Janköýerler — dünýä çempionatynyň 33-nji ýygyndysy

0
3046

«A» toparça

Russiýa. Russiýanyň milli ýygyndysynyň janköýerleri duşuşyk wagtynda her dürli milli gahrymanlaryň, şol sanda Aýaz babadyr Garpamygyň lybaslaryna girmegi gowy görýärler. Olaryň dilinde bolsa hemişe — «Katýuşa».

Olar özleriniň daşary ýurtly «kärdeşleri» bilen hem hemişe gyzyklanyp durýarlar. Eger Russiýanyň ýygyndysy ilkinji duşuşykda Saud Arabystanyny 5:0 hasabynda utup bilen bolsa, bu üstünlikde «33-nji ýygyndynyň» paýy uludyr.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 2018

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 3

Ýeňşiň tagamy: 1966-njy ýyldaky çempionatda 4-nji orun (SSSR)

Özlerini nähili atlandyrýarlar: ruslar, Rus

Reňki: ak-gök-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Sankt-Peterburg, Moskwa, Samara.

 

Saud Arabystany. Olar özlerini, köplenç, «Çölüň ogullary» diýip atlandyrýarlar. Milli lybas bolsa duşuşyklaryň aýrylmaz parçasy. Ýaşyl baýdak olaryň hemişe ellerinde.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: 1994-nji ýylda 1/8 final

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Çölüň ogullary»

Reňki: ýaşyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Don boýundaky Rostow, Wolgograd.

 

Müsür. Müsüriň milli ýygyndysy Afrikadan dünýä çempionatynda iň köp ýeňiş gazanan topardyr. Şonuň üçin hem müsürli janköýerler duşuşyklara uly ýygyn bolup gelýärler.

Olaryň lybaslaram tüýs atlaryna laýyk. «Faraonlar» dünýä çempionatyna gatnaşmagyň tagamyny 1990-njy ýylda datdylar. Janköýerleriň milli ýygyndysyny goldaýşyna bolsa tutuş Afrikada taý ýok diýip bolar. Haçanda, milli ýygyndy Russiýa — 2018-e gatnaşmaga hukuk gazananda, stadiondaky janköýerleriň aglabasy durup bilmän, ýaşyl meýdana ylgapdy. Indi bolsa olar Russiýada.

 Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 2

Ýeňşiň tagamy:

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Faraonlar»

Reňki: gyzyl-gara-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Ýekaterinburg, Sankt-Peterburg, Wolgograd.

 

Urugwaý. Olar özlerini gadymy adalga boýunça «çarrua» diýip atlandyrýarlar. Olar reňkleri boýunça argentinalylara çalym edýärler, emma käbir aýratynlyklar bar. Şeýle-de bolsa, diňe Urugwaýyň milli ýygyndysyna mahsus aýratyn görnüşdäki lybas ýok. «Çarrualar» özleriniň lideri bolan Luis Suaresi örän gowy görýärler. Janköýerleriň tas ählisi diýen ýaly duşuşyklarda onuň şekili geçirilen maskany geýip oturýarlar.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1930

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 12

Ýeňşiň tagamy: 1930, 1950

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Çarrua»

Reňki: mawy

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Ýekaterinburg, Don boýundaky Rostow, Samara.

 

«B» toparça

Portugaliýa. Portugallary başgaça «Ýewropadaky braziller» diýip hem atlandyrýarlar. Ýogsam näme?! Dil bir, futbol pelsepesi meňzeş, hatda futbol mekdepleri hem biri-birine çalymdaş. Ýöne olar Günorta Amerikaly «ekiztaýlary» ýaly o diýen bir üstünlik gazanyp bilenoklar.

Elbetde portugal janköýerlerini Kriştianu Ronaldosyz göz öňüne getirmek kyn. Eger bir stadionda Portugaliýanyň ýygyndysynyň oýny dowam edýän bolsa, janköýerleriň aglabasynyň sport lybasynyň arkasynda «Ronaldo» diýen familiýa ýazylgydyr, elbetde, «7-lik» belgi bilen birlikde. Hatda portugal janköýerleriniň iň söýgüli maskasy hem Ronaldonyň şekilindäki maskadyr.

Olar 2016-njy ýylda ahyrsoňy maksadyna ýetdiler: Portugaliýanyň ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy. Bu ýeňişden soň intertnet ulgamynda hamana Parižde portugallaryň fransuzlary agladyp durşuny suratlandyrýan wideorolikleriň ençemesi ýaýrady.

Portugal janköýerleri Russiýada 2017-nji ýylda hem bolupdylar. Ýöne FIFA-nyň Konfederasiýa kubogy olara öňki şatlygy bagyşlamandy.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 6

Ýeňşiň tagamy: 1966, bürünç medal

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Selesao daş Kinaş» (Sütünleriň topary — gadymy tugradaky bäş sütüniň şekiliniň hatyrasyna)

Reňki: goýy gyzyl-ýaşyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Soçi, Moskwa, Saransk.

 

Ispaniýa. Eger siz köçede sargylt açyk gyzyl reňkdäki lybas geýen janköýerlere gabat gelseňiz, onda olar Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň janköýerleridir. Nusgawy gyzyl reňkdäki sport lybasy ispanlara «Gyzyl furiýa» diýen adyň dakylmagyna getirdi. Milli ýygyndy we onuň janköýerleri hut şeýle hem atlandyrylýar.

Ispan janköýerleri meýdana tutuşlygyna «daňylýarlar». Olar gerek ýerinde köpçülik bolup goldamagyň hem, gerek ýerinde köpçülik bolup, topara ýa haýsydyr bir futbolça (tälimçä) nägilelik bildirmegiň hem ussatlary.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1982

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 14

Ýeňşiň tagamy: altyn, 2010

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Gyzyl furiýa»

Reňki: gyzyl-sary

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Soçi, Kazan, Kaliningrad.

 

Marokko. «Atlas ýolbarslary» Afrikanyň iň şüweleňli janköýer toparlarynyň biri. Baýdaklar, şygarlar, tüýdükdir deprekler hemişe olaryň ellerinde. Ähli afrikaly janköýerlere mahsus bolşy ýaly, marokkolylar hem ýygyndynyň nähili çykyş edýändigine, utýandygyna ýa utulýandygyna garamazdan, iň soňky sekuntlara çenli futbolçylary uly şowhun bilen goldap bilýärler.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: 1/8 final, 1986

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Atlas ýolbarslary»

Reňki: gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Sankt-Peterburg, Moskwa, Kaliningrad.

 

Eýran. Ozalky eýranly futbolçylary «Eýran ýolbarslary» diýip atlandyran hem bolsalar, janköýerler indi söýgüli ýygyndysy üçin has döwrebap başga bir at tapdylar: «Pars şazadalary». Dünýä derejesindäki ýaryşlarda ýeňşiniň azdygyna garamazdan, «şazadalar» ýygyndyny hiç haçan «ýekesiredenoklar». Olar Russiýada geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda eýýäm bolupdylar. Şol gün olar Kazan şäherinde ýerli ýygyndynyň janköýerleri bilen gyzykly duşuşga tomaşa edipdiler.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: toparçalaýyn tapgyr

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Pars şazadalary»

Reňki: ak-ýaşyl-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Sankt-Peterburg, Kazan, Saransk.

 

«C» toparça

Fransiýa. 1998-nji ýyldaky çempionlykdan soň Fransiýada milli ýygyndynyň resmi janköýer kluby döredildi. Häzirki wagtda Fransiýada şeýle klublaryň sany ikä çykdy.

Duşuşygyň öňünde janköýerler stadiony ýaňlandyryp Fransiýanyň Döwlet senasyny — «Marselýezany» aýdýarlar. Eger-de ýygyndynyň oýny alyp barşy göwnüne ýaramasa, olar köpçülikleýin sygyrmadan hem gaýdanok. 2010-njy ýylda geçen bir ýoldaşlyk duşuşygynda Fransiýa Ispaniýadan 0:2 hasabynda ýeňlipdi. Şonda tutuş «Stad de Frans» myhman ýygyndyny goldap şowhun turuzypdy.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1998

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 14

Ýeňşiň tagamy: altyn, 1998, kümüş 2006, bürünç 1958, 1986.

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Üçreňkliler»

Reňki: gök-ak-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Kazan, Ýekaterinburg, Moskwa.

 

Awstraliýa. Russiýa — 2018-iň iň ekzotiki janköýer toplumynyň biri. Olar özlerini «Sokkeruz» — kenguru diýip atlandyrýarlar. Olar Russiýada Konfederasiýalar kubogy — 2017-de hem bolupdylar.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: 1/8 final, 2006

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Sokkeruz»

Reňki: sary-ýaşyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Kazan, Samara, Soçi.

 

Peru. Perunyň ýygyndysy dünýä çempionatynda mundan öň 1982-nji ýylda çykyş edipdi. Janköýerleriň nobatdaky arzuwynyň amala aşmagy üçin bolsa 35 ýyl gerek boldy.

Olaryň baýramçylygy Täze Zelandiýa bilen geçirilen saýlama tapgyryň 28-nji minudynda Jefferson Farfanyň gol geçirmegi bilen başlapdy: şol wagt Lima şäherinde janköýerler kiçik ýertitremä sebäp bolupdylar.

Duşuşygyň tamamlanmagy bilen bolsa... Şondan soňky günlerde Peruda köçelerde ýaňlanan iň meşhur aýdym «Vamos Roja y Blanca!» (Öňe, gyzyl-ak!) bolupdy.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: ikinji tapgyr, 1970, 1978

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Inkler»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Saransk, Ýekaterinburg, Soçi.

 

Daniýa. Olar dünýädäki iň ruhubelent janköýerleriň biri. Ýygyndy nähili çykyş etsin, parhy ýok, iň soňky sekuntlara çenli ony goldaýarlar we ýygyndynyň adyna jinnek ýaly hem agyr söz aýtmaýarlar.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: 1/8 final, 1998

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Olseniň 11 dosty»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Saransk, Samara, Moskwa.

 

«D» toparça

Ähli Günorta Amerikaly janköýerlerde bolşy ýaly, argentinalylara hem başdan-aýaga güýçli goldaw mahsus. Olaryň toparynyň gazanan ýeňşini stadionda unudyp gaýdýanlardan däl. Mysal üçin, 1986-njy ýyldaky çempionlykdan soň janköýerleri ňuly topary Diego Maradonanyň ejesiniň ýaşaýan ýerine baryp, oňa gül gowşurypdylar. Howlusynda aýdym aýdyp, tans edipdiler.

Russiýa — 2018-de diňe Argentinadan 20 müň çemesi janköýer bar.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1978

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 16

Ýeňşiň tagamy: altyn, 1978, 1986, kümüş 1930, 1990, 2014

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Albiseleste» (ak-mawylar)

Reňki: ak-mawy

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Nižniý Nowgorod, Sankt-Peretburg.

 

Islandiýa. Islandiýanyň futbol ýygyndysy — häzirki zaman futbolyň «erteki» topary. Olaryň Ýewropa çempionatyndaky, dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky üstünligi hemmeleri haýran galdyrýar. Ýewropa çempionatynda milli ýygyndyny goldamak üçin 30 müň «wiking» Fransiýa gelipdi.

Islandiýa Ýewro — 2016-daky çykyşyny tamamlansoň, Reýkýawika meýdanynda geçirilen gutlanyş dabarasynda diňe Islandiýa mahsus bolan «Hu-u!» sesine 100 janköýer, ýagny ýurduň umumy ilatynyň üçden bir bölegi gatnaşypdy.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 1

Ýeňşiň tagamy: ýok

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Wikingler»

Reňki: gök-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Wolgagrad, Don boýundaky Rostow.

 

Horwatiýa. Balkan ýarymadasyndaky janköýerler Ýewropadaky iň ýokary derejeli janköýer toplumlarynyň biri. Olar ozalky Ýugoslawiýa milli ýygyndysyny hem ýokary derejede goldap bilýärdiler.

Olar hemişe milli ýygyndynyň lybasyny geýmegi gowy görýärler. Olaryň stadiondaky hereketi hem özboluşly.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: bürünç, 1998

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Gözenekler»

Reňki: gyzyl-ak-gök

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Kaliningrad, Nižniý Nowgorod, Don boýundaky Rostow.

 

Nigeriýa. Olar hem Afrikanyň beýleki ýygyndylarynyň janköýerleri ýaly duşuşygyň bütin dowamynda milli däplerine eýerýärler. Käbir janköýerleriň elinde diri towuk görmek hem mümkin. Ýerli ynanja görä, towuk milli ýygynda üstünlik getirmeli. Ýöne 1998-nji ýylda Nigeriýanyň janköýerlerine Fransiýanyň stadionlaryna towukly girmek gadagan edildipdir. Muňa garamazdan, şol ýyl Nigeriýanyň ýygyndysy toparçany birinji orunda tamamlady.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 5

Ýeňşiň tagamy: 1/8 final, 1994, 1998, 2014

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Superbürgütler»

Reňki: ýaşyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Kaliningrad, Wolgograd, Sankt-Peterburg.

 

«E» toparça

Braziliýa. Yzda galan çempionatlaryň ählisine-de gatnaşan ýeke-täk bagtly janköýerler bu gezek Russiýa hem uly topar bolup geldiler. Olaryň «Selesao» diýen ady bolsa, bäş gezek çempion bolandyklaryny aňladýar. Olar milli ýygyndy bilen bile «dem alýarlar». 1950-nji ýyldaky çempionatyň finalynda milli ýygyndynyň Urugwaýdan utulmagyndan soňra janyna kast eden ýa-da bu «agyr ýitgä» ýüregi çydam etmän aradan çykan janköýerler hem bolupdyr.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1950, 2014

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 20

Ýeňşiň tagamy: altyn medal 1958, 1962, 1970, 1994, 2002, kümüş 1950, 1998, bürünç 1938, 1978.

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Selesao»

Reňki: sary-ýaşyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Don boýundaky Rostow, Sankt-Peterburg, Moskwa.

 

Şweýsariýa. Hoşniýetli şweýsar janköýerleriniň milli ýygyndynyň şowsuz çykyşlaryna-da sabry ýetýär. Ýöne olaryň şowhuny o diýen bir uly däl.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1954

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 10

Ýeňşiň tagamy: çärýekfinal 1934, 1938, 1954

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Şwaýser Nati»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Don boýundaky Rastow, Kaliningrad, Nižniý Nowgorod.

 

Kosta-Rika. 2014-nji ýyldaky çempionatda Angliýanyň, Italiýanyň we Urugwaýyň ýer alan «ölüm toparçasyny» lider tamamlan Kosta-Rika hemmeler haýran galdy. Soňra Gresiýany ýaryşdan çykaryp, çärýek finalda Gollandiýadan 11 metrlik jerime urgusynyň netijesinde utuldylar. «Ölüm toparçasynyň» wekiliniň janköýerleriniň lybasynda hem ölümi ýatladýan şekiller bardy. Soňrak bolsa olaryň köýnekçesindäki «Goodbye, England!» ýazgysy uly seslenme döretdi.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: çärýekfinal 2014

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Pokryşkalar»

Reňki: gök-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Samara, Sankt-Peterburg, Nižniý Nowgorod.

 

Serbiýa. Serbiýada futbol janköýerem kän welin, ýöne olaryň milli basketbol ýygyndysyny goldaýşy has başgaça. Hawa, Serbiýanyň basketbol topary futbolçylara görä Ýewropada gowy çykyş hem edýärler. Şeýle-de bolsa, duşuşygyň ahyryna çenli güýçli goldaw, hemmeleşip, uly joşgun bilen Döwlet senasyny aýtmak serb janköýerlerine hem mahsus.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 1 — Serbiýa, 1 — Serbiýa we Çernogoriýa, 1 — Ýugoslawiýa Soýuz Respublikasy, 8 — Ýugoslawiýa

Ýeňşiň tagamy: bürünç 1930, dördünji orun 1962

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Ak bürgütler»

Reňki: ak-gök-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Kaliningrad, Samara, Moskwa.

 

«F» toparça

Germaniýa. Nemes janköýerleri edil  milli ýygyndynyň özi ýaly stadionda hem görnükli ýerde ornaşýarlar. Özem olar «nemes maşyny» diýlişi ýaly, örän takyk.

2006-njy ýylda ýurtda janköýer kluby döredildi. Olar ýönekeý raýatlardan başlap, şou-biznesiň görnükli wekillerine çenli özüne çekdi.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1974, 2006

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 18

Ýeňşiň tagamy: altyn 1954, 1974, 1990, 2014, kümüş 1966, 1982, 1986, 2002, bürünç 1934, 1970, 2006, 2010.

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Bundestler»

Reňki: gara-gyzyl-sary

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Soçi, Kazan.

 

Meksika. Meksikanyň meşhur şlýapýasy olaryň hemişe başynda. Olar supergahrymanlaryň we indeýleriň lybaslaryna girmegi hem gowy görýärler.

Meksikaly janköýerler Konfederasiýa kubogy — 2017-de hem Russiýada bolupdylar.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1970, 1986

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 15

Ýeňşiň tagamy: çärýekfinal 1970, 1986

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Astekler»

Reňki: ýaşyl-ak-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Don boýundaky Rostow, Ýekaterinburg.

 

Şwesiýa. Şwed janköýerleri beýleki skandinaw janköýerleri ýaly şowsuz çykyş üçin milli ýygyndyny tankytlajak bolup duranoklar. Olar rahat, çünki futbolda o diýen bir üstünlik gazanyp bilmeseler hem hokkeýde özlerine taý ýokdugyna ynanýarlar.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1958

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 11

Ýeňşiň tagamy: kümüş 1958, bürünç 1950, 1994

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Tre krunur» (Üç täç)

Reňki: sary-gök

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Nižniý Nowgorod, Soçi, Ýekaterinburg.

 

Günorta Koreýa. Günorta Koreýalylar hem özlerini edil Belgiýalylar ýaly «Gyzyl şeýtanlar» diýip atlandyrýarlar. Gyzyl reňk olaryň lybaslarynda hem görnükli orun eýeleýär.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 2002

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 9

Ýeňşiň tagamy: dördünji orun, 2002

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Gyzyl şeýtanlar», «In-Ýanyň söweşijileri»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Nižniý Nowgorod, Don boýundaky Rostow, Kazan.

 

«G» toparça

Belgiýa. «Gyzyl şeýtanlaryň» janköýerleri öz milli ýygyndysyny geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri goldap gelýärler. Gyzyl reňk olaryň hem esasy reňki.

Olar milli ýygyndynyň düzümi babatynda hem seslenip durýarlar. Myasl üçin, köp sanly janköýer dünýä çempionatyna Raja Naingolanyň çagyrylmandygy üçin şu gezek tälimçä nägilelik bildirip çykyş etdi. Olar futbolçynyň suratyny alyp, köçä çykmaga çenli baryp ýetdiler.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 12

Ýeňşiň tagamy: dördünji orun, 1986

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Gyzyl şeýtanlar»

Reňki: gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Soçi, Moskwa, Kaliningrad.

 

Panama. Olar ilkinji gezek milli ýygyndysyna dünýä çempionatynda janköýerlik edip görýärler. Özlerini «kanalçylar» diýip atlandyrýarlar.

Milli ýygyndynyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan güni ýurtda resmi ýagdaýda dynç güni diýip yglan edilipdi.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 1

Ýeňşiň tagamy: toparçalara gatnaşmak

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Kanalçylar»

Reňki: gyzyl-ak-gök

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Soçi, Nižniý Nowgorod, Saransk.

 

Tunis. Täsin tanslar we akrobatiki hereketler duşuşyklarda Tunisiň janköýerleriniň oturan bölegini bezeýär. Olar dürli boýaglar bilen dürli şekillere hem girýärler. Hatda olar saýlama tapgyryň iň soňky duşuşygynda stadiona dünýä çempionatynyň nyşany ýerleşdirilen köýnekçäni geýip gelipdiler.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 4

Ýeňşiň tagamy: toparçalaýyn tapgyr

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Karfagen bürgütleri»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Wolgograd, Moskwa, Saransk.

 

Angliýa. Olar üçin milli ýygynda janköýerlik etmek ýaşaýyşyň aýrylmaz bir parçasy. Olar hiç haçan milli ýygyndyny ýeke goýanoklar. Dillerine Döwlet senasy, ellerinde piwo. Angliýanyň milli ýygyndysynyň 1966-njy ýyldan soň hiç bir orna-da düşüp bilmezligi olaryň lapyny keç edenok.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1966

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 14

Ýeňşiň tagamy: altyn 1966

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Üç ýolbarslar»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Wolgograd, Niňniý Nowgorod, Kaliningrad.

 

«H» toparça

Polşa.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 7

Ýeňşiň tagamy: kümüş 1974, 1982

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Ak bürgütler»

Reňki: gyzyl-ak

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Kazan, Wolgograd.

 

Senegal.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 1

Ýeňşiň tagamy: çärýekfinal 2002

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Terangyň ýolbarslary»

Reňki: ýaşyl-sary-gyzyl

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Moskwa, Ýekaterinburg, Samara

 

Kolumbiýa.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: ýok

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 5

Ýeňşiň tagamy: çärýekfinal 2014

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Kofeçiler»

Reňki: sary-gök

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Saransk, Kazan, Samara.

 

Ýaponiýa.

Öz ýurdunda dünýä çempiony: 1

Daşary ýurtlarda gatnaşan çempionatlarynyň umumy sany: 5

Ýeňşiň tagamy: 1/8 final, 2006, 2010

Özlerini nähili atlandyrýarlar: «Gök samuraýlar»

Reňki: gök

Toparçalaýyn tapgyrda duşuşyk geçirjek ýerleri: Saransk, Ýekaterinburg, Wolgograd.

 

-------------------------------

Dünýä kubogy - 2018-iň rejenamasyny göçürmek üçin şu ýere basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar