Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Duzmy ýa-da şeker: haýsysy zyýanly?

0
19591

Saglygymyz üçin bularyň haýsy biri has zyýanly — duzmy ýa-da şekermi? Bu sowala takykdan kesgitli jogap berip bolmasa gerek, sebäbi bu iýmitleriň ikisi hem gereginden artyk mukdarda kabul edilen ýagdaýynda bedene belli bir derejede zyýan ýetirip biler.

Aşhana duzy we şeker — nahara ýa-da beýleki iýmitlerimize goşmaga endik eden iki sany ak maddamyz. Şeýle-de bolsa, howp bir çemçe duzda ýa-da şekerde däl-de, eýsem taýýar we ýarym taýýar önümlerde köp bolan görünmeýän täsirli goşundylarda bolýar.

Miwe içgileri, ketçuplar, souslar, ýogurtlar — şeker dürli önümlerde, hatda tagamy süýji bolmadyk zatlarda-da gizlenip bilýär. Bir stakan miwe içgisinde 25 grama çenli şeker bolup biler. Bu edil 4 çaý çemçesi şeker bilen deňdir!

Duz — gazly suw, şöhlat, ýarym taýýar önümler we çipsiler bilen aýrylmaz baglydyr. Ol diňe bir tagam bermek bilen çäklenmän, suwsadýar, şekerli içgileri köp içmegimize sebäp bolýar we şeýlelik bilen şekerimizi artdyrýar.

Ýokary derejede gaýtadan işlenen iýmitlerde diňe bir duz we şeker däl, eýsem kaloriýa, doýgun ýag we trans ýagy hem bar.

Kadaly möçber we teklipler

Duzuň her günde kabul edilmeli kadaly möçberi 5 gramdyr. Şeýle-de bolsa, statistikalara görä, adamlar bir günde, takmynan, ortaça 12 gram duz iýýärler. Bu bolsa bedeniň işlemegi üçin zerur bolan möçberinden 2,5 esse köpdür.

Şekeriň sarp ediliş derejesi aýratyn bolup, ol adamyň jynsyna, ýaşyna we işjeňligine baglydyr. Ýöne şekeriň diňe bir madda däl, eýsem glýukoza we fruktoza garyndysydygyna hem düşünmek möhümdir.

Günde 25-40 gram rugsat berilýän iň ýokary mukdar, ýöne iýmitdäki uglewodlaryň umumy paýyny (gündelik kaloriýanyň 30-40%-ine çenli) çäklendirmäge synanyşmak has gowudyr.

Duzuň gipertoniýanyň ösmegine täsiri

Onýyllyklaryň dowamynda iýmitlenmekde artykmaç duz sarp edilmegi bedende suwuklygyň saklanmagyna sebäp bolýar diýilýär. Bu bolsa öz gezeginde gan damarlarynyň gysylmagyna sebäp bolup, gan basyşynyň ýokarlanmagyna we gipertoniýanyň ösmegine getirýär.

Bu giňden ýaýran pikiriň tersine, 2014-nji ýylda Fransiýada 8000 adamyň gatnaşmagynda geçirilen gözleg sarp edilýän duzuň mukdary bilen sistolik gan basyşynyň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugyny mälim etdi. Barlagyň netijeleriniň sagdyn ýaşlar bilen geçirilendigine üns çekmek möhümdir. 50 ýaşdan uly adamlarda ýa-da beýleki kesellerde duzuň gan basyşyna täsiri dürli hili bolup biler.

Aslynda, şeker näme sebäpden howply bolup biler?

15 000 töweregi adamyň saglygynyň giňişleýin seljermesi goşulan şekeriň aşa köp sarp edilmeginiň statistik taýdan şular bilen baglydygyny ýüze çykardy:

• artykmaç agram almak;
• abdominal semremegiň döremek töwekgelçiligi;
• 2-nji görnüşli süýji keseli;
• gipertoniýa;
• ýürek-damar keselleri.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň şeker sarp etmek bilen bagly maslahatlary köp sanly dietologlaryň maslahatlaryndan has çynlakaýdyr. BSG bu babatda gündelik kaloriniň şeker görnüşinde 10%-den köp bolmadyk derejede sarp edilmegine rugsat berýär.

Duz ýa-da şeker: netijede haýsysy zyýanly?

Duz bilen şekeri zyýanlylygy taýdan deňeşdirmek o diýen bir dogry hem däl.

Iki madda hem köp adamyň pikir etmeýän ultra-gaýtadan işlenen iýmitlerinde köp mukdarda bolýar. Belli bir goşunda ünsi çekmegiň ýerine umumy iýmitleniş ýalňyşlyklary hakda gürrüň etmek has ýerliklidir:
• artykmaç kaloriýa;
• tiz uglewodlaryň agdyklyk etmegi;
• doýgun ýaglaryň aşa köp sarp edilmegi;
• süýümleriň, witaminleriň we minerallaryň ýetmezçiligi.

Ine, hut faktorlar bilelikde saglyga ýaramaz täsir edýär.

Näme etmeli?

Ultra-gaýtadan işlenen iýmitleriň sarp edilmegini çäklendiriň. Etiketkalary üns bilen okap, duzuň, şekeriň hem-de beýleki ýokumly maddalaryň mukdaryna ähmiýet bermeli. Täze, ter iýmitleri saýlamaga çalşyň.

Üns beriň! Makala diňe maglumatlar bilen tanyş etmegi maksat edinýär.

Peýdalanylan çeşme: fitseven.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar