Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 27-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
2705

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

Tapawut 10 utuk: Tapgyryň duşuşyklaryndan soň ýaryş tertibiniň üçünji, dördünji we bäşinji orunlarynyň eýeleri «Şagadamyň» (49), «Köpetdagyň» (39) we «Energetigiň» (29) hersiniň arasynda 10 utuklyk tapawut emele geldi.

Täze golçy ýok: Bu tapgyrda möwsümde ilkinji gollaryny geçiren täze bir futbolçy ýok. Tapawutlanan futbolçylaryň sany 91-ligine galýar.

10 tapgyrdan soňra ýene 7 gol: Dört duşuşykda derwezelere 7 pökgi geçirildi. Mundan ozal 17-nji tapgyr 7 gol bilen tamamlanypdy.

278 gol: Şeýlelikde, möwsüm boýunça geçirilen gollaryň sany 278-e çykdy.

“Aşgabat” – “Nebitçi” – 2:2

Gollar: 21 Şatlyk Gurbanow, 44 Batyr Täçnazarow ― 52 Nurtagan Mämmetalyýew, 56 Azat Garajaýew.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 2:1

Üçünji aýlawda: 2:1

Möwsüm boýunça: 6:5

40-dan aşa gol: Şatlyk Gurbanowyň geçiren pökgüsi «Nebitçiniň» derwezesine Ýokary liganyň şu möwsüminde geçirilen 40-njy gol boldy.

Tejribe goragçy görelde görkezýär: Azat Garajaýew «Nebitçiniň» soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandy.

Garajaýew «Nebitçiniň» bäşliginde: Şahsy hasaplamalarymyza görä, «Nebitçiniň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri 17-nji pökgüsini geçiren Azat Garajaýew şol möwsümden bäri toparda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi.

“Şagadam” – “Energetik” – 0:0

Birinji aýlawda: 2:2

Ikinji aýlawda: 4:1

Üçünji aýlawda: 3:1

Möwsüm boýunça: 9:4.

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 0:2

Gollar: 65 Merdan Muhadow, 67 Altymyrat Annadurdyýew.

Birinji aýlawda: 0:2

Ikinji aýlawda: 0:1

Üçünji aýlawda: 1:5

Möwsüm boýunça: 1:10.

10-njy utulyş: «Köpetdag» şu möwsümde 10-njy gezek ýeňildi.

Birinjilige şärik: Möwsümdäki gollarynyň sanyny 12-ä çykaran Altymyrat Annadurdyýew bombardirlik ýaryşynyň öňdebaryjysy Didar Durdyýew bilen deňleşdi.

“Merw” – “Ahal” – 0:1

Gol: 33 Pirmyrat Sultanow.

Birinji aýlawda: 0:3

Ikinji aýlawda: 0:1

Üçünji aýlawda: 0:1

Möwsüm boýunça: 0:6.

20-nji şowsuzlyk: «Merw» möwsümde 20-nji gezek utuldy.

40-njy gol: Pirmyrat Sultanow «Ahalyň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 40-njy goluny geçirdi.

50-nji gol: Şol bir wagtyň özünde bu gol möwsümde «Merwiň» derwezesine geçirilen 50-nji gol boldy.

50 utukly ikinji topar: Bu ýeňişden soň utugyny 51-e çykaran «Ahal» möwsümde 50 utuklyk sepgide ýetip bilen ikinji topar boldy.

Sultanow 10-luga girdi: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Pirmyrat Sultanow 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 55-nji pökgüsini geçirip, şol möwsümden bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi. Dokuzynjy orundaky Elman Tagaýewde 58 pökgi bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar