Soňky habarlar

Arhiw

Halk lukmançylygyndan maslahatlar

0
7015

Azganlylyk.
Şugundyry arassalap, böleklere bölmeli. Olary 3 litrlik banka salyp, üstünde 1 nahar çemçesi duz we şeker atmaly. Soňra banka dolýança gaýnag suw guýup, üç günüň dowamynda saklamaly. Taýýar ergini üç wagtyna ýarym bulgurdan (stakan) içmeli. Erginli bankany sowadyjyda goýmaly.
Ysgynsyzlyk.
Ýarym bulgur gaýnan suwda 1 çaý çemçesi alma sirkesini eretmeli. Her gezek erginiň birazragyny eliň aýasyna guýup, ilki bilen barmaklara, ellere, egne çenli çalyp owkalamy. Soňra ýuwaş-ýuwaşdan bedeniň beýleki ýerlerine geçip, dowam etdirmeli. Ergin bilen owkalamak aýaklaryň barmaklarynda tamamlanmaly. Ýatda saklaň, mata ýa-da polotense ulanmaly däl.
Ýatgy boýunjygynyň ýarasy.
Ýarym çaý çemçesi kastor ýagy, 1,5 çaý çemçesi ary baly, 3 çaý çemçesi aloe şiresini mazaly garmaly. Ergini öňünden taýýarlap goýlan arassa hasa bölegine, eger, mümkin bolsa tampona siňdirmeli. Ýatmazdan öň ýuwnup, tampony ýatgynyň boýunjygyna degrip ýerleşdirmeli. Bejergini 15 gün dowam etdirmeli. Bellik: kastor ýagy we tampony dermanhanalardan alyp bilersiňiz.
Hor çekmek.
Ýatmazdan 3-4 sagat öň burna ösümlik ýagyndan 1-2 damja damdyrmaly. Şeýle-de burnuň içini ýaglamaly. Ösümlik ýaglaryndan günebakar, çasaran (oblepiha) ýa-da mekgejöwen ýagyny ulanmak maslahat berilýär.
Süýji keseli.
6 sogany gabygy bilen ýuwmaly hem-de howurpeçde bişirmeli. (Ak sogan bolmaly däl). Sogan bişensoň, emaý bilen gabygyny aýyrmaly. Her gün 3 wagtyna nahardan öň 2 sany sogany iýmeli. Bejerginiň dowamlylygy 1 aý. Şu bejergiden soň şekeriň gandaky mukdary 6-8 aýyň dowamynda kadaly bolýar. Soňra bejergini ýenede gaýtalamaly.
Bejergi wagtynda agyzdan soganyň ysyny aýyrmak üçin petruşkanyň otuny ýa-da alma iýmek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar