Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: 13-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
1552

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Täze 2 golçy: Şu tapgyrdan soňra möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 52-ä çykdy. Aşakdaky maglumatlardan hem görnüşi ýaly, «Nebitçiden» Mämmedaly Karadanow bilen «Şagadamdan» Daýanç Orazgulyýew möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

9 gol: Tapgyrda derwezelere 9 pökgi geçirildi.

110 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 110-a deňleşdi.

 

“Aşgabat” – “Nebitçi” – 2:1

Gollar: 59, 89 Orazberdi Myradow (“Aşgabat”) – 56 Mämmedaly Karadanow (“Nebitçi”)

Myradowdan soňky iki tapgyrda üç gol: Şu ýyl ilkinji gezek bassyr ikinji duşuşygynda ýeňiş gazanan «Aşgabatda» Orazberdi Myradow bu duşuşyklarda üç gezek tapawutlandy. Onuň indi şu möwsümde 4 goly bar.

Karadanow gol bilen gaýdyp geldi: Karýerasyny bombardirlikler bilen bezän tejribeli futbolçy Mämmedaly Karadanow şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Myradow 9-njy dublçy: Orazberdi Myradow şu möwsümiň bir duşuşygynda iki gezek tapawutlanan 9-njy futbolçydyr. Şol bir wagtyň özünde ol «Aşgabadyň» düzüminde muny başaran ilkinji futbolçy boldy.

Her kim öz öýünde rüstem: Iki toparyň arasynda birinji aýlawda (6-njy tapgyr) Balkanabatda geçirilen duşuşykda «Nebitçi» 1:0 hasabynda üstün çykypdy. Şeýlelikde, şu möwsümdäki iki duşuşygyň jemi boýunça «Aşgabat» ― «Nebitçi» 2:2. «Nebitçiniň» düzüminde ýetişen Orazberdi Myradow bolsa bu duşuşyklarda birden artyk tapawutlanan ýeke-täk futbolçydyr.

 

 “Şagadam” – “Energetik” – 4:1

Gollar: 4 Serdaraly Ataýew, 22 Daýanç Orazgulyýew, 62 Yhlas Magtymow, 86 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”) – 75 Pirmyrat Gazakow (“Energetik”)

Ikinjiligiň birinjiligi: «Şagadam» şu möwsümde 20 golluk sepgide ýeten ikinji topar boldy. Şu tapgyra çenli bu sepgide diňe «Altyn asyr» ýetip bilipdi. Ýöne geçirilen gollaryň sanawynda häzir «Şagadam» birinji orunda. «Energetigi» uly hasap bilen «kenarlylarda» indi 22, «Altyn asyrda» bolsa 21 gol bar.

Ataýew Ýokary ligada-da öňdebaryjylaryň hatarynda: Geçen ýyl geçiren gollary bilen gyrgyz janköýerleriniň söýgüsini gazanyp, TOP Liganyň bombardirlik sanawynyň öňdäki hatarlaryndan orun alan Serdaraly Ataýewiň Ýokary ligadaky oýny hem üns bermäge mynasyp. Şu duşuşykda «Şagadamyň» ilkinji golunyň awtory bolan hüjümçi möwsümde bäşinji gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň sanawynda «Ahaldan» Didar Durdyýew, «Altyn asyrdan» Myrat Ýagşyýew bilen bilelikde ikinji orna çykdy.

Magtymow: 3 duşuşykda 3 gol: Tejribeli ýarym goragçy Yhlas Magtymow «Şagadamyň» soňky üç duşuşygynda üç gezek tapawutlandy. Ol jemi 4 gol bilen bombardirlik sanawynyň üçünji ornunda.

«Şagadam» ― uly ýeňişleriň topary: Şu duşuşyk möwsümde 3 gol tapawudy bilen tamamlanan ýedinji duşuşykdyr. Şol ýedi duşuşygyň üçüsinde «Şagadamyň» ady bar, ählisinde-de «Şagadam» ýeňiji.

Yhlas ýerine düşdi: Iki tapgyryň arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşykda «Şagadamyň» soňky minutlarda ýeňşi elden gidirendigini ýazypdyk. Bu gezek «kenarlylar» garaşylmadyk täsinlige ýol bermedi. Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesi boýunça, şu ýyl «Şagadam» ― «Energetik» 6:3. Serdaraly Ataýew bilen Kerim Hojaberdiýew bolsa bu duşuşyklaryň ikisinde hem tapawutlanan futbolçylardyr.

 

 “Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 0:1

Gol: 50 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)

«Altyn asyr» ― ikinji orunda: Nobatdaky ýeňşini gazanan «Altyn asyr» utugyny 22-ä çykaryp, ýaryş tertibinde ikinji orna çykdy.

20 utukly üçünji topar: Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri şu möwsümde 20 utuklyk sepgide ýeten üçünji topardyr. 11 duşuşykda 22 utuk toplan «Altyn asyrdan» başga-da, «Şagadamda» 25, «Ahalda» 20 utuk bar.

Annadurdyýew arany açýar: Möwsümdäki 8-nji goluny geçiren Altymyrat Annadurdyýew bombardirlik ýaryşyndaky iň ýakyn bäsdeşlerinden 3 golluk ara açdy.

Ýene Altymyrat, ýene ýeňiş: «Altyn asyr» «Köpetdagy» birinji aýlawda hem ýeňipdi (2:0). Altymyrat Annadurdyýew bolsa şol duşuşykda-da tapawutlanypdy. Iki duşuşygyň jemi boýunça şu ýyl «Altyn asyryň» futbolçylary «Köpetdagyň» derwezesinden jogapsyz üçüsini geçirdiler.

 

 “Merw” – “Ahal” (geçirilen 18.06.2019 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar