«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy

14:4601.05.2024
0
10430
  «Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy
Surat: report.az

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ösüş strategiýasynyň çäklerinde «Airbus» we «Boeing» uçar öndürijileri bilen olardan 235 uçar satyn almak barada gepleşikleri alyp barýar.

Bu barada Türkiýäniň Milli awiagatnadyjysynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Bolat habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ady tutulan türk kompaniýasynyň on ýyllyk maksatnamasy awiaparkyny 600 uçara çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Onuň häzir 440 uçary bar, olar, esasan, «Airbus» we «Boeing» uçarlarydyr. Kompaniýa dünýäde iň öňdebaryjy uçar gatnawyny amala aşyryjylaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň