Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýada 7 million baş öý maly heläk boldy

11:2304.05.2024
0
14165
Mongoliýada 7 million baş öý maly heläk boldy
Surat: thegirl.ru

Mongoliýada umumy sany 7,1 million öý maly heläk boldy, olaryň 5,6 milliony bolsa, öldürilip, maslygy topraga gömüldi. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş edarasy habar berdi diýip, «Kazinform» ýazýar.

«15-nji aprelde başlanan ak we demir dzuda (gyşky iýmsizlik) döwründe heläk bolan iri şahly we ownuk mallaryň maslyklaryny zyýansyzlandyrmak we ýok etmek işlerine mal ýokanç kesellerini öwrenmek boýunça merkezleriň işgärleri, şeýle-de mal sürüleriniň iň köp gyrylan mongol aýmaklarynyň çarwadarlary çekildi» diýlip, ady tutulan edaranyň beýanatynda aýdylýar.

Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda 2023-nji ýylyň aýagynda 64,7 million baş mal bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň