Soňky habarlar

Arhiw

Günurmada ilkinji kömek nähili berilýär?

0
5499

Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi wajyp ähmiýete eýedir. Olar az mukdarda adam bedenine, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr. Başgaça aýdylanda, olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Her bir adam çagalykdan başlap, Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar, ýagny, ilki mylaýym ýylylyk, soňra derisiniň gyzarmagy, Gün şöhlesiniň uzak wagtlap endamyna täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Gün uran adamda ilkibaşda ýadawlyk, ysgynsyzlyk, kelleagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär, gaýtarmagy mümkin. Soňra gulaklarynda ses, demgysma, ýüregi çalt urmagy mümkin. Şeýle alamatlar ýüze çykanda, Gün uran adama gyssagly ýagdaýda ilkinji kömek berilýär. Munuň üçin ilki bilen, Gün uran adamy salkyn ýere (agajyň saýasyna, kölegä, salkyn otaga) geçirmeli. Soňra onuň kellesine sowuk kompress goýmaly. Eger-de Gün uran adam huşunda bolsa, salkyn suw bermeli, huşuny ýitiren bolsa, naşatyr spirtini ysgadyp, huşuna getirilensoň, gapdala öwürmeli. Tiz kömegi çagyrmaly.

Günden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşikleri, başgaplary geýmeli, Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmaly. Tomsuna köp mukdarda agyz suwuny ýa-da gök çaý içmeli. Günüň gös-göni täsirinden goranmaly! Gök önümleri köpräk iýip, agyr, ýagly iýmitleri gündelik iýmitiň düzüminde çäklendirmeli.

Saglyk durmuş ýörelgesine eýermek saglygyň girewidir.

Çeşme: "Bereketli toprak" gazeti.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar