Soňky habarlar

Arhiw

Kristinanyň olimpiýa arzuwy

0
2775

Perde, ýörite yşyklandyryş enjamlary, režissýor... ýok diýmeseň, bu ýerde ähli zat teatry ýatladyp dur. Sahna. Tomaşaçylar. Aram-aram ýaňlanyp gidýän şowhunly elçarpyşmalar. Bu sahna çykýanlaryňam artist kemi ýok. Tapawutly tarapy, olaryň her biri sungat eserinde bolşy ýaly, dürli kärdäki başga-başga adamlaryň däl-de, hut öz keşbini janlandyryp, ukyp-başarnygyny, ussatlygyny görkezýär. Sahna çykmaga taýýarlyk görülýän ýerde talapkärlik bilen maslahat berýän we şägirdi öňe çykanda onuň bilen bir hörpden gopup, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýän halypalaryň hem režissýorlugyna söz diýer ýaly däl. Sungat bilen sportuň, spektakl bilen «demir oýnuň» arasynda şeýleräk meňzeşligiň bolmagy, megerem, tötänden däl. Agyr atletika hem, edil Gomeriň, Eshiliň, Sofoklyň drama eserleri ýaly, öz köklerini gadymy Gresiýadan alyp gaýdýar. 1896-njy ýylda geçirilen ilkinji Olimpiýa oýunlarynyň «demir oýnuň» ussatlaryny Afina ýygnamagy-da köp zatdan habar berýär.

Şol seneden bärem agyr atletikaçylar Olimpiýa oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, yklym birinjiliklerinde çykyş edip gelýärler. Ine, şeýle iri ýaryşlaryň biri ýakynda Amerikanyň Birleşen Şatatlarynyň Anahaým şäherinde geçirildi. Oňa dünýäniň onlarça döwletlerinden, şol sanda biziň ýurdumyzdan hem saýlama türgenler gatnaşdy. Şol günler Kaliforniýa ştatynyň bu şäherinden gelip gowşan hoş habarlar toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Ilki ol ýerde geçen Halkara agyr atletika federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatyny türkmen paýtagtynda geçirmek kararyna gelindi. Soňra ildeşlerimiz Kristina Şermetowa bilen Rejepbaý Rejepow dünýä çempionatynyň kümüş medallaryna mynasyp boldular. Bu hoş habarlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany sport ýurduna öwürmek babatda alyp barýan beýik işleriniň dünýäde dabaralanýandygynyň, türkmen türgenleriniň iri ýaryşlarda şowly çykyş etmekleri üçin ýurtda ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

* * *

Atlandyrylyşynda agyrlyk alamatynyň bardygy görlüp-duýlup dursa-da, ýaşlar bu ýola düşmekden asla heder edenok. Gaýta tersine, agyr atletika bilen meşgullanýanlaryň sany köpelmese azalanok. Ine, Aşgabadyň golaýyndaky öňki Abadan şäherinde 1993-nji ýylyň hoştap howaly maý aýynyň 25-ne dünýä inen Kristina Şermetowa hem şeýle ýaşlaryň biri. Bir tapawutly tarapy, ol bu ýola arzuw edip düşmedi. Ähli zat, aýdylyşy ýaly, günlerde bir gün, tötänden boldy. Öňki Abadan şäheriniň 112-nji orta mekdebiniň başlangyç synplarynda okaýarka Kristina asla sporty hemra edinerin diýen pikirden daşdady. Deň-duşlarynyň köpüsi ýaly, esasan, okuwyna köpräk üns bermäge çalşardy.

Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp görmek islegi birneme soňrak, 2008-nji ýylda, 8-nji synpda okaýarka döredi. Şermetowlaryň öýlerine maşgalabaşy Ýusupbaýyň tälimçi bolup işleýän dosty myhmançylyga geldi. Gep arasynda onuň ýurdumyzda zenanlar agyr atletikasynyň işini ýola goýmak babatda alnyp barylýan işlerden söhbet açyp, ilkinji kabul edişligiň başlanandygyny aýtmagy, eger islese, güýjüni synap görmegi teklip etmegi Kristinanyň öňünde agyr atletika barýan ýeňil ýoly açdy oturyberdi. «Ilkinjileriň biri bolmak – hemişe hormatly. Şonda mende garaşylmadyk ýerden sportuň bu görnüşinde öz güýjümi synap görmek islegi döredi» diýip, Kristina durmuşyny özgerden şol güni ýatlaýar.

Aşgabat şäheriniň toplumlaýyn sport mekdebiniň tälimçisi Wladimir Awagimýanyň ýolbaşçylygynda başlanan ilkinji türgenleşikler şeýle bir ýadadýardy welin, ol birbada şeýle netijä gelip ýalňyşandyryn öýderdi. Ýöne tälimçisiniň bir işiň başyny tutaňsoň, soňuna çenli alyp gitmelidigini, kynçylygy diňe zähmet hem erjellik bilen ýeňip geçmelidigini, diňe şeýle edeniňde, netije gazanyp, at-abraý alyp bolýandygyny gulagyna guýup durmagy, ýaş türgeniň agyrlyk daşlary bilen göreşmegini dowam etdirmeginde däl, eýsem, bu ugurda ilkinji üstünlikleri gazanyp başlamagynda hem uly ähmiýete eýe boldy.

Yzygiderli türgenleşikler, şäher, ýurt derejesinde gazanylýan ilkinji üstünlikler, medallar bolsa ony diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, halkara arenasynda güýjüni synap görmäge höwes döredýärdi.

* * *

K.Şermetowa gysga döwürde öz agramynda iň güýçli agyr atletikaça öwrüldi. Birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony we Kubok eýesi bolandygy hem muňa şaýatlyk edýär. Ine, ýöne halkara ýaryşlarynda çykyş etmek arzuwy welin, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna çenli ýeterlik derejede wysal tapybermedi. Özüňiz pikir edip görüň, 2017-nji ýyla çenli ol halkara derejesindäki ýaryşlaryň bary-ýogy üçüsinde çykyş etdi. 2009-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Interklub ýaryşynda ýetginjekleriň arasynda 48 kg agramda bürünç medal eýelän bolsa, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynda bolan Aziýa çempionatyndan, soňra Mýanma döwletinden baýraksyz dolanmaly boldy.

– 2017-nji ýyl meniň durmuşymda täze sahypany açdy – diýip, sport ussady, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa gürrüň berýär. – Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany sportuň gülläp ösýän ýurduna öwürmek baradaky uçursyz uly işleriniň netijesinde Aşgabatda ýokary derejede geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary meniň halkara derejesinde kämilleşmegime, ussatlygymy artdyrmagyma uly itergi berdi. Biz bu iri yklym oýunlaryna halypam, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda ykjam taýýarlyk gördük. Munuň üçin bize ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Ahyrky netijede bu öz miwesini hem berdi. Ilki şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda geçen halkara synag ýaryşynda – Aziýa çempionatynda häzirki çykyş edýän 53 kg agramymda bürünç, soňra «Aşgabat oýunlarynda» bürünç medala eýe boldum. Indi seredip otyryn welin, bu iri ýaryşlar meniň ýakynda Anahaýmda tamamlanan dünýä çempionatyny hem diýseň taýýarlykly garşylamagyma getiripdir...

***

Üstünlik öz-özünden gelenok. Oňa ýetmek üçin surnukdyryjy türgenleşikleriň üstünden geçmeli, yhlas baryny etmeli. Göräýmäge, ýaryşa şeýle taýýarlyk görüp barsaň, şowlulyk ýar bolaýmaly ýaly. Ýok, bu hemişe şeýle bolup baranok. Ştanga bilen ýüzbe-ýüz galaňda, sähel ýöwselleseň, muny duýýan ýaly, demriň asla boýun egesi gelenok. Şeýle pursatda tälimçiniň inçe psihologa mahsus häsiýetleriniň, öwüt-ündewleriniň nepi degmese, türgeniň özüne bolan ynamyny gaýtaryp getirmek kyn.

Ine, şu ýylyň 28-nji noýabry — 5-nji dekabry aralygynda Anahaýmda geçen dünýä çempionatynda 53 kilogram agramda çykyş eden zenanlaryň bäsleşiginde Kristina hem şeýle pursada ýakyn ahwala düşüp gördi. Birden galdyrmakda ilkinji synanyşygynda 88 kilogram agrama hötde gelen ildeşimiziň ikinji synanyşygy şowsuz boldy, 91 kilogram agram boýun egmedi. Şondan soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň öwütleri, tabşyryklary netijesinde K.Şermetowa täzeden şol agrama çykyp, ahyrky synanyşygyny şowly jemledi. Bu netije oňa şu usulda bürünç medal getirdi. Ol itekläp götermekde-de şeýle baýraga eýe boldy. 103, 111, 113 kilogram agramlar boýun egdirildi. Şunlukda, umumy 204 kilogram netije bilen türkmen türgeni dünýä çempionatynyň kümüş medalyny gazandy.

Baýrakly orunlary eýelän agyr atletikaçylaryň diňe bir görkezen netijelerine däl, eýsem, at-derejelerine ser salanyňda, Kristina Şermetowadan gelejekde has uly üstünliklere garaşyp boljakdygyna göz ýetirýärsiň. Mysal üçin, Anahaýmda altyn medala eýe bolan tailandly Sopita Tanasan (210 kg) 2016-njy ýylda Rio-de- Žaneýroda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çempionydyr. Bürünç medal gazanan filippinli Hidilyn Diýas bolsa (199 kg) Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesidir. Ýene bir Hytaý Taýpeýinden bolan ussadyň, şonuň ýaly-da, Ýewropanyň çempiony Joanna Lahowskanyň asla medalsyz galandygyny hem bellemek gerek.

Şu ýerde biygtyýar Kristinanyň «Ilkinjileriň biri bolmak — hemişe hormatly ...» diýen sözlerini ýene bir ýola ýatlasyň gelýär. Çünki ol diňe bir sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp başlan ilkinji gyzlaryň biri bolmak bilen çäklenmän, türkmen agyr atletikasynyň taryhynda zenanlaryň arasynda görkezilen iň ýokary netijäniň eýesi, şeýle hem, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça zenanlaryň arasynda ýurdumyzda şeýle uly üstünlik gazanan ilkinji türgen boldy.

— Elbetde, şeýle üstünlik gazananyma begenjimiň çägi ýok. Durmuş bir duran ýerinde duranok. Öňde dürli derejedäki ýaryşlar az däl. Täze ýylyň aýaklaryna Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatam şolaryň biri. Nesip bolsa, olarda hem ata Watanymyzyň Baýdagyny belentde parlatmak niýetim bar. 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak başartsa, olimpiýa medalyny gazanmak — meniň elýetmez arzuwym.

***

Ýene sahna. Ýene «demir oýnuň» premýerasy. Nämä ukyplydygyňy görkezmäge, Watanyňa şan getirmäge nobatdaky mümkinçilik, çagyryş. Ussatlygyň ýoly bilen täze belentliklere barýan Kristina Şermetowanyň bu synaga hem abraý bilen hötde geljekdigine ynanýarys. Çünki ýurdumyzyň ähli ösüş-özgerişlikleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» diýen ganatly jümleleri türkmen türgenlerini hem täze üstünliklere çagyrýar.

Goçnazar HEŞDEKOW.

Bellik: makala "Türkmen sporty" gazetinden alyndy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar