Soňky habarlar

Arhiw

Futzalyň öňki çempionlary

0
6035

Bilşiňiz ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde futzal boýunça Türkmenistanyň erkek hem-de zenan ýygyndysy ýer eýesi hökmünde “A” toparçada çykyş eder. Erkek futzalçylar Hytaý Taýpeýiniň, Gonkongyň, Solomon adalarynyň, Wýetnamyň ýygyndylary bilen duşuşar. Zenanlar bolsa Palestinanyň hem-de Tailandyň milli toparlary bilen güýç synanyşarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň mundan öňkülerinde eýsem haýsy ýygyndylar çempion bolupdyr. Muny bilmek gyzykly bolsa gerek.

2005-nji ýylda Bangkokda oýunlarda erkeklerde Eýranyň, Tailandyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary degişlilikde altyndyr kümüş we bürünç medala eýelik etdiler. Zenanlarda özbekler altyn alan bolsa, ýer eýeleri tailandlylar 2-nji, Iordaniýanyň ýygyndysy-da 3-nji ýeri eýeledi.

2007-nji ýylda Makaudaky oýunlarda-da erkekleriň arasynda 3 medalyň eýesi-de üýtgemedi. Ýagny Eýran altyn, Tailand kümüş, Özbegistan bürünç medalyny gaýtalady. Zenanlarda Ýaponiýa ýeňiş münberiniň çür depesine çykdy. Tailandly zenanlar bu gezegem 2-nji ýeri aldy. Erkeklerde bolşy ýaly özbegistanly zenanlar bürünç medala mynasyp boldy.

2009-njy ýylda bu oýunlary Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäheri kabul edipdi. Bu ýaryşda-da erkekleriň arasyndaky altyndyr kümüş we bürünç medalyň ýeňijileri öňküligine galdy. Ýene-de Eýran 1-nji, Tailand 2-nji, Özbegistan 3-nji ýeri eýeledi. Zenanlarda ýaponlar öňe saýlanyp, altyn medala mynasyp boldy. Iordaniýa kümüş, Tailand bürünç medal gazandy.

2013-nji ýylda Inçeonda geçirilen oýunlarda Eýranyň, Ýaponiýanyň hem-de Tailandyň erkekdir zenan ýygyndylary medallary özara paýlaşdylar. Erkekleriň arasynda Eýranyň ýygyndysy 4-nji gezek altyn medala mynasyp boldy. Ýaponlar kümüş medal gazandy. Zenanlaryň arasynda Ýaponiýa altyn alan bolsa, Eýran kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy. Tailandyň zenan hem-de erkek ýygyndylarynyň ikisi-de bürünç medala eýelik etdi.  

Umuman alnanda erkekleriň arasynda Eýranyň ýygyndysy mundan öňki 4 altyn medaly-da gazanmagy başardy. Erkekleriň arasynda Tailand 2-nji, Özbegistan 3-nji orunda barýar. Zenanlardan Ýaponiýa öňde bolsa, tailandlylar 2-nji hatarda diýse bolar. Mahlasy, biziň gözel paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna yklymyň iň öňdebaryjy toparlary gatnaşarlar. Ildeşlerimize bu duşuşyklarda uly üstünlik arzuw edýäris.

 

FUTSAL (Erkekler)

Altyn: Eýran – 4

Kümüş: Tailand – 3, Ýaponiýa – 1

Bürünç: Özbegistan – 3, Tailand – 1

 

FUTSAL (Zenanlar)

Altyn: Ýaponiýa – 3, Özbegistan – 1

Kümüş: Tailand – 2, Eýran – 1, Iordaniýa – 1

Bürünç: Tailand – 2, Iordaniýa – 1, Özbegistan – 1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar