Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bedewleriň uzak aralyga marafony geçirildi

16:1225.04.2024
0
10431

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Meşhur atly bedew 60 kilometrlik aralyga geçirilen marafonyň ýeňijisi boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Marafon ýaryşy Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp, ol Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde geçirildi.

Bäsleşige 20 bedew gatnaşyp, olar 60 kilometrlik menzili külterlemeli boldular. Marafon ugry her biri 30 kilometrden ybarat bolan iki tapgyra bölünip, bu aralyk pellehana ilkinji bolup gelmek ugrundaky bäsdeşligi ýitileşdirdi.

Uzak aralyga atly bäsleşik diňe bir bedewleriň çydamlylygyny we çapyksuwarlaryň ussatlygyny synamak üçin möhüm mümkinçilik bolman, eýsem, ýurtda atçylyk sportunyň eýe bolan belent sepgitleriniň beýanyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň