemäge çalşyň. Näçeräk dynç alýanyňyzy, çagalar bilen gezelenje gitmegiňizi ýa-da işiňizi pikir ediň. Özüňiziň köplenç geýýän stiliňizi mälim ediň.
  • Täze egin eşik satyn almak üçin dükana gideniňizde näme satyn aljagyňyz barada oýlanyşykly netijä geliň.

Daşky keşbiň umumy ýagdaýyňdan habar berýändigini berk belläň. Hut şonuň üçinem garderobyňyzy egin eşik bilen üpjün etmäge birjigem kembaha garamaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar