DÇ-2026-nyň saýlama tapgyry: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň tertipnamasy

0
44080

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyna saýlama oýunlaryň ikinji tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy.

16-njy noýabrda badalga aljak saýlama oýunlaryň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy topary Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Gonkongyň milli ýygyndylary bilen garşydaş bolar.

Bütin ikinji tapgyryň çäklerinde türkmen futbolçylary jemi 6 — şu ýylyň noýabrynda 2 duşuşyk, geljek ýylyň mart we iýun aýlarynda bolsa 4 duşuşyk geçirerler.

Tapgyryň ilkinji oýnunda türkmenistanlylar 16-njy noýabrda Aşgabatda Özbegistanyň ýygyndysyny kabul ederler, soňra bolsa Mergen Orazowyň tälim berýän ýygyndy topary myhmançylykda Gonkongyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk 21-nji noýabrda bolar.

Dünýä çempionaty — 2026-nyň üçünji saýlama tapgyryna her toparçadan iki sany tapawutlanan ýygyndy çykar. Şunlukda, olar şeýle hem Aziýanyň Kubogy-2027 ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyrda geçirjek duşuşyklarynyň tertipnamasy:

“E” toparça

1-nji duşuşyk, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry

Türkmenistan — Özbegistan

2-nji duşuşyk, 2023-nji ýylyň 21-nji noýabry

Gonkong — Türkmenistan

3-nji duşuşyk, 2024-nji ýylyň 21-nji marty

Eýran — Türkmenistan

4-nji duşuşyk, 2024-nji ýylyň 26-njy marty

Türkmenistan — Eýran

5-nji duşuşyk, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuny

Özbegistan — Türkmenistan

6-njy duşuşyk, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny

Türkmenistan — Gonkong

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar