Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen taekwondoçylarynyň esasy maksady Aşgabat 2017-de medal gazanmak

0
8178

Türkmenistanyň taekwondo boýunça milli ýygyndy topary türkmen paýtagtynda 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem medal almagy maksat edinip, ençeme kilometr ýol geçdiler.

14 türgenden ybarat bolan topar Tailand we Koreýa Respublikasynda güýçli depginde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçip, taekwondo boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşdy we Türkmenistana dolanyp geldi.

Çempionata gatnaşan 5 erkek we 1 zenan türgen medal alyp bilmedigine garamazdan, toparyň koreýaly tälimçisi Li Jae-Su olaryň çykyşyndan hoşal boldy we türkmen taekwondoçylaryň üstünlik gazanjakdygyna ynamy bar: “Topar doly düzümde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ikisine gatnaşdy. Men olar ýaryşa taýýar diýip biljek. Dünýä çempionatyna gatnaşan türgenleriň 6-sy halkara ýaryşda çykyş etmekde gowy tejribe gazandylar. Oýunlaryň Türkmenistanda, ýagny türgenlerimiň ata Watanynda geçirilýändigi olara artykmaç ynam berýär. Topar sentýabr aýynda üç medaly hem gazanar diýen umydym bar”.

Şeýle hem, türkmen janköýerleri 68 kg agramda çykyş etjek Jelaletdin Batyrowdan baýrakly orna garaşýarlar. Ilkibaşda aýkido gatnan J.Batyrow 2011-nji ýylda taekwondo sporty bilen meşgullanyp başlady. 

Şu ýylyň başynda V Halkara “Fujairah” açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp bolan 17 ýaşly Jelaletdin sportda äden ilkinji ädimleri barada gürrüň berdi: “Men başda aýkido gatnadym, emma tiz wagtdan soň meniň höwesim galdy, sebäbi sportuň bu görnüşinde esasan goranmak zerur. Men söweş sportuna synanyşyp göresim geldi. Taekwondo sporty meniň ähli isleglerime gabat gelýärdi. Şeýle hem, sportuň şu görnüşi meniň üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Men şu sport görnüşi boýunça meşgullanýandygyma buýsanýaryn”.

Soňra ol: “Maşgalamyzda men sport bilen meşgullanan ilkinji perzent. Soňra meniň doganym Medina hem menden görelde alyp, taekwondo gatnap başlady. Ol häzir 14 ýaşynda we birnäçe ýyl bäri türgenleşik geçýär. Biz ýurdumyz üçin ýokary üstünlikleri gazanyp bileris diýip umyt edýäris. Ene-atamyzyň bize buýsanmagyny isleýäris”.

Toparyň zenan türgenleriniň 2-siniň biri Selbi Kiçigulowa (49 kg) hem Muju şäherindäki ýaryşa gatnaşan türkmen taekwondoçylarynyň biridir. 

21 ýaşly türgen: “Meniň kakam Orazmyrat Muhammedow karate boýunça tälimçi bolup işledi we meniň hem ilkinji tälimçim boldy. Emma 2012-njy ýylda London şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryny telewizorda görenimden soňra ähli zat üýtgedi. Taekwondo tutluşyklary meni örän gyzyklandyrdy. Kakamyň şübhelenýändigine garamazdan, men sportuň şu görnüşi bilen meşgullanyp başladym. Başga sport görnüşine geçmek meniň üçin ýeňil bolmady” diýdi we: “Karate bilen deňeşdirilende, taekwondoda türgenleşik has dartgynly geçýär. Has çydamly bolmak gerek, sebäbi taekwondo tutluşyklary biraz köp wagta çekýär (her haýsysy 2 minutdan bolan 3 tutluşyk), karatede bolsa 2 minudyň dowamynda ýekeje tutluşyk geçirilýär. Şeýle hem, hemişe hereketde bolmaly.

Muňa garamazdan, men taekwondony gowy görýärin. Kakam Aşgabatda geçiriljek ýaryşa tomaşa eder, şonda men taekwondo geçmek boýunça dogry netijä gelendigimi subut edesim gelýär” diýip sözüni dowam etdi.

30 ýaşynda bolandygyna garamazdan, Serdar Annagylyjow topara iň soňky bolup goşuldy. Ol taekwondo bilen diňe bir ýyldan bäri meşgullanýar. Emma tejribesi az bolsa-da, ikinji dan gara guşagyň eýesi Serdar uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynamy uly: “Meni hem öň Selbiniň kakasy taýýarlaýardy we men 12 ýyllap Türkmenistanyň karate boýunça çempiony boldum. Sentýabr aýynda meniň esasy maksadym – altyn medal gazanmak. Goýan maksadyma ýetjekdigime ynanýaryn”.

Eger-de Şanepes Hudaýberdiýew Aşgabat 2017-de medal gazansa, türkmen janköýerleri Goliwuda öz minnetdarlygyny bildirmeli bolarlar. Ýagny 21 ýaşly türgeniň aýtmagyna görä, “Men mekdep okuwçysy wagtym basketboly gowy oýnaýardym. Şeýle hem, Goliwudda düşürilen kinolara tomaşa etmegi halaýardym. Brus Li bolsa meniň iň söýgüli aktýorym bolup, onuň söweşmek tärlerini öwrenmegi arzuw edýärdim. Şol sebäpli men taekwondo gatnap başladym. Dogrymy aýtsam, şu netijä gelenimde, öň dzýudoçy we samboçy bolan kakam Hojanepes maňa kömek etdi. Ol hemişe meni we taekwondo bilen meşgullanmagyma ýardam edýärdi” diýip, Şanepes sözüni jemledi.

Şeýle hem, milli ýygyndy toparyna şu aşakdaky taekwondoçylar girýär: Ýusup Annaýew, Polat Baýramow, Berdi Berdiýew, Nurmyrat Berkeliýew, Serdar Çaryýew, Işanberdi Gulamow, Serdar Gurtgeldiýew, Aleksandr Kuwarzin, Ata Melebaýew, Muhammet Rozyýew, Rzaguly Toýmuradow we Aýlar Gurbanowa.

Aşgabat 2017-niň çäginde geçiriljek taekwondo boýunça ýaryş Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän Taekwondo we tans sport arenasynda 18-22-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar