Soňky habarlar

Arhiw

«Dünyä Syýahat» syýahatçylyk kompaniýasy Ýewropada syýahat etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar

10:2318.05.2024
0
27309

«Dünyä Syýahat» syýahatçylyk kompaniýasy syýahatçylara Ýewropa yklymynyň iň meşhur şäherleriniň birnäçesiniň gözelligini synlamaga we medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän Ýewropa boýunça iki sany täze syýahat ugrunyň ýola goýlandygyny habar berdi.

«Pariž, Amsterdam we Barselona» syýahaty 10 gün dowam edip, üç sany ajaýyp şäheri: söýgi we yşyklar şäheri Pariži; kanallary we erkin ruhy bilen tanalýan Amsterdamy; şeýle hem Gaudi arhitekturasy we Ortaýer deňziniň atmosferasy bilen özüne çekýän Barselonany öz içine alýar.

«Amsterdam, Pariž, Lýusern, Milan» syýahaty 14 gün dowam edýär we has giň ugry, şol sanda Şweýsariýanyň ajaýyp şäheri Lýuserne we Italiýanyň moda paýtagty Milana baryp görmegi göz öňünde tutýar.

«Dünyä Syýahat» iki syýahat ugrunda hem iň gowy myhmanhanalarda rahat ýaşaýşy, şäherleriň arasynda gatnawlary, şeýle hem her ýeriň taryhy, medeniýeti we gözel ýerleri bilen tanyşmaga kömek etmek üçin tejribeli ýolbeletleriň hyzmaty bilen üpjün edýär.

«Bu ugurlar ýatdan çykmajak duýgulary başdan geçirmek we täze ýerleri açmak isleýänler üçin örän amatlydyr» diýip, «Dünyä Syýahatyň» wekili belleýär.

«Dünyä Syýahat» – Türkmenistanda öňdebaryjy syýahatçylyk operatorlarynyň biri bolup, syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň gerimini, şol sanda bütin dünýä boýunça gezelençleri, awiapetekleri, myhmanhanalary bronlamak hyzmatyny, bellenen nokada alyp gitmek we başga-da köp hyzmatlary hödürleýär. «Dünyä Syýahat» syýahatçylyk bazaryndaky işiniň dowamynda ýatdan çykmajak syýahat etmek isleýänleriň hemmesi üçin ygtybarly we ýokary derejeli hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Aşgabat, G.Kuliýew köç., «Ussat» binasynyň ýany. Telefonlar: (+993 12) 75 11 78, (+993 64) 92 97 77;
  • Daşoguz: Türkmenbaşy şaýoly, 44-1, «Şabat» myhmanhanasy. Telefon: (+993 61) 50 29 91;
  • Türkmenabat: «Lezzet» söwda merkezi. Telefon: (+993 64) 92 45 55.

Sosial ulgamdaky sahypasy. Iş wagty: hepdede 7 gün sagat 10:00-dan 19:00-a çenli.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň