Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy

05:3718.05.2024
0
38685

17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy, bu barada TDH habar berýär.

Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belleýär.

Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.

Bu ýerde ýurdumyzyň teatr we tans toparlarynyň, tanymal aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde türkmenistanly we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda şygryýet agşamlarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, aýdym-sazly çykyşlaryň yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy.

Soňra Döwlet Baştutanymyz baýramçylyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan medeni-seýilgäh toplumyny dabaraly ýagdaýda açdy.

Bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşdirilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň