Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Peýdaly maňyzlar ýa-da saglygyň superfud önümi: Türkmen bazaryndaky iň gowy maňyzlar barada

0
65496

«Superfud» adalgasy düzüminde ynsanyň saglygy üçin peýdaly bolan maddalaryň konsentrasiýasynyň ýokary bolan önümlerine aýdylýar. Gürrüňimiziň ýokary derejede güýç beriji maňyzlara syrykýandygyny eýýäm sözbaşyny okan mahalyňyz hem aňlan bolsaňyza gerek. Hozuň her görnüşiniň düzüminde özboluşly mukdarda witaminler, mikroelementler, peýdaly ýaglar we ösümlik beloklary bardyr.

Ýöne bu önümiň köplenç halatda allergiki täsiriň ýüze çykmagyna getirýän we agyr siňmegine täsirini ýetirýän kaloriýa düzümini ýatdan çykarmaly däldir. Maňyz önümlerini aşa köp iýmek saglyga ýaramaz täsir edip biler.

Hoz. Munuň gabygynyň beýniniň şekiline meňzeşligi tötänden däldir, sebäbi hoz beýniniň işiniň has netijeli bolmagyna itergi berýär. E witaminiň, Omega-3 we polifenollaryň düzüminde köp bolmagy ýady gowlandyrmaga we konsentrasiýany ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Hozuň düzümine ýod, sink, demir, magniý we kaliý girýär. Hozdan tapylan biotin saçyň ösmegine we güýçlenmegine kömek edýär.

Gyzyklandyrýan ýeri, Kawkazda hoz mukaddes agaç hökmünde hasap edilýär. Ol ýerlerde dört asyrdan hem gowrak ýaşly agaçlara gabat gelmek bolýar.

Surat: ru.freepik.com

Maňyz aslynda däne ekinidir, şonuň üçinem onda belok köp bolup, uglewodlar örän azdyr. Ýer maňyzynyň bütin dünýäde 70 töweregi görnüşi bar diýilýär. Maňyzda B witaminler, askorbin kislotasy, sink, selen, magniý we käbir aminokislotalar bar.

Täsin tarapy, maňyzyň ýagy saglyga peýdaly we örän ýokumlydyr. Mysal üçin, wegetarianlar ony dürli tagamlar üçin sous hökmünde ulanýarlar.

Fundukda etiň düzümindäkiden hem has köp mukdarda demir, şeýle hem hoz üçin has köp mukdarda magniý bar — 50 gramda 85%. Aminokislotalardan başga-da, A, C, E, PP witaminleri, B witamin topary, köp mukdardaky minerallar funduk däneleriniň peýdaly aýratynlyklarydyr (fitosterollar, karotinoidler we flawonoidler). Olaryň esasynda-da funduk ýokary biologik işjeňlige eýedir.

Taryhçylaryň pikiriçe, funduk 10 müň ýyl mundan ozal adamlaryň iýmitiniň düzümine giripdir. Oňa funduk adamyň ömrüni halas edip bilýän zat ýalydyr diýen ýaly «jadyly» häsiýetler mahsus görlüpdir. Bu rowaýatyň döremegi şol wagtlar hasyllylygyň pes bolan ýyllarynda fundugyň iýmit hökmünde hyzmat edendigi bilen baglanyşyklydyr.

Pisse — düzüminde B hem-de E, H, PP witaminlerini, iýmit süýümlerini, beloklary, ýaglary we uglewodlary öz içine alýan az kaloriýaly maňyzdyr. Düzüminde içege mikroflorasy üçin peýdaly pisse süýüminiň bolmagy bu önümi has-da tagamly iýmit hökmünde ýüze çykarýar. Emma bu maňyzlary has köp iýmek maslahat berilmeýär, sebäbi uly ýaşlylar üçin pissäniň gündelik kadaly mukdary 15 sany pissedir.

Pisseleriň gije ýygylyp alynmagynyň hem özboluşly sebäbi bardyr. Çünki gündiz efir ýaglary we smola adamyň başyny aýlaýar we kellagra sebäp bolup bilýär. Mundan başga-da, pisse bilen bagly täsin maglumat — hytaýlylaryň pisse dänesini «bagtly hoz» diýip atlandyrmaklarydyr. Sebäbi onuň gabygynyň ýarylmagy ýylgyryşa çalym edýär.

Surat: ru.freepik.com

Mindal — kalsiý, demir, sink, magniý, B we E witaminleriň çeşmesi. Mindal ýürek-damar ulgamyna oňyn täsir edýär, iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulaşdyrmaga, metabolizmi kadalaşdyrmaga hem-de görüşi ýitileşdirmäge ýardam edýär.

Adamlar mindaly 3 görnüşini peýdalanýarlar: süýji, döwülýän we ajy. Ajy mindalyň düzüminde wodorod sianidi bardyr. Ajy badam zäherlidir! Mindalyň uly adam üçin ölüm howply möçberi 50 mindal, çaga üçin bolsa 10-ysy hem ýeterlikdir.

Keşýunyň düzümi süňkleri we nerw ulgamyny güýçlendirýän magniýa, bedeni kislorod bilen doýurmaga peýdaly bolan demire, şeýle hem antioksidant goragy üpjün edýän mikroelementlere baýdyr. Keşýu maňyzy Aziýa aşhanasy üçin örän laýyk gelýän önümdir.

Näme üçin keşýulary hemişe gabykly we gowrulan görnüşde satýarlar? Görnüşi ýaly, bu maňzyň gabygynda kardol (örän iýiji madda) bar. Eger maşzyň gabygyny açjak bolsaň, eliň ýanmagy mümkindir.

Kedr hozy köp mukdarda magniý, fosfor, sink, kaliý, mis we beýleki peýdaly mikroelementleri we witaminleri bilen tapawutlanýar. Hozlar ýokary kalorili we ýagly, şonuň üçin olary ýerliksiz ulanmaly däldir, ýöne olar salatlara, kaşalara we beýleki tagamlara ajaýyp goşundy bolup biler.

Orta asyrda ýaşap geçen lukman we alym Abu Aly ibn Sina kedr hozunyň peýdaly aýratynlyklary barada ýazypdyr. Häzirki zaman ylymlary onuň bu babatdaky gelen netijelerini subut edýär. Mysal üçin, hozdaky oleý aminokislotasy aterosklerozyň ösmeginiň öňüni alýar we triptofan (uky gormony) ukusyzlyga garşy göreşde kömek edýär.

Surat: ru.freepik.com

Kedr hozy köp mukdarda magniý, fosfor, sink, kaliý, mis we beýleki peýdaly mikroelementleri we witaminleri bilen tapawutlanýar. Hozlar ýokary kalorili we ýagly, şonuň üçin olary ýerliksiz ulanmaly däldir, ýöne olar salatlara, kaşalara we beýleki tagamlara ajaýyp goşundy bolup biler.

Orta asyrda ýaşap geçen lukman we alym Abu Aly ibn Sina kedr hozunyň peýdaly aýratynlyklary barada ýazypdyr. Häzirki zaman ylymlary onuň bu babatdaky gelen netijelerini subut edýär. Mysal üçin, hozdaky oleý aminokislotasy aterosklerozyň ösmeginiň öňüni alýar we triptofan (uky gormony) ukusyzlyga garşy göreşde kömek edýär.

Bu hozlar nahar ýaly täsirlidir. Olar doly nahar iýmezden öňinçä bedeni ýeterlik energiýa we iýmit bilen üpjün edip bilýärler.

Türkmenistanda gaplanan maňyzlaryň hatarynda «Altyn Ýunus» kärhanasynyň gowrulan maňyzlar we mekgejöwen däneleri, pisseler, kädi we günebakar çigitleri alyjylaryň uly islegine eýedir. Hususy kärhana önümlerini laýyk gaplarda öndürýär, şonuň üçin olary iýmek üçin ýanyňa almak hem aňsatdyr.

Mundan başga-da, «Altyn Ýunus» kärhanasynda şekerli we şekersiz sakgyçlar, şokolad batonlary, kökeler we wafliler öndürilýär. «Altyn Ýunus» önümleriniň ählisi azyk howpsuzlygynyň halkara standartlaryna laýyk gelýär.

Kärhananyň ilkinji önümhanasy 2016-njy ýylda Mary şäherinde açyldy. «Altyn Ýunus» haryt nyşanly önümler şu günki gün Türkmenistanyň 20 müňe golaý söwda nokadynda satylýar.

Kompaniýa eksport pudagynda hem işjeň iş alyp barýar. Kärhananyň önümleriniň daşalýan ýurtlary hökmünde Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Hytaý, Russiýa we beýleki ýurtlary görkezmek bolar.

«Ýunus» önümleri barada has giňişleýin maglumat almak üçin kähananyň şu salgydaky esasy ofisine ýüz tutmak bolýar: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 174-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17, (+993 12) 95 06 18. Elektron poçta salgylary: info@altynyunus.tm, export@altynyunus.tm. 

Peýdalanylan çeşmeler: style.rbc.ru; ria.ru; shop.soyka.ru; mygenetics.ru; hi-chef.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar