Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Güýz möwsüminiň saglyga peýdaly 9 sany miwesi

0
57919

Güýz paslynda dükanlaryň tekjelerine bezeg berip duran dürli hili miwedir gök-bakja önümleri bolýar. Olar her ýyl möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşdyrýar diýsegem ýalňyş bolmaz. Bu önümleriň köp sanly peýdaly häsiýetleri bar:

Peýdasy — bu möwsümde ösdürilip ýetişdirilen gök önümler we miweler örän köp witaminleri we ýokumly maddalary özünde jemleýär;

Hili we tagamy — ýerli daýhanlaryň ýetişdirýän täze önümleri daşalmagy hem talap etmeýär. Olar, adatça daşamakda zaýalanmazlygy üçin gaýtadan işlenmäge hem golaý däldir;

Elýeterliligi — dükankarda önümleriň bollugy sebäpli olaryň bahalary hem elýeterli bolýar.

Ýeri, onsoň güýz möwsüminiň eçilýän bu miweleri haýsylarka?

Beýi — antioksidantlaryň, demir, kalsiý, kaliý, fosfor, mis, şeýle hem A, B, C, E we PP ýaly witaminleriniň gorudyr. Miwäniň düzümindäki pektin agyr metallaryň, holesteriniň, radionuklidleriň we beýleki zyýanly maddalaryň duzlaryny aýyrmaga ýardam edýär. Şonuň üçinem beýini howply iş pudaklarynda zähmet çekýän adamlara iýmek maslahat berilýär.

Beýi iýmit siňdiriş bozulmalary bilen ganazlygyň öňüni almaga kömek etmek bilen, şeýle hem ol diuretik we antiseptiki täsire eýedir.

Beýi miwelerinden köplenç jem ýa-da bal ýapylýar, ýa bolmasa-da ony bal hem-de hoz bilen garýarlar.

Brokkoli. Bu kelem şekilli gök önümiň peýdasy B, A, E, PP, K witaminleriniň we mikroelementleriň (selen, ýod, demir, kremniý, kalsiý we ş.m.) köp bolmagynda jemlenýär. Brokkoli kletçatkalara, metionine, aminokislotalara, beloklara we ş.m. baý önümdir.

Brokkoliniň 100 kilokaloriýasyndaky belogyň mukdary sygyr etiniňkiden hem köpdür.

Nar. Miwäniň konsentrasiýasyndaky gymmatlylygy we ondaky peýdaly maddalaryň mukdary: alty sany aminokislota, fol turşusy, demir, tanin, marganes, natriý, kaliý, kletçatka we ş.m. Nar 

Iýmit bilen utgaşdyrylan nar nerw we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işleýşini gowulaşdyrmaga, ýürek agyrysynyň howpuny azaltmaga ýardam edýär. Miundan başga hem naryň peýdaly häsiýetleri bedenden toksinleri aýyrmagydyr.

Itburun. Kawkazlylarda “Itburunyň ösýän ýerinde lukmanam gerek däl” diýen bir nakyl bar. Sagaldyş häsiýetleriniň oňa degişli edilmegi ýöne ýerden däldir. Witaminler, mikroelementler, organiki kislotalar, taninler, efir ýagy we beýleki peýdaly maddalar itburun miwesini halk lukmançylygynda esasy peýdalanylýan miweleriň birine öwürdi. Dümew, bokurdak agyry, ganazlyk, artrit, dizenteriýa we aşgazan-içege keselleri üçin lukmanlar itburuny maslahat berýärler. Itburundaky biologiki işjeň maddalar gan basyşyny kadalaşdyrmaga we kelle agyryny aýyrmaga kömek edýär.

   

Turp düzüminde bakteriýalaryň ösmegine we köpelmegine päsgel berýän biologiki işjeň maddalar ýaly fitonisidleriň bolandygy sebäpli sowuklamalaryň hem-de dümewiň öňüni almakda gymmatly ýardamçydyr. Onuň köküniň tagamy näçe ajy bolsa, düzümindäki fitonisidleriň mukdary şonça ýokarydyr.

Turp düzüminde köp mukdarda B1, B2, B3, B4, B5, C, E, PP, kalsiý, magniý, fosfor, demir, sink, natriý ýaly witaminleriň we elementleriň bolandygy üçin-de peýdaly bakja hökmünde öňe çykýar.

Kädiniň düzüminde käşirden 5 esse köp karotin bar. Adam bedenine düşmek bilen karotin şolbada görüşe örän peýdaly bolan A witamine öwrülýär. Şeýle hem bu önümde B, C, E, K toparlarynyň witaminleri we iýmit siňdiriş üçin peýdaly kletçatka bar.

Kädi çigidi düzümindäki sinkiň derejesi boýunça gök önümleriň arasynda üçünji orunda durýar.

Şipownik. Şipownigiň miwelerinden çaý demleýärler, şeýle-de jem gaýnadýarlar. Açyk mämişi we gyzyl reňkli miwelerinde limondan hem 10 esse köp bolan witaminler bar. Şipownigiň düzüminde antioksidantlar, pektinler, taninler, P we K witaminleri jemlenýär.

Şipownik — bu immunostimulýasiýa beriji, bakterisid, çişmä garşy we holeretiki serişdedir.

Hurma — bu ýoduň, magniýiň, demriň, kalsiniň, kaliniň, fosforyň, A, B we C witaminleriniň çeşmesidir. Hurma demir ýetmezçiliginiň anemiýasynda we awitaminozda, şeýle-de ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde peýdalydyr peýdalydyr.

Miwe nerw ulgamynyň dikeldilmegine we bedeniň umumy saglygyna peýdaly täsir edýär.

Täsin ýeri, reňkli kelemiň diňe bir peýdaly maddalary öz içine alman, eýsem beden bilen dogry deňagramlaşdyrylýandygyny we gowy siňdirilýändigini bellemek gerek. Onda H we U ýaly seýrek duş gelýän witaminler bar, birinjisi bedendäki beloklaryň we ýaglaryň alyş-çalşyna jogapkär, ikinjisi aşgazanyň diwarlarynda bolup bilýän ýaralaryň bejergisine kömegini ýetirýär.

Mundan başga-da, reňkli kelem A, E, B, C witaminlerini hem-de mis, kaliý, magniý, kalsiý, ftor, demir, ýod we fosfor ýaly witaminleri düzüminde saklaýar.

Üns beriň: Bu makala diňe ir maglumat bermek maksatlydyr. Bu hili peýdaly önümlerden erbet maksatly peýdalanmazdan, doly hukukly bejergini çalyşmaga synanyşmaly däldir.

Peýdalanylan çeşmeler: nart.ru; style.rbc.ru; www.kp.ru; ria.ru; vogorode.info.

Surat: freepick.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar