Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowany 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady

06:3602.05.2024
0
18559

Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa 70 ýaş ýubileýi mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutany gutlag hatynda şeýle belleýär:

«Hormatly Çynar Rüstemowa! Sizi ýaş toýuňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siz uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, eziz Watanymyz Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýärsiňiz. Siz özüňizi eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly ynsan, ussat diplomat, işbaşarjaň guramaçy, talabediji ýolbaşçy hökmünde görkezmegi başardyňyz. Özüňize ynanylan wezipeleri, borjuňyza ýokary derejede düşünip, ak ýürekden, nusga alarlyk derejede ýerine ýetirip gelýärsiňiz. Siz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berýärsiňiz. Bu ugurda baý durmuş we iş tejribäňizi ýaşlara öwretmek boýunça zerur işleri alyp barýarsyňyz. Tejribeli diplomat hökmünde ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmäge-de öz şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz. Siziň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, ak ýürekli, tutanýerli zähmetiňize eziz Watanymyz, mähriban halkymyz ýokary baha berdi. Siz köp sanly döwlet sylaglary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Gazanan bu üstünligiňiz guwanmaga mynasypdyr. Siz özüňize ynanylan islendik wezipede yhlasly, halal zähmet çekip, ýaş nesillere nusgalyk görelde bolýarsyňyz. Netijede, Siz görnükli diplomat hökmünde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň arasynda örän uly abraý gazandyňyz.

Hormatly Çynar Rüstemowa! Sizi ýaş toýuňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň