HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär

09:1326.04.2024
0
6744
 HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär
Surat: mir24.tv

Adamlara işde ünsüni sowýan ýa-da saglygyna täsir edýän ýagdaýlar bar, şol sanda bütun dünýäde işgärleriň 1,6 milliarddan gowragy (umumy sanyň 70 göterimi) howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär. Bu barada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) nutugynda aýdylýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

2020-nji ýylyň barlaglaryna laýyklykda, 2,4 milliarddan hem köp adam howanyň ýokary temperaturasy sebäpli, iş ýerinde özüni oňaýsyz duýýar. Bu görkeziji 2000-nji ýyldan bäri 65,5 göterimden 70,9 göterime çenli artdy. 2020-nji ýylda 26,2 million adam işindäki yssy howa temperaturasy sebäpli, ötüşen böwrek keselinden ejir çekdi.

Guramanyň zähmeti goramak şahamçasynyň başlygy Manal Azzi zähmet howpsuzlygyna hem-de arassaçylygyna aýratyn üns bermäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, howanyň üýtgemegi işgärleriň saglygyna güýçli täsir edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň