Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky Karara gol çekdi

06:0708.05.2024
0
38464

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň "Parahat-7" ýaşaýyş toplumynda 4 sany dokuz gatly, her biri 36 öýli, 4 sany dokuz gatly, her biri 54 öýli we 2 sany dokuz gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün --- 7-nji maýda degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habarda aýdylyşy ýaly, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilat üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek, şeýle-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň