AŞGABAT-2017:Tomaşaçylar üçin gollanma

0
9341

 

Petek barada maglumat


Girelgeler (aşakda karta bar)
Saýlan ýaryşyňyza tomaşa etmek üçin degişli girelgäniň petekde görkezilendigini barlap görüň.
 

Entrance-1: 1-3 desgalara 1-nji girelgeden girip bolar.

Entrance-2: 4-10 desgalara 2-nji girelgeden girmeli.

Entrance-3: 11-15 desgalara 3-nji girelgeden girmeli.

 

Dabaralaryň geçirilýän gijeleri ähli girelgeler açyk bolar.

Görkezilen girelgä ýaryş başlamazdan 120 minut ir gelmegiňizi haýyş edýäris. Şular ýaly ýagdaýda, sizi ýerleşdirmek üçin ýeterlik wagt bolar.

 

Girelge düzgünleri

Tomaşaçynyň ýanynda işjeň petek we şahsy resminamasy bolamly: Pasport, dogluş şahadatnamasy (çagalar üçin) ýa-da Aşgabat 2017 akkreditasiýa. Ýaryşa tomaşa edýän wagtynda her petek eýesi satyn alan petegini we şahsyýetini kesgitleýän resminamasyny ýanynda götermelidir.

18 ýaşamadyk petek eýeleri ýaryşa tomaşa etmek üçin ýany bilen uly ýaşly (18 ýaşdan ýokary), petegi we şahsy resminamasy bolan adam gelmeli.

Petek eýeleri Türkmenistanyň kanuny we jemgyýetçilik düzgün-tertibini berjaý etmelidirler. Olar islendik düzgün bozmalardan daş durmaly daş-töwregindäki adamlaryň we desganyň emläain zeper ýetirip biljek hereketlerden gaça durmaly.

 

Gadagan edilen we ulanylyşy çäklendirilen jisimler
Aşakdaky gadagan edilen we ulanylyşy çäkledirilen jisimleriň biri ýanynda bolan petek eýeleri Aşgabat 2017-niň Oýunlaryna tomaşa edip bilmezler:

  • Aerozol, gel we  deodozarant serişdeler 
  • Spirtli içgiler 
  • Partlaýjy serişdeler we enjamlar
  • Ýarag
  • Ýangyn dörediji suwuklyklar we serişdeler 
  • Aýnaly kontaýnerler we çüýşeler
  • Pyçak we jana howp salýan enjamlar 
  • Uly göwrümli torbalar 
  • Göwrümi 500 ml uly bolan gapdaky suwuklyklar
  • Demir konteýnerler we gutular

Aşgabat 2017 Oýunlarynyň geçirilýän desgalaryna ýanyň bilen almak gadagan we ulanylyşy çäklendirilen jisimleriň doly sanawy Aşgabat 2017-niň resmi internet sahypasyndan görüp bilersiňiz.

Aşgabat 2017-niň desgalaryna gadagan edilen ýa-da ulanylyşy çäklendirilen jisimleriň ýokdugyna göz ýetirmek üçin degişli howpsuzlyk çäreleri alnyp barlar.

 

Ulag boyunça maglumat

Aşgabat 2017-niň Oýunlaryna tomaşa etmek üçin geleniňizde şu maglumatlar size goldaw berer:
• Olimpiýa şäherjigine girmek üçin diňe Aşgabat 2017-niň tomaşaçylar üçin niýetlenen resmi awtobuslaryndan peýdalanyň;
• Ýaryş geçirilýän günleri köpçülikleýin awtobuslary sagat 06:00-dan 01:00 çenli hereket ederler.
• Desgalaryň töwereginde ýa-da ýoluň ugrunda ulaglary goýmaga rugsat berilmez.
 

Mümkinçiligi çäkti adamlar üçin duralga
Ýaryş geçirilýän desganyň hiç biriniň golaýynda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlar üçin duralga göz öňünde tutulan däldir. Aşgabat Olimpiýa toplumynyň içinde hereket etmek üçin Oýunlaryň ulag hereketleriniň bölümi öz hyzmatlary bilen üpjün eder.
Mümkinçiligi çäkli tomaşaçynyň özüne degişli aýratyn petegi we onuň saglyk ýagdaýyny kesgitleýji resminamasy bolmalydyr.
 

Açylyş we Ýapylyş dabaralary
Aşgabat Olimpiýa toplumynda geçiriljek Açylyş we Ýapylyş dabaralaryna gatnaşmak isleýän müşderileriň ähtisi ýörite ulaglar bilen üpjün ediler. Goşmaça maglumat üçin biziň internet sahypamyza ýüzlenip bilersiňiz: https://turkmenportal.com

Olimpiýa şäherçesiniň kartasy 

Ýaryşlaryň rejesi

Petek satuw nokatlary we iş wagty şu ýerden maglumat alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar