Top.Mail.Ru

Gyşa ätiýaçlyk witaminler: Miwelerdir gök önümleri nädip doňdurmaly we guratmaly

0
35884

Gyş gamyny ýaz iý diýleni. Edil häzir ýaz bolmasa-da, adamlaryň keýpi ýaz ýaly şu günlerde. Köpler üçin dynç alşyň sapaly döwründe gyş üçin gök önümleridir kompotlary ýapynýan bolsak, miweleridir bakja önümlerini doňduryp hem-de guradyp hem olary witamini bilenjik gyşa ýetirmek mümkin. Muny nädeňde gowy bolarka?

Tomus hasylyndan ter miweleriň witaminlerini, ysyny hem-de datly tagamyny iki hili usul bilen gyşa ýetirip bolar: doňdurmak we kakatmak.

Nädip doňdurmaly?

Ýygmak. Miweler täze, ter bolmaly, köp wagt geçmedik hem-de zepersiz bolmalydyr.

Taýýarlyk. Sowuk suwda ýuwmaly, baldaklaryny we beýleki iýip bolmaýan böleklerini kesip aýryp, guratmaly. Zerur bolsa kublara, dilimlere we ş.m bölmeli. Doňdurmazdan ozal, käbir gök önümleri 2-3 minutlap gaýnadyp, soňra sowuk suwda sowatmak maslahat berilýär. Bu usul iýmitleri zaýalap bilýän mikroorganizmleri we fermentleri ýok etmäge kömek edýär. Şeýle-de blanşirleme reňkini we gurluşyny goramaga mümkinçilik berýär. Kelem, käşir, brokkoli, ýaşyl nohut ýaly önümleri blanşirläp bolar.

Gaplamak. Önümleri ýörite haltajyklara ýa-da gaplara gaplaň. Miwe we miwe bölekleriniň biri-birine ýelmeşmeginiň öňüni almak üçin, biri-birine degmezlikleri üçin olary tarelkalara paýlap, öňünden doňdurmak hem bolýar. Diňe şondan soň gaplara ýerleşdirseňiz dogry bolar. Iň gowsy önümleri ownuk bölek görnüşlerinde doňdurmak amatly bolar.

Saklamak. -18 ° C temperaturada gök önümleri, fruktlary we tokaý miwelerini 12 aýa çenli, eger doňduryjynyň temperaturasy -12 ° C-den hem ýokary bolsa, onda olar 4 aýa çenli saklanyp bilner.

Doňdurmak üçin erik, garaly, armyt, şetdaly, malina, smorodina, ülje, käşir, ýaşyl nohut, mekgejöwen, ysmanak, kabak, kädi, bolgar burçy we başga-da köp zat amatlydyr.

Käbir peýdaly maslahatlar:

  • gök önümlerden çorbalara we beýleki naharlara goşmak üçin taýýar goşundy toplap bolýar;
  • önümi tiz doňduryň, ýöne doňundan açjak bolan mahalyňyz mikrotolkun peçde ýylatmak ýaly usuly ulanmaň, otag temperaturasynda ýuwaş-ýuwaşdan açylsa hem bolar;
  • Doňdan açylan miweler gaýtadan doňdurylmaly däldir.

Surat: ru.freepik.com

Gök önümleri we miweleri nädip guratmaly?

Ýygmak. Peýdaly çipsleri ýasamak üçin şular amatlydyr: kädi, badamjan, kabak, gök alma, armyt, garaly, malina, ýertudana.

Taýýarlyk. Ter we täze ýygylan miweleri ýuwmaly-da, inçe dilimlemeli (3-5 mm). Soňra olary duzly suwda 5 minutlap çyglamaly. Alma, garaly we armyt ýaly miweleri limon kislotasy bilen suwda çyglamaly. Şonuň üçin miwe daşky görnüşini has gowy saklaýar we has tagamly bolar. Soňra bolsa kagyz süpürgijiň üstünde goýuň-da, guradyň.

Guratmak. PP-çipslerini howurpeçde guradyp bilersiňiz. Munuň üçin çörek bişirilýän kagyzyň ýüzüne pergament goýuň we boş ýerleri bir gatda goýuň. Miweleridir gök-bakja önümlerini 80 gradusdan ýokary bolmadyk temperaturada 8-12 sagatlap guradyp bolar. Bu ýagdaýda gök önümleri ýa-da miweleri wagtal-wagtal öwrüp, garyp durmaly. Howurpeç howanyň aýlanmagy üçin birneme açygrak bolmaly. Şeýle hem bu önümleri Güne ýa-da ýörite guradyjylarda guradyp bilersiňiz.

Saklamak. Miweleriň taýýar edilen bölekleri otag temperaturasynda sowatmak üçin goýulmaly. Taýýar çipsleri kagyzda ýa-da mata haltajyklarda saklaň.

Doňdurmak we guratmak tomus hasylyny uzak wagtlap saklamaga, sowuk möwsümde bolsa tomsuň ajaýyp miweleriniň peýdasyndan we tagamyndan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Bu usullary synap görüň, ökünmersiňiz!

Peýdalanylan çeşmeler: epicentrk.ua; championat.com; justcoolidea.ru; lifehacker.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar