Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sarymsak we sogan: Bu önümler barada täsin hem-de anyk maglumatlar

0
70433

Gadymy döwürlerden bäri adamzat jemgyýeti sogan bilen sarymsagy bejergi täsirli önümleriň hatarynda sowuklamany we beýleki keselleri bejermekde peýdalanyp gelýär.

Bu makalada soganyň hem-de sarymsagyň peýdaly aýratynlyklaryny, düzümini we olar baradaky gyzykly faktlary seljereris.

Sarymsagy we sogany olaryň düzüminde fitonsidiň bolmagy baglanyşdyrýar — bu bolsa özbaşdak işjeň madda bolup, patogen mikroblaryny ýok edýär hem-de olaryň boý alşynyň we ösüşiniň öňüni alýar.

Surat: ru.freepik.com

Sogan

Baryp miladydan öňki IV müňýyllykda Ortaýer deňzi sebitiniň ýaşaýjylary soganyň peýdaly aýratynlyklary barada bilipdiler. Bu babatda hatda Heopsyň piramidasynyň içki diwarlarynda-da ilkinji ýazylan maglumatlar saklanyp galypdyr. Mundan başga-da, taryhçylar soganlaryň piramida gurluşykçylarynyň iýmitiniň bir bölegi bolandygyny, şeýle-de ahyretde faraon üçin peýdaly bolup biljek zatlaryň bir bölegi hökmünde peýdalanylandygyny ýazypdyrlar.

Soganyň iýilýän onlarça görnüşinden iň giňden ýaýrany açyk goňur reňkli, turp görnüşli adaty sogandyr. Täsin ýeri, soganyň tagamy onuň ösüp ýetişýän ýerine bagly bolup, ol näçe Günortada ekilse, şonça-da süýji bolýar. Biologik görnüşlerinden we sortlaryndan başga-da sogan iki görnüşe bölünýär: adaty sogan we ýaş sogan.

Düzümi

Sogan bakterisid we antiseptik aýratynlyklaryna eýedir. Türki halklaryň Orta asyr alymy we lukmany Abu Aly ibn-Sina soganyň suwuny dezinfeksiýa etmek, ýaralary we bokurdak agyrylaryny bejermek üçin ulanmagy maslahat beripdir.

Gök önümiň düzüminde: B, C, PP, E witaminleri, şeýle hem marganes, demir we fosfor ýaly minerallar bar.

Peýdaly aýratynlyklary

Immunitet. Soganlardaky fitohimiki maddalar C witamini işjeňleşdiriji hökmünde çykyş edýär.

Ýürek. Sogan antikoagulýant hökmünde işleýär, ýagny gyzyl gan öýjükleriniň birleşmeginiň öňüni alyp, gany suwgaltmaga ýardam edýär.

Anemiýa. Soganyň düzümindäki demir täze gyzyl gan öýjükleriniň öndürilmegine täsir edýär.

Surat: ru.freepik.com

Sarymsak

Daş asyrynda Günorta-Gündogar Aziýanyň ýaşaýjylary ýabany ösýän sarymsagy naharlaryna goşupdyrlar. Sarymsak 5000 ýyl mundan ozal ösdürilip başlanypdyr diýlip çaklanylýar.

Gyzykly ýeri, sarymsaga iň muşdaklar koreýler we italýanlar hasaplanylýar. Bu ýurtlarda her bir adam günüň dowamynda ortaça 8-12 diş sarymsak iýýär.

Düzümi

Sarymsak marganese, kalsiýe, fosfora, selene, C we B6 witaminlerine baýdyr.

Peýdaly aýratynlyklary

Gan basyşy. Allisin — aterosklerozyň ösmeginiň we tromblaryň döremeginiň öňüni almaga kömek edýän organiki birleşme.

Zäherlenme. Sarymsak agyr metaldan zäherlenmede kömek edýär we zyýanly (toksiki) iş şertleri bilen işleýänler üçin peýdalydyr.

Sagdyn deri we saç. Günde iki diş sarymsak deride tebigy kollagen we elastiniň işläp çykarylmagyny gowulandyryp biler. Şeýle hem, sarymsagyň peýdaly düzümleri derini UF şöhlelerinden goraýar we saçlaryň has gürlenmegine täsir edýär.

«Sogan we sarymsak ýedi derdiň dermany» diýen ýaly aýdylýan halk pähimine ynanyp, infeksiýalara garşy göreşmekde diňe bu iki önüme has bil baglamak ýalňyşdyr. Emma her günde naharyň ýany bilen birnäçe sogan ýa-da sarymsak dişlerini iýmek immunitetiň berkidilmegi üçin zerurdyr.

Üns beriň! Bu makala diňe bir tanyş ediji häsiýete eýedir. Hatda dolulygyna peýdaly hasap edilýän önümleri hem bejergide yzygiderli ulanmak, onuň zyýan etmek ähtimallygyna getirip bilýändir.

Peýdalanylan çeşmeler: autogear.ru; shkolazhizni.ru; hi-chef.ru; takprosto.cc

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar