24-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

07:0026.04.2024
0
7320

Şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bu halkara çärä taýýarlyk görlüşi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa Aşgabatda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň