Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen toparlary AFK-daky çykyşlaryny tamamladylar

0
17730

Türkmen toparlary AFK-nyň ýaryşlaryndaky çykyşyny bu möwsümde-de ýene toparçalaýyn tapgyrda tamamladylar. Olara Çempionlar ligasynda-da, AFK-nyň kubogynda-da ýaryşy dowam etdirmek başartmady. Makalamyzda yklym ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik eden toparlaryň şu ýylky geçen ýoluna gysgaça göz aýladyk.

«Ahal». Dogrusyny dogry aýtmaly, heniz bije çekilmänkä-de, bijeler çekilensoň hem «Ahal» ýaryşyň autsaýderleriniň arasynda görülýärdi. Hatda, türkmenistanly janköýerler hem bu ýagdaýy kabul etdi. Ýöne Serdar Geldiýewiň şägirtleriniň toparçadaky ilkinji duşuşygynda «ýyldyzlar ligasynyň» ― Saud Arabystanynyň wekili «Al-Feýhany» garaşylmadyk ýagdaýda ýeňmegi edil dünýä futbolynda bolmasa-da, Aziýa futbolynda sensasiýa hökmünde kabul edildi. Ýogsam, «Al-Feýhanyň» baş tälimçisi topar myhmanhana ýerleşen dessine «Aşgabat» stadionyna alyp gelip, sintetik örtükli meýdan bilen oýunçylary uýgunlaşdyrmaga çalyşdam. Ýöne «Ahal» bu duşuşykda barybir «Ahallygyny» etdi ― güýçli garşydaşy bir gol bilen hem bolsa ýeňdi.

BAE-niň Al-Aýn şäherinde geçirilen ikinji tapgyryň duşuşygy hem janköýerleriň umydyny o diýen bir söndürmedi. «Ahal» şäher bilen adybir topardan 2:4 hasabynda ýeňlen hem bolsa, birinji tapgyrda Özbegistanyň «Pahtakoryny» 3:0 hasabynda ýeňen toparyň derwezesine, iň bolmanda, iki pökgi girizip bilipdi.

Ýöne üçünji tapgyrda Özbegistanda «Pahtakor» bilen bolan duşuşykda «Ahal» bütinleý diýen ýaly çäresiz galdy. Aşgabatdaky, Al-Aýndaky «Ahal» bilen Daşkentdäki «Ahalyň» arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bardy Ine, şol tapawut hem Serdar Geldiýewiň şägirtleriniň 0:3 hasabynda utulmagyna sebäp boldy.

«Ahal» şol bir «Pahtakory» 14 gün soňra Aşgabatda tas ýeňýärdi. Özbekleriň çempionyny ýeňlişden diňe 95-nji minutda geçirilen gol halas etdi. 28-nji noýbarda bolsa «Al-Feýha» özüni Aşgabatda ýeňen «Ahaldan» aryny Er-Riýad şäherinde 3:1 hasabyndaky ýeňiş bilen aldy.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda bolsa «Al-Aýn» «Ahaly» diňe iki sany 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde utup bildi.

Şeýlelikde, köp ýyllyk arakesmeden soňra Aziýanyň birinji derejeli ýaryşyna gaýdyp gelen türkmen toparlary ýene bu ýaryş bilen hoşlaşmaly boldular. Indiki arakesmäniň näçe ýyla çekjekdigi belli däl, çünki heniz klublaýyn reýtingimiz yklymyň iň güýçli toparlarynyň arasyndaky ýaryşa goşluşmaga mümkinçilik berenok. Hatda biz bu mümkinçilikden entek birnäçe basgançaklyk uzakda. Aziýada basgançakdan-basgançaga bolsa ep-esli ýeňiş bilen dyrmaşmalydygyny bilýäris.

«Altyn asyr». 2018-nji ýylyň finalçysynda nesil çalşygynyň geçirilýändigi aýan-aýdyň görünýär. Dogry, Ýazguly Hojageldiýew täze ýaş we zehinli oglanlary ýüze çykarýar. Ýöne bu oglanlar heniz-ä «Abdyş-Ata» ýaly gyrgyz toparyna-da diş geçirerden ejiz.

Mundan birnäçe ýyl ozal hem biz janköýer hökmünde toparlarymyzyň gyrgyz toparlaryndan utulmajakdygyna ynanýardyk. Hatda ýurduň birnäçe gezek çempiony «Dordoýam» «Altyn asyr» bilen «Ahaldan» emgeniberýärdi. Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda esasy garşydaşlarymyz hökmünde özbek we täjik toparlaryny görýärdik. Bu ýyl bolsa diňe ildeşimiz Teýmur Çaryýewiň AFK-da ýaryşy dowam etdirip biljekdigine begenip bileris. Eger onuňam ýylyň ahyrynda şertnamasy tamamlanmasa, tamamlansa-da, dowam etdirseler...

Toparçalaýyn tapgyrda üç ýeňiş gazanan hem bolsa, bu ýeňişler «Altyn asyryň» janköýerleriniň göwnüni awlamagy üçin ýeterlik bolmady. Birinji tapgyrda «Abdyş-Atadan» 0:3 hasabynda utulyp, ikinji tapgyrda-da Aşgabatda «Rawşany» ýeňip bilmedik «aragatnaşykçylar» eýýäm şol tapgyrlarda tamamyzy tala daňdylar. Hernä, topar üçünji we dördünji tapgyrlarda «Merwi» ýeňip, biraz umytlandyrdy. Eger bäşinji tapgyrda «Abdyş-Atany» uly hasap bilen ýeňip bilen bolsak, «Altyn asyr» ýene toparçadan çykmaga umtylanardy. Ýöne, şol duşuşykmy?..

Agyr güni ýatlap oturmagyň hajaty hem ýok. Bary-ýogy 15 minutda «Abdyş-Atanyň» derwezesine iki gezek göni ýol tapan «Altyn asyryň» bary-ýogy 20 minutda dört gol iýmegi asla bagyşlap bolmajak ýagdaý. Teýmur Çaryýew we topardaşlary tutuş Aziýanyň meşhur «Altyn asyryny» çäresiz galdyrdylar. Şol ýeňişden soň Ýazguly Hojageldiýewiň sowuk gyş gününde myhmançylykda «Rawşany» ýeňmeginiň uly bir ähmiýeti hem galmady.

«Merw». Ilkinji iki tapgyrda «Merw» «Altyn asyrdan» gowy oýny görkezdi» diýsek, biz bilen ylalaşsaňyz gerek. Mary şäheriniň topary myhmançylykda «Rawşana», Aşgabatda bolsa «Altyn asyry» uly hasaplar bilen ýeňen «Abdyş-Ata» boýun egmedi. Topar «Altyn asyr» bilen geçiren duşuşyklarynda-da utulsa-da, owadan oýny orta goýdy. Şol duşuşyklary synlap: «Şeýle gowy oýnaýan «Merw» näme üçin milli çempionatymyzda iň soňky orundaka?» diýdik.

Aşgabatda ýene-de «Rawşandan» utulmadyk «Merw» dek düýnüň özünde gyrgyz garyndan örän asgyn geldi. Garly gündäki, garly stadiondaky duşuşykda «Abdyş-Ata» «Merwiň» derwezesinden öňki-soňky geçirmedik gollaryny geçirip, 8:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Yklym ýaryşlaryna 17 ýyllyk arakesmeden gaýdyp gelen «Merw» şu ýylky ýagdaýy bilen ýene birnäçe ýyllyk «dynç alşa» çykjaga meňzeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar