Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazly suwuň aşhanada peýdalanyp bolýan täsin aýratynlyklary

0
22874

Gazly suw diňe bir teşneligiňi gandyrýan içgi bolman, eýsem onuň başga-da peýdaly aýratynlyklary bardyr. Tejribeli aşpezler ony naharlary we marinadlary taýýarlamakda hem ulanýarlar.

Aşakda görkezilen reseptlerden peýdalanyp, gazly suw bilen taýýarlanan naharlaryň tagamly we süýji bolýandygyna göz ýetirersiňiz.

Pirog

Pirog taýýarlamak üçin gerek boljak önümler şulardan ybarat:

  • Şeker — 360 gram;
  • Un — 520 gram;
  • Gabartma tozy — 10 gram;
  • Ýumurtga — 4 sany;
  • Gazly suw — 200 ml;
  • Ösümlik ýagy — 200 ml.

Ýumurtga bilen şekeri gowy edip garmaly we suwgaltmaly. Soňra oňa wanilin, ösümlik ýagy we unuň bir bölegini goşmaly. Unuň galan bölegini gabartma tozy bilen garyp, ýuwaş-ýuwaşdan hamyra goşuň. Iň soňunda gazly suwy guýuň we hamyry bir görnüşe getiriň. Hamyryň ýarysyny bir gaba ýaýradyň, miwelerini goýuň we oňa hamyryň galan bölegini goşuň. Torty 40-45 minutlap 180 dereje gyzdyrylan howurpeçde bişiriň.

Bu hili pirogy diňe dürli miweleriň we gök önümleriň goşulmagy bilen däl-de, eýsem dogralan hoz, guradylan miweler ýa-da dalçyn bilen hem taýýarlap bolýar.

Pakmaýaly hamyr

Ýumşak we çişýän hamyry taýýarlamak üçin oňa gazly suwy goşmak bolar. Şonuň bilen birlikde, ony has köp un bilen taýýarlamaly däldir, hamyr ýumşak bolmalydyr. Bu hili taýýarlanan hamyry piroglary, pizzalary we beýleki süýjülikleri taýýarlamakda hem peýdalanyp bolar.

Marinad

Çişlik taýýarlananda peýdalanylýan meşhur marinadda etiň ýumşak bolmagy we çişmegi üçin gazly suw ulanylýar. Şeýle marinad üçin otlar, goşundylar, sogan we gazly suw peýdalanylýar. Şol bir wagtyň özünde goşulan suwuklygyň mukdaryny sazlamaly we etiň suwda ýüzmeginiň öňüni almaly. Eti bir sagatlap garanyňyzdan soň, kadaly gowurmaly.

Görşüňiz ýaly, gazly suw aşpeziň elinde bolmaly hökmany önümleriň biri bolup durýar.

«Täjir Ýyldyzy» hususy kärhanasy 2019-njy ýyldan bäri «Buzly Dag» haryt nyşany bilen alkogolsyz gazly we gazsyz suwlaryň dürli görnüşlerini öndürip gelýär. Kärhananyň öndürýän içgileriniň hatarynda 20 dürli miweli gazlandyrylan içgiler, arassa gazly we gazsyz suwlar bar. Kärhana sagatda 6000 sany çüýşe gaply suwlary, 10000 sany bolsa plastik gaply içgileri öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýa enjamlary we programma üpjünçilikli dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen.

«Buzly Dag» dükanynyň ýerleşýän salgysy: Änew şäherçesi, Telekeçiler köçesi, 12-nji jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar