Aşgabat-2023: Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada belläýmeli aýratynlyklar

0
17966

Paýtagtymyzyň ýene bir sport baýramçylygyny – Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek günlerine 10 günden hem az wagt galdy. Iri ýaryşlary, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryny ýokary derejede geçirýändigi bilen hemişe-de halkara jemgyýetçiligiň ýokary bahasyna mynasyp bolýan döwletimiz jahanyň iň güýçli pälwanlaryny jemlejek ýaryşa hem ykjam taýýarlykly barýar. Çempionata galan barmak büküp sanaýmaly günleriň gurşawynda ol barada käbir maglumatlara ünsüňizi çekmek isledik.

24 ýyllyk ýoluň 14-nji duralgasy

Dünýä çempionaty Kuraş boýunça halkara assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýär. Assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal – 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda assosiasiýa milli federasiýalaryň 118-sini özünde birleşdirýär. Olaryň 32-si Aziýa, 22-si Afrika, 33-si Ýewropa, 22-si Demirgazyk we Günorta Amerika yklymlaryna, 9-sy bolsa Okeaniýa wekilçilik edýär.

Sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Aşgabat bu sport boýunça taryhynda ilkinji, umumylykda bolsa 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder.

60 medal üçin ýüzlerçe türgen!

Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 50-ä golaý ýurtdan 240-a golaý türgeniň paýtagtymyza gelmegine garaşylýar. Sport bilermenleriniň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynda türkmenistanly, özbegistanly we eýranly türgenleriň has gowy netijeleri görkezmegine garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, çempionatda medallaryň 60-sy üçin göreşiler. Bu bolsa her agram derejesinde dört türgeniň medal gazanyp biljekdigini görkezýär. Has takygy, agram derejeleriniň her birinde bir altyn, bir kümüş we iki sany bürünç medalyň eýesi kesgitlener.

15 türgen 15 medala dalaşgär!

Dünýä çempionaty agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler. Olaryň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşa degişlidir. Has takygy, erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýaryşlar geçiriler.

Türkmenistan dünýä çempionatyna 15 türgen bilen gatnaşar.

Türkmen eminlerine uly ynam

Ýurdumyz dünýä çempionatyny diňe bir kabul ediji ýa oňa gatnaşyjy däl-de, eýsem, adalatly eminlik bilen hem görelde görkezer. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa dünýä çempionatynyň tutluşyklarynda türkmenistanly hünärmenleriň dördüsine eminlik etmegi ynandy.

Olardan Rejepbaý Aşyrow bilen Feruddin Hudaýberdiýew iki ýyldyzly, Kuwwat Nuryýew bilen Öwezmuhammet Atalyýew bolsa bir ýyldyzly eminlerdir. Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Kuraş boýunça halkara assosiasiýa tarapyndan eminleriň we tälimçileriň gysga möhletli okuwlary geçiriler. Şol okuwlardan soň, synaglaryny üstünlikli tabşyran eminlere we tälimçilere nobatdaky derejeler berler.

Meýletinçiler – baş kömekçiler

Islendik iri sport ýaryşynyň ýokary derejede geçirilmeginde meýletin kömekçilere uly orun degişlidir. Biz meýletinçileriň ýaryşa gatnaşyjylara, eminlere, sport wekillerine, tomaşaçylara, şol sanda sport žurnalistlerine hem nähili ýardam berýändigine paýtagtymyzda geçirilen ozalky ýaryşlardaky tejribämizde şaýat bolduk.

Dünýä çempionatynda işlemek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan meýletinçileriň 300-e golaýy taýýarlanyldy. Olar bilen degişli okuwlar geçirilip, her bir meýletinçiniň etmeli işleri anyklaşdyryldy. Guramaçylygyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, meýletinçileri taýýarlamakda hem halkara tejribeden ugur alyndy.

* * *

Şeýlelikde, ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ýene bir sport baýramçylygyna barýar. Çempionat, ozal hem habar berşimiz ýaly, 23 – 28-nji noýabr aralygynda geçiriler. Goý, bu alty gün watandaşlarymyza diňe buşlukly habarlary ýetirjek günlerimiz bolsun!

Agageldi ITALMAZOW.

«Türkmenistan».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar