Soňky habarlar

Arhiw

Ýazyjyogly Ahmet Buanyň «Ajaýybyl-Mahlukat» Eserinde Ösümlik Dünýäsi

0
12657

Ýazyjyogly Ahmet Bijanyň«Ajaýybyl-mahlukat» eserindäki ösümlik dünýäsiniň beýanyny aýratyn bir bapda yzarlamagy maksat edinmegimizi-de bu eserde ösümlikler dünýäsine aýratyn üns berilýänligidir, ikinji bir tarapdan türkmen halkynyň Garaşsyzlygy alan gününden başlap daşky gurşaw barada edilýän aladalaryň eseriň ündewi bilen gabat gelýänligidir.

Ahmet Bijany öz eserinde ösümlikleriň ähmiýeti hakda ajaýyp pikirleri orta atypdyr. Adama iýmitiň, arassa howanyň, suwuň zerur bolşy ýaly, dermanlyk ösümlikleri tanamak, olaryň ähmiýetini öwrenmek hem zerur bolupdyr. Bu meseläniň türkmen topragynda nä derejede zerurlyga öwrülendigini biz Ahmet Bijan ýaly ençeme alymyň, lukmanyň, ýazyjynyň eserleriniň gymmatyny terezä goýançagymyz has düýpli aňyp bileris.

Ýurdumyzyň çöllerinde, daglarynda, çemenliklerinde, jeňňellerinde ösýän ösümlikleri örän gadymy wagtlardan bäri ata-babalarymyz dermanlyk üçin ulanyp gelipdirler. Häzirki wagtda halk tarapyndan dermanlyk diýlip ykrar edilen ösümlikleriň ylmy tarapynyň öwrenilmegine uly üns berilýär. Bu ylmy wezipeleriň bolsa gadymyýetden gözbaş alandygyny Ýazyjyoglunyň kitabynyň ösümliklere bagyşlanylan bölümi hem doly tassyklaýar. Dermanlyk ösümlikleriň köpüsini adamlaryň ýabany görnüşden medeni görnüşe getirip, iýmit hökmünde ulanyp başlamaklary-da (garpyz, kädi, badyýan, alma, armyt, erik, nar, üzüm we beýlekiler) bu meselä türkmen halkynyň gaty çynlakaý çemeleşendiginiň aýdyň mysalydyr.

Ahmet Bijanyň «Ajaýybyl-mahlukat»  eseri öwrenmegiň türkmen durmuşy bilen baglanşyklylygynyň bir ähmiýetli taraplarynyň birini bellemek gerek. Ilki bilen gadym döwürlerde tebigat temasyndan ýazylan bu eseriň ilkinji gezek ylmy barlagyň esasyna goýulýandygyna üns bererlikdir.. Türkmen topragy, sözüň doly manysynda, güllere we bagy-bossançylyga öwrüldi.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň ählisi peýdaly ösümliklerdir. Olaryň azalmagynyň we Ýer ýüzünden ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin peýdaly ösümlikleri öwrenmeli, rejeli ulanmaly we gorap saklamaly. Bu wezipäni göwnejaý berjaý etmek üçin bolsa ilki bilen ösümlikleriň peýdasyna doly düşünmeli. Ahmet Bijanam şeýle uly meseläniň çözülmegi üçin ösümlikleriň peýdasyny adam aňyna ýetirmek maksady bilen bu ajaýyp eseri terjime edipdir.

Alma agajy hakda Ahmet Bijan şeýle beýan ýazýar: «Alma agajynyň üstüne gyzyl gülüň suwuny sepseler, onuň almasy gyzyl bolar». «Alma agajynyň ýapragynyň suwuny awy içene ýa-da ýylan we içýan çakana içirseler, ol şypa tapar».

Görşümiz ýaly, Ahmet Bijany birinji jümlede alma miwesiniň owadan, göze ýakymly bolmagy üçin ulanylmaly täri salgy beren bolsa, ikinjisinde gezek ol almanyň dermanlyk täsiri hakda söz açypdyr.

Ýazyjyogly injiriň peýdasy, ony ulanmagyň syrlary, täsiri hakda alma agajyna seredeniňde az-kem giňişleýin gürrüň beripdir.

«Injir agajyny zeýtun suwy bilen süpürseler, onuň miwesi dökülmez we datly bolar».«Eger injir suwuny çüýrän dişe çalsalar, dişe peýdaly bolar».«Injir agajynyň pyntygyny ekin meýdanyna sepseler, ol ýerdäki ähli gurtlar gyrlar». «Bir kişini it ýarsa, oňa injir ýapragyny bermeli». «Syrkaw kişä injir hoş ýakar».«Injiri köp iýýän adamyň endamy nurly bolar».

Ahmet Bijanyň berýän maglumatlary lukmançylykda ulanylýan, durmuşda adamlar tarapyndan makullanylan usullardyr. Injiriň dermanlyk ösümlikdigi üçin ony ýetişdirmek we ondan bol hasyl almak üçin daýhanlar ylmyň gazananlaryndan hem peýdalandyrmalydyrlar.

Ahmet Bijan erigiň aýratynlygyny çeper beýan etmäge köpräk üns beripdir. “Bu miweli agaçdyr. Haktagala owadan görnüşe gelmekleri üçin agaçlara ýylda bir gezek ýapraklamak ukybyny beripdir. Ol baglaryň öz miwelerini gyzgyndan goramaklary üçin olaryň ýapraklaryny miwesinden ýokarda ýaradypdyr. Eger miwäniň daşyny ýaprak tutuşlygyna ýapsa, onda oňa Günüň gyzgynlygy geçmez we ol çig bolar. Eger ýaprak miweden öň dökülse, Günüň gyzgynlygy miwäni tiz bişirip, zaýa ederdi.

Erik gadymdan bäri ekilipdir. Miwesi ter we kişde görnüşinde ulanylýar. Erigi dermanlyk üçin hem ulanýarlar. Ol ýürek agyrynyň bire-bir emi hasaplanylýar. Türkmenistanda erigiň gyzylaýak, gyzylpälwan we akpeýwendi sortlary köp ekilýär. Onuň agajy iň dykyz we berk agaç hasaplanylyp, ondan hojalyk üçin ulanylýan agaç gurallar ýasalýar.

Ahmet Bijan nar agajynyň ähmiýeti hakda bolsa aşakdaky sözleri öz eserine girizipdir.«Nar agajyny bir ýerde goýsalar, ol ýerdäki mör-möjekler gider». Bu usulyň häzirlerem ulanylýan ýerleri gabat gelinýär. Naryň ýapragynyň mör-möjekleriň halamaýan ysyny bölüp çykarýandygyny ata-babalarymyz hem diýip «Naryň gabygyny bugdaýyň ýa-da arpanyň arasynda goýsaň, oňa gurt düşmez».

Naryň gany arassalamak we az ganlylygy kadalaşdyrmak ukubynyň barlygy hakda-da ata-babalarymyz köp gürrüňler galdyrypdyrlar.

Serwi agajynyňam mör-möjeklere garşy ulanylýandygyny Ahmet Bijanyň «Bir öýde siňek köpelse, serwi agajyndan birazyny ýaksaň, siňekler gyrlar» diýen sözleri hem tassyklaýar.  Halk döredijiliginde serwi agajynyň owadanlygy, berkligi, uzynlygy çeper deňeşdirme hökmünde-de köp gabat gelinýär,  «Serwi boýly, serwi kamatly» diýen ýaly deňeşdirmeler bilen gelin-gyzlary taryplamak häzirki şygyrýetimiziň hem köp ulanýan çeperçilik serişdesidir.

Behi agajy-da halkymyzyň gündelik durmuşynda miwesi iýmit we dermanlyk ösümligi hökmünde ulanylyp gelinýär. Ahmet Bijan hem behi agajynyň gülüniň endama rahatlyk berýändigini, behiniň miwesiniň aşgazany gowy işledýändigini, teşneligi gandyryp, göwreli aýallara sagdyn çaga dogurmak üçinem gowy dermanlygyny, süýdi çekilen aýalyň göwsüne behi mürepbesini ýapsaň derman bolýandygyny, behiniň miwesini aýratyn saklamasaň, beýleki miweleri çüýredip bilmäge ukyplydygyny belläpdir.

Hoz agajynyň peýdasy, onuň miwesiniň köp keseliň dermanydygy hakda halkymyz öňden bäri bilýär we ony gündelik durmuşynda ulanyp gelýär. Ýurdumyzda hoz agajynyň ýurdumyzda ýabany görnüşine ösýän ýerleri Köpetdagda (Aýdere, Pordere, Hozly, Yhaýgalada) Köýtendagda gabat gelinýär. Onuň ýapragynda bolsa efir ýagy saklanylýar. Hozdan gymmatly ýag we azyk önümleri alynýar. Ony derman üçin ulanýarlar. Hoz Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Ýöne Ahmet Bijan öz eserinde hozyň has başgarak häsiýetleri barada hem aýdýar. Mysal üçin, Sakaly dökülýän adam hozy döwüp ýüzüne çalsa haýry degjekdigini, hoz agajynyň baldagynyň bir kiçi bölegini göterseň ýylan, içýan ýaly zäherli jandarlaryň degmeýändigi, sakalyňyň gür, tiz ösmegine hozyň haýry degýändigi, hatda, hoz bilen baly garyp, sürme etmek arkaly gök gözli adamyň gözüniň repkini-de gara reňke öwrüp bolýandygy hakda diňe «Ajaýybyl-mahlukatdan» okap bolýar

Ahmet Bijanyň eserinde hurma agajynyň ähmiýeti aşakdaky jümlelerde jemlenýär.

«Bu agaç yslam şäherinden özge ýerde bitmez. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Hurma agajyny hormatlaň. Haktagala adamy toprakdan ýaradanda, ol toprakdan bir az artyk galdy. Allatagala şol galan toprakdan hurma agajyny ýaratdy». Hurma agajy hakdaky aýdylan sözler onuň ähli häsiýetini özünde jemleýän bolsa gerek. Şonuň üçinem hurmanyň türkmen saçagynyň iň sarpaly önümidigini ýatlamak ýeterlikli bolsa gerek.

«Ajaýybyl-mahlukat» eserinde üzüm agajy barada gysgajyk maglumat bar. Ol ýaş üzümiň adamy semredýändigi, köp ýaşan üzümiň miwesiniň aşgazana peýdalydygy we süýjini köp iýýän adama üzümiň ähmiýeti hakdaky maglumatlardyr.  Üzümiň biziň topragymyzda öndürilişi, ýetişdirilişi, ösdürilýän sortlary, dermanlyk häsiýeti hakda bolsa ählimizem bilýäris.

Mira Nuralyewa.

Turkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Milli Golýazmalar institutynyň “Tekstologiýa” bölüminiň uly ylmy işgäri.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar