Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

07:0418.05.2024
0
18010

17-nji maýda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi.

Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hanym Şen Ýueýueni gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda, Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda mähirli mübärekläp, “Toýlar toýa ulaşýar” diýlişi ýaly, şu günler biziň ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini, şanly wakalar mynasybetli dabaralara höwes bilen gatnaşjakdygyny belledi. Şen Ýueýue Milli Liderimiziň maşgalasyny we ähli türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolan ak mermerli Aşgabada haýran galýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy biziň halklarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de soňky ýyllarda barha ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklary esasynda kemala gelen umumy däp-dessurlaryň birleşdirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine amala aşyran iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy hytaý topragynda bildirilen myhmansöýerligiň ýokary derejesini belläp, hanym Şen Ýueýue bilen Pekinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Myhman hoşniýetli sözler üçin hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny, hakykatdan-da, hemişelik dost-doganlyk ýörelgeleriniň düzýändigini belledi we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa myhmana Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuana we maşgala agzalaryna mähirli salamyny hem-de Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy ýetirmek hakyndaky haýyş bilen ýüzlendi we olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagy geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne panda gurjagynyň sowgat berlendigini, onuň özünde uly täsir galdyrandygyny we bu gurjagy ilki şekile geçirendigini hem-de şonuň esasynda keşde taýýarlandygyny aýtdy. Ol myhmandan taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etdi.

Myhman zenan bu täsin sowgat hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasyna iberilen çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň özi üçin unudylmajak pursatlara baý bolandygyny aýtdy. Myhman ajaýyp sowgat üçin gyzjagaza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmäge başarnygynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigini belledi.

Öz gezeginde, hanym Şen Ýueýue hem Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasyna ýadygärlik sowgat gowşurdy.

Soňra Milli Liderimiziň maşgalasy agtyjagy Aýjeren bilen hormatly myhmanyň haýyşy boýunça onuň bilen surata düşdi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahata gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini emele getirýär. Şu gezekki forumyň geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen we hytaý zenanlarynyň arasyndaky dialogyň pugtalandyrylmagyna hem-de döwletara gatnaşyklary ösdürmekde olaryň mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli işleriň aýdyň beýanydyr. Maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň we «Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktorlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa maslahatyň açylyşyndaky çykyşynda Hytaýyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelendigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy forumyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki halkyň arasyndaky dost-doganlygyň heniz Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinde emele gelen baý taryha eýedigini, bu ýoluň söwda we medeni gatnaşyklaryň täsin köprüsi bolup hyzmat edendigini aýtdy.

Soňra Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary we foruma gatnaşyjylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bu çäräniň türkmen hem-de hytaý zenanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini bellediler. Ruhy gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagy halklary parahatçylygyň we dostlugyň hatyrasyna ýakynlaşdyrmak, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparlary döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm wakalar boldy. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk Türkmenistanyň we Hytaýyň gazanýan üstünlikleri, geljekki meýilnamalar baradaky maglumatlary alyşmak, iki ýurduň zenanlar jemgyýetçiliginiň umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdir.

Soňra çärä gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy foruma gatnaşyjylary we myhmanlary şekilli halylar bilen tanyşdyrdy. Şolaryň hatarynda ýylymyzyň nyşany, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen haly önümleri bar. Merkezdäki halylaryň her tarapynda «Pazyryk» we güberçekli aždarha şekilli täsin halylar ýerleşdirilipdir. Aždarhanyň şekili salnan güberçekli halynyň dokalyş usuly örän täsin bolup, bu usul üýtgeşik zehini, ussatlygy talap edýär. Il arasynda bu halyny «Syrlar siňen nepislik» diýip atlandyrýarlar. Dünýäde iň gadymy halylaryň biri-de «Pazyryk» halysydyr. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan dokalan halynyň täze görnüşi asyl nusgasyny gaýtalaýar. Halynyň asyl nusgasy häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň «Ermitaž» muzeýinde saklanýar.

Indiki bölümde keşdedir alajalary, elde örülen örme işlerini, kakma usulynda dokalýan gyňaçlary, kürteleri, çabytdyr donlary synlamak bolýar. Soňra zergärlerimiz tarapyndan ussatlyk bilen ýasalan kümüş şaý-sepler görkezildi. Türkmen zenany milli lybaslaryny geýip, kümüş gülýaka, bilezik, gupba, çapraz-çaňňa, maňlaýlyk dakynanda, aýratyn görke gelýär. Soňra foruma gatnaşyjylar ýüpek halylar bilen tanyşdylar. Bu halylar tebigy ýüpekden dokalýar. Ýüň halylardan tapawutlylykda, olar has inçe hem berk bolýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy myhmanlaryň ünsüni haly dokalýan enjama çekdi, Haly entek dokalyp gutarylmadyk. Bu hala naýbaşy gölleriň biri bolan «guşly göl» salnypdyr. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar dokalyp gutarylyp, halynyň kesmäge degişli bolan pursadyny synladylar. Halkymyzda däp bolşy ýaly, haly dokalyp başlananda-da, dokalyp gutarylanda-da ýagşy niýetler bilen ussat halypalara halyny başlamak, taýýar bolandan soň kesmek ynanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa halkymyzyň milli däp-dessurlaryny berjaý etmek bilen, hormatly myhmany halyny bilelikde kesmäge çagyrdy.

Sergi bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bildirilen myhmansöýerlik, türkmen halysyna bagyşlanan sergä gatnaşmaga hem-de halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şol pursatda hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa myhmana Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halyçylyk sungatyndan söz açýan «Arşyň nepisligi» atly kitabyny sowgat hökmünde gowşurdy.

Şu günki çäreleriň çäklerinde Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan ministrler derejesindäki halkara maslahata, nusgawy türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň we “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň