Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Güne çoýunmagyň peýdasy we zyýany nähili?

0
32847

Gün — ýaşaýşyň, energiýanyň we ... Güne çoýunmagyň çeşmesi.

Sagdyn, öwşün atyp duran deriniň bolmagy öňden bäri hem gözelligiň nusgasy hasaplanyp gelipdir. Emma şeýle bürünçsöw öwüşgine eýe bolmak isleginiň nähili peýdaly we zyýanly aýratynlyklary barka?

Bu makalada Güne çoýunmagyň täsin taraplary barada käbir bilinmeýän maglumatlar barada durup geçip, onuň oňaýly we zyýanly aýratynlyklary dogrusynda söhbet ederis.

Güne çoýunmagyň peýdasy

1. Günüň dowamynda her gün 15 minutlap Gün şöhlesiniň astynda pyýada gezmelemek süňk dokumalaryny we myşsalary güýçlendirýän, kalsiý we fosfor çalşygyny kadalaşdyrýan hem-de immun ulgamynyň işlemegini goldaýan D witamini köpeltmekdir.

2. Gün şöhlesiniň täsiri astynda ysgynsyzlyga garşy göreşýän we energiýa berýän serotonin işjeň öndürilýär.

3. Ultramelewşe şöhle antikorlaryň öndürilmegini höweslendirýär, bedeniň wiruslara we ýokançlyklara garşy göreşmek häsiýetini ýokarlandyrýar.

4. Güne çoýunmak — diňe bir deriniň owadan reňkli bolmagyny däl-de, eýsem goralmagyny üpjün edýär. Gurşun, simap, kadmiý, benzol we beýleki zyýanly maddalara garşylygy ýokarlandyrýar.

5. Ultramelewşe şöhleleri ekzema, psoriaza we düwürtikleri bejermekde üstünlikli ulanylýar. Derini has arassa we sagdyn edip, sal demirleriniň işleýşini kadalaşdyrýarlar.

6. Gün şöhlesi dokumalaryň täzelenmegini çaltlaşdyrýar, ýaralaryň we yzlaryň has çalt bejerilmegine kömek edýär.

7. Ultramelewşe ýagtylyk bedende köp ýaşaýyş proseslerini işjeňleşdirýär: dem almagy, metabolizmi, gan aýlanyşyny we endokrin ulgamynyň işlemegini höweslendirýär.

Güne çoýunmakdan ýetip biljek zyýanlar

1. Ultramelewşe şöhleleriniň täsiri astynda bedeniň goraglary ähli serişdeleri sarp edip, bizi ýokançlyklara has bagly edýär.

2. Ultramelewşe şöhläniň aşa köp bolmagy deri öýjükleriniň DNK-syna zeper ýetirýär, bu melanomanyň we beýleki düwnük keselleriniň ösmegine sebäp bolup biler. Çagalykda güne ýanmakdan alnan şikesler has-da howply bolup biler.

3. Ultramelewşe şöhleleri kollageni we elastini ýok edýär, derini çişirýär, beterleşdirýär we pigment tegmilleriniň döremegine sebäp bolýar.

4. Gyzarma we çişler bilen Güne bolan allergiki täsir ýüze çykýar.

5. Ultramelewşe şöhleleri erkekleriň, şonuň ýaly-da aýallaryň reproduktiw ulgamyna ýaramaz täsir edýär.

Her bir adamyň “tebigy gorag derejesi” diýilýän Günden tebigy goragy bolýar. Munuň özi Gün şöhlesine garşy kremleri ulanmazdan, Günüň astynda bolup biljek wagtyňyzy aňladýar. Günüň şeýle howpsuz täsiriniň dowamlylygy deriniň görnüşine bagly bolup, 5-40 minut aralygyndadyr. 

Bu döwürde deri tebigy Güne garşy gorag mehanizmlerini ulanýar. Ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen deriniň pigment öýjükleri derä gara reňk berýän ýörite gorag pigmenti bolan melanin öndürip başlaýar.

Melanin öýjükleri ýylylyk şöhlelerini siňdirýär we ultramelewşe şöhleleriniň täsirini zyýansyzlandyrýar. Günüň täsiri astynda deriniň çuň gatlaklaryndan melanin ýokarsyna çykýar-da, tutuş tekizligine deň derejede paýlanýar. Beden owadan Güne çoýunma netijesini alýar we şol bir wagtyň özünde hem ýanmakdan, şeýle-de gün şöhlesinden goraýan “gabyga” eýe bolýar.

Gara deri ömrüň dowamynda bedeni takmynan 450 000 sagatlap gorap biler, ýeňil deri bolsa üç esse az goralyp bilner.

Tebigy goragyň çägi tamamlananda bolsa adam saglygyna çynlakaý zyýan berip biljek Gün şöhlesini täsirinden goragsyz bolup galýar.

Gyzykly ýeri bolsa Gün şöhlesinden aşa köp peýdalanmak hem ýaramaz täsir edip biler. Bu usul ýygy-ýygydan ulanylanda, zerur bolan Gün şöhleleriniň deriniň çuň gatlaklaryna aralaşmagynyň öňüni alýan bedende “Gün mozoly” döreýär.

Her gezek deriniň ýokarky gatlagy 0,3 — 0.5 mm aralygynda galyňlaşýar. Ýyllaryň dowamynda yzygiderli Güne çoýunmak derini has çişirýär. Bu patologiki proses deriniň garramagyny çaltlaşdyrýar: deriniň suw derejesi azalýar, gurak bolýar, çuňňur tegmiller, pigment tegmiller we öňünden döreýän keseller — Gün keratozlaryny ýüze çykýar.

Peýdalanylan çeşmeler: kvd.by

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar