Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aşgabada dolanyp geldi

16:0525.04.2024
0
8638

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Belarus Respublikasynda geçirilen mini ýaryşda ikinji orny eýeledi. Bu barada «Janköýer» habar berýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, türkmen futzalçylary dostlukly döwletde geçirilen ýaryşda ahyrky duşuşygyny «Minsk» topary bilen geçirip, 3:2 hasabynda üstün çykdylar. Paýtagt şäherdäki MAPID sport toplumynda geçirilen duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Nepesow, Hudaýbergenow we Soltanow geçirdi. Şiri Baýramdurdyýew bolsa türkmen futzalçylarynyň arasynda «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýaryşdan soň ýurda dolanyp geldi. Bu mini ýaryş olar üçin nobatdaky tejribe mekdebine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň