Geljekki ýeňişleriň binýady şu günlerden tutulýar

0
1719

Ýurdumyzda gurnalýan dürli ugurdaky sport bäsleşikleriniň sany gün-günden köpelýär. Geçirilýän ýaryşlara türgenlerimiz höwes bilen gatnaşyp, tejribelerini artdyrýarlar.  Bu bolsa biziň türgenlerimiziň halkara arenasynda geçirilýän bäsleşiklerinde özlerini görkezmäge uly mümkinçilik berýär. Sanlyja günlerden paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türgenlerimiziň halkara derejesindäki taýýarlyk derejesini aýdyňlygy bilen görkezer. Sportuň 21 görnüşi boýunça 64 döwlete wekilçilik edýän Aziadada çykyş etjek türkmen türgenleri häzirki wagtdan ýokary derejede taýýarlyk işlerini geçirýärler. Ýakynda Bakuda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda ýygyndy toparymyzyň dürli öwüşgindäki medallaryň 13-sine mynasyp bolandyklary Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görülýändigine şaýatlyk edýär.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçirmäge uly mümkinçilik döredilen paýtagtymyzdaky köpugurly “Bagtyýarlyk” sport toplumynda hem Aziýa oýunlarynda çykyş edýän türgenlerimiziň onlarçasy türgenleşik işlerini geçirýärler.

Yslam raýdaşlyk oýunlarynda tennis boýunça bürünç medala mynasyp bolan Anastasiýa Prenko sport toplumynyň tennis kortunda türgenleşik geçýän bolsa, taý boksy hem-de söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlary esasy türgenleşiklerini toplumyň sport zalynda geçirýärler. Suwda ýüzmek boýunça Bakuda kümüş medallaryň ikisini gazanan Merdan Ataýew hem toplumyň 25 metrlik basseýninde esasy türgenleşiklerini geçirýär. Aziýa oýunlarynda gysga aralykda (25 metr) bäsleşilýändigi Merdanyň bu ýeri saýlap almagynyň esasy sebäbidir. Umuman “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň ýolbaşçylary bu ýere gelýän türgenlere türgenleşik geçirmäge ähli mümkinçilikleri döredýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Aziýa oýunlaryna gyzgalaňly taýýarlyk işleri geçirilýän döwürde islendik ugurda edilýän edilýän goldaw geljekki ýeňişleriň girewidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar