Arhiw

Rejepbaý Rejebow «Janköýerlere hoşallyk bildirýärin»

0
1332

Erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesiniň A topary Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň 5-nji noýabrdaky ýaryşlarynyň iň gyzyklysy boldy diýsek ýalňyşmarys. Ýok, munuň sebäbi toparda biziň ildeşimiz, geçen ýylky dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Rejepbaý Rejebowyň çykyş edenliginden däl. Asyl sebäbi biziň ildeşimiziň hem goşulmagynda iň güýçli türgenleriň arasyndaky ýaryşyň juda çekeleşikli bolanlygyndan.

 ...Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgeni paýtagtymyzdaky dünýä çempionatyny hormat münberinden bir basgançak aşakda tamamlady. Çempionatdaky dörünji medalymyzy gazanmaga kilogramlaryň diňe birnäçesi ýetmedi. Elbetde, dördünji orun hormat münberine çykmagy maksat edinen türgeniň, onda-da Döwlet migrasiýa gullugynda zähmet çekýän Watan goragçysynyň özüni kanagatlandyrmady. Ýöne maňa asla pes netije diýip bolmaz. Çünki ol 50-ä golaý türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşy dünýäniň, Olimpiýa oýunlarynyň ençeme çempionyny yzda galdyryp, dördünji orunda tamamlady.

― Rejepbaý, ilki bilen ähli janköýerleriň adyndan sizi görkezen ýokary netijäňiz bilen gutlaýarys. Garşydaşlaryňyz, hakykatdan-da, juda güýçlüdi. Muňa garamazdan, iň soňky pursatlara çenli ýiti göreşi dowam etdiňiz.

― Şu çempionatyň Aşgabatda geçiriljekdigi yglan edilen gününden bäri men we milli ýygyndymyzdaky ähli ýoldaşlarym janköýerlerimiziň belent ynamyny, gyzgyn goldawyny duýýarys. Gutlag üçin sag boluň, ýöne mundan gowy bolup bilerdi. Ýöne bu ― sport. Geçen ýyl dünýä çempiony bolanlaryň şu ýyl aşakdaky basgançaklara düşüp gidenini biz şu çempionatda-da kän gördük. Men milli ýygyndymyzyň beýleki türgenlerine üstünlik arzuw edýärin.

― Aslynda, siz ştangany götermegiň iki görnüşi boýunça-da geçen dünýä çempionatyndan gowy netije görkezdiňiz. Maglumatlara seretdik welin, geçen ýyl silterläp götermekde 158 (bu ýyl ― 166), itekläp götermekde 194 (bu ýyl ― 197) kilogram netije görkezipsiňiz. Üstünligi gaýtalamaga, siziň pikiriňizçe, näme ýetmedi?

― Birinjiden, ozalky ýaryşlaryň ählisinden agyr agramda çykyş etmek. Şu wagta çenli ähli ýaryşlarda 77 kilogramda çykyş edipdim. Bu gezek 81 kilograma çykmaly boldy. Ikinjiden bolsa öz ýurduňdaky çempionata gatnaşmak bir tarapdan buýsançly hem bolsa, ikinji tarapdan juda jogapkärli. Şol jogapkärçilik sebäpli hem ýaryş pursadynda özümi doly dürsäp bilmedim. Ýöne 203 kilogramy göterip bilerin diýen ynam bilen çykypdym.

― Itekläp götermekdäki soňky sargydyňyz (203 kilogram) töwekgelçilikmidi? Ýöne siz muny başarmagyň bäri ýanyndan gaýtdyňyz.

― Şahsy rekordym bolup bilerdi. Başarjakdygyma-da ynandym. Emma ýaňy hem aýdyşym ýaly özümi dürsemek, ünsümi bir ýere jemlemek ýetmedi.

― Biziň çaklamalarymyza görä, geçen çempionatdaky kümüş medal we bu gezekki dördünji orun siziň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyňyzy artdyrýar.

― Eger ömrümde ilkinji gezek şeýle mümkinçilik dörese, men Watanymyz, halkymyz, Belent Serkerdebaşymyz üçin elimden gelenini gaýgyrmaryn.

― Janköýerlere aýtjaklaryňyz?

― Her gezek agramlygy götermäge çykanymda olaryň gyzgyn goldawyny duýdum. Çäksiz goldaw üçin janköýerlerimiziň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Hormat münberine çykyp bilmedigim üçin hem ötünç soraýaryn. Indiki ýaryşlarda mundan hem kämilleşmäge çalşarys.

― Maksadyňyz myrat tapsyn, Rejepbaý! Her niçik hem bolsa siz ady rowaýata öwrülen Altymyrat Orazdurdyýewden soň türkmen agyr atletikasynyň häzirki nesilleriniň içinde iň görnüklileriniň biri. Geljekde, has uly üstünlikleri arzuw edýäris.

― Sag boluň! Bu çempionat agyr atletikaçy hökmünde biziň çagalykdan eden iň uly arzuwlarymyzyň biri. Şeýle ajaýyp çempionatyň paýtagtymyzda guralandygy hem-de oňa gatnaşmaga, ýokary derejede taýýarlanmaga döredilen mümkinçilik üçin Belent Serkerdebaşymyza ― Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar