Täsin ykbally meşhur küştçi

0
21359

Robert Fişer — dünýä belli küştçi. Özem zehinli we başarnykly küştçi. Ol 1943-nji ýylyň 9-njy martynda Çikagoda doglupdyr.  Küşt oýnamagy oňa  uly uýasy Joanna öwredipdir, tagtada şekilleri süýşürmegi Bobbiniň özi öwrenipdir (Bobbi Robertiň ýörgünli ady). Mahlasy, bu ýaş zehin küşte durky-düýrmegi bilen berlipdir we eýýäm 14 ýaşynda ABŞ-nyň iň ýaş çempiony bolupdyr. Onuň üçin küşt tagtasyndan daşarda hiç hili dünýä ýok ýaly görnüpdir. Deň-duşlary bilen gürleşmändir, sebäbi olar küşte gyzyganok ekenler. Ol ajaýyp ýatkeşlige eýe bolupdyr, özem daşary ýurt dillerini öwrenmäge ukyply eken.

Ol küşte degişli edebiýatlary nemesçe, iňlisçe, ispança, rusça asyl nusgasynda okap bilipdir. 10 ýaşynda Bobbi özüniň ilkinji küşt ýaryşyndaky ýeňşini gazanypdyr, ýöne   muňa kän bir ähmiýet bermändir. 13- ýaşynda ABŞ-nyň ýaşlarynyň arasynda çempion, 14-ýaşynda bolsa ýurduň uly ýaşly küştçüleriniň arasynda çempion bolýar. Şondan soň bir ýyl geçensoň, ol  mekdebi taşlap, özüni ymykly küşte bagyşlamak kararyna gelýär we eýýäm on alty ýaşynda dünýäde iň ýaş grossmeýster bolmagy başarýar. 1972-nji ýylda ol özüniň  küşt älemindäki esasy ýaryşyň ýeňijisi bolýar we ABŞ-nyň milli gahrymanyna öwrülýär. Ýöne şondan soň ol bir gezegem resmi oýun geçirmeýär, ähli gazanan şöhratyny ýitirýär we terkidünýälige baş urýar. Ady rowaýata öwrülen küştçiň synýan döwri başlanýar, 1975-nji ýylyň 3-nji aprelinde bolsa dünýäniň küşt çempiony diýen adyndan mahrum edilýär.

Onuň geçiren oýunlary hakda  aýdara nusgalyk zatlar az däl. Meselem, 1972-nji ýylda ol russiýaly meşhur küştçi Boris Spasskiý bilen dünýäniň çempiony diýen ady almak ugrunda bäsleşýär. Bu küşt ýaryşy Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikde geçirilýär we oýun Fişeriň haýryna tamamlanýar.

Şahsy durmuşy hakda aýdylanda, Fişer  1990-njy ýyllarda Fişer Kaliforniýada ýalňyz ýaşaýar, soň Wengriýa, boýdaşynyň ýanyna gidýär. Ýugoslawiýada ýaryş geçýärkä, ol amerikan hökümetiniň salgysyna tankyt bilen çykyş edýär we  ýurda gelmek hukugyny ýitirýär. Şonuň üçinem indi eýýäm ýurdunda tas ýatdan çykarylan Fişer 2000-nji ýyllarda Filippinler adasyna barýar. Aziýada pasportynyň möhleti tamamlanandygy üçin, ony tasdanam ABŞ-a ugradypdylar, ýöne Fişeriň birnäçe ýyl mundan ozal çempion bolan ýurdy Islandiýa oňa syýasy gaçybatalga berýär we ol şo taýda ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar we 64- ýaşynda aradan çykýar.   

Dursun Tekäýewa, žurnalist.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar