Soňky habarlar

Arhiw

11 ýaşly Anastasiýa Aşgabat 2017 oýunlarynyň howzunda üstünlik gazanmaga taýýarlanýar

0
2512

17-27-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa  oýunlarynda gysga aralyga  ýüzmek görnüşine gatnaşýan toparyň 11 agzasynyň 3-siniň –11, 15 we 16 ýaşly ýüzüjilerdigi, Türkmenistanyň zenan ýüzüjileriniň geljege taýýarlygyny aýdyň görkezýär. 

Bu üç ýüzüji Anastasiýa Morgenstern, Darýa Semýonowa we Eneş Begmyradowa bolup ähli ýaryşlar boýunça iň ýaş gatnaşyjylardyr. Olar ajaýyp Olimpiýa suw toplumynda ýurdumyzyň janköýerleriniň öňünde ýaryşmak bagtyna eýe boldular.

Okýabr aýynda 12 ýaşyny doldurjak Anastasiýa Aşgabat 2017 oýunlarynda iň ýaş türgen bolany üçin örän tolgunýar.

“Dogrusy, milli topara gatnaşmaga saýlanmagym meniň üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Men örän tolgunýaryn we nähili şowly çykyş etmelidigi hakynda pikir edýärin. Emma Oýunlaryň meniň ýurdumda  geçirilýändigi özümi ruhubelent alyp barmagyma kömek eder. Tomaşaçylaryň arasynda ene-atamy we dogan-garyndaşlarymy görmeklik meni biraz rahatlandyrýar we ynam döredýär. Men ýaryşda bar yhlasym bilen çykyş ederin” diýip, ýaşajyk türgenimiz gürrüň berýär.

Atasynyň islegini berjaý etmek üçin sportuň suwda ýüzmek görnüşine gatnamazyndan öň,  tans sportuna gatnaşyp gören geljekki ýetginjek tolgunma duýgularyny ýeňjekdigine ynamlydygyny aýtdy. 

“Tolgunýanlygyma garamazdan, meniň üçin jogapkärçiligiň uludygyna düşünýärin. Meniň maksadym türgenleşige ýeterlik wagt aýryp, üstünlik gazanjakdygyma ynamy artdyrmakdyr. Bu ýaryş meniň geljekdäki Oýunlara hem taýýarlygym bolar” diýip, suwda ýüzmegiň 50m we 100 m aralykdaky erkin ýüzüş görnüşi boýunça ýaryşjak Anastasiýa aýtdy. 

Geçen ýyl Rio olimpiýa oýunlarynda 100 m aralyga brass görnüşde ýüzmekde gatnaşan 15 ýaşly Darýa ýaşlygyna garamazdan tejribesiniň bardygy duýlup dur. Özüne ullakan ynamy bolan bu ýetginjek Aşgabat 2017 oýunlarynda has-da ruhybelent çykyş etjekdigini  aýtdy. 

“Ýaryşyň öz ýurdumda geçirilýänligi üçin men tolgunaryn öýtmeýärin. Çünki men dünýäniň iň uly sport çäresi bolan Rio olimpiadasyndaky ýaryşa gatnaşdym we biraz tejribe gazandym. Ol maňa tolgunmak, gorky ýaly duýgulary ýeňip geçmegi öwretdi. Dogrusy, men ýurdumyzda geçiriljek bu ýaryşda, dostlarymyň we maşgalamyň öňünde çykyş etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, suwda ýüzmegiň 50 m we 100 m aralygyndaky  brass we arkanlygyna ýüzmek görnüşlerinde çykyş etjek Darýa gürrüň berdi.

Onuň 11 ýaşly erkek dogany Denis hem bu sport bilen meşgullanýar. Doganlar geljekde suwda ýüzmek boýunça ussat türgenler bolup ýetişmegi arzuw edýärler. 

2015-nji ýylda Singapur şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan 16 ýaşly Eneş bolsa: “Meniň maksadym 100m we 200m aralygynda şahsy toplumlaýyn ýüzüş boýunça geçiriljek ýaryşda rekordy täzelemekdir.  
Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşanlygyma garamazdan, Aşgabat 2017 meniň üçin örän möhüm ýaryş bolup durýar” diýdi.  

Sportuň suwda ýüzmek görnüşine alty ýaşynda başlan Eneşiň häzirki wagtda ýeke-täk maksady, ýaryşa ýokary derejede taýýarlanyp, dünýä döwletlerinden gatnaşýan türgenler bilen güýç synanyşmak.

Aşgabat 2017 oýunlarynyň howzunda üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýan rus tälimçisi Ýepifanow Sergeý Petrowiç öz türgenlerine şeýle baha berýär:

“Olar ýaş, emma maksadaokgunly. Häzirki wagtda bular Türkmenistanda iň ökde zenan ýüzüjiler, öňümizdäki ýaryşda olar köp tejribe gazanarlar. Men zenan türgenlerimiziň Aşgabat 2017 oýunlarynda oňat netijeler görkezjeklerine ynanýaryn”.

Gysga aralyga ýüzmek ýaryşlary 22-25-nji sentýabrda Aşgabat Olimpiýa şäherjigindäki Olimpiýa suw toplumynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar