Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen filmleri halkara kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp boldy

18:2004.05.2024
0
18786
Türkmen filmleri halkara kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp  boldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

2-3-nji maýda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler. Bu barada «Türkmenistan: Atyn asyr» habar berýär.

Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 filmler görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda «Ol Rumystany görsem», «Umyt», «Meniň kakam» filmleri görkezdi.

«Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly iki sany türkmen filmi, «Turan» atly halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy.

Gündogaryň beýik şahyry, akyldar hem filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinoçylary tarapynda Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi. Türkmen kino eseri türkmen edebiýatynyň nusgawy wekiliniň keşbini diňe bir milli derejesinde däl, eýsem, dünýäniň kino söýüjilerine açyp görkezdi.

«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde hem görkezildi.

Şeýle hem, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan, türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin hem ýörite baýrak gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň