ÝOKARY LIGADA 14-NJI TAPGYR: ÇAKLAMALAR, PIKIRLER

0
2124

«Energetik» — «Balkan» (28-nji maý)
Tapgyryň açylyş duşuşygynda geçen tapgyrda «Daşoguzy» uly hasap bilen utup, möwsümiň rekordyny goýan «Balkan» Ýokary liga ilkinji gezek çykýan «Energetige» mynasyp bolar. Ýaryş sanawmanasynyň 9-njy basgançagynda barýan hem bolsa, «Energetigi» öz meýdanynda utmak kyn.

Topar şu möwsümde öz meýdanynda «Ahal», «Merw» toparlary bilen deňme-deňlik bilen oýnady. AFK-nyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp bolan HTTU-ny bolsa ýeňdi. Şonuň üçin bu oýun «Balkan» üçin ýeňil bolmasa gerek.  Şeýle-de bolsa iki topara-da öňe saýlanmaga, ýeňiş gazanmaga mümkinçilik bar. Eger topardaşlary bilen düşünşip, gowy oýun görkezip bilse, şu möwsümiň iň netijeli oýunçysy Myrat Ýagşyýew («Balkan») tapawutlanyp, geçiren pökgüleriniň sanyny artdyryp biler. Ýeňiş gazanan ýagdaýynda «Balkan» ýaryş sanawynyň başyna geçer diýip aýtmak kyn. Bu diňe «Altyn asyr» — HTTU duşuşygynyň netijesine bagly bolar. Iki toparyň arasynda birinji aýlawda (5-nji tapgyrda) Balkanabatda bolan duşuşykda «Balkan» 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şu möwsümde «Balkan» myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň diňe ikisinde ýeňiş gazandy, 3-sinde ýeňildi, birinde deňlik hasap bilen oýnady.
«Energetik» bolsa şu möwsümde öz meýdanynda geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde asgyn geldi, birinde ýeňdi, 2-sinde deňlik hasap bilen oýandy.

«Hazyna» — «Şagadam» (29-njy maý)
Geçen tapgyrda 4 tapgyr diňe ýeňip gelýän «Aşgabatdan» üstün çykan «Hazyna» janköýerlerini ýene-de begendirdi. Ýöne topar häzirki günlerde hüjümiň esasy oýunçysy Didar Durdyýewden peýdalanyp bilenok. Ýaş hem-de tejribeli hüjümçi bejergi alýar. 

18-nji maýda açylan bir günlük transferde «Ahaldan» käbir oýunçylary alyp, düzümini güýçlendirmek islän «Hazynanyň» bu maksady barmady. Ýöne şu duşuşykda «Hazynanyň» ýeňiljekdigine-de ynanmak kyn. Çünki birinji aýlawda topar «Şagadamy» myhmançylykda ýeňipdi. Öz öýünde, öz janköýerleriniň arasynda toparyň has-da ynamly çykyş etjekdigi gümansyzdyr.

Häzirki wagtda «Balkan» topary bilen deň utuk gazanan «Şagadam» üçin hem ýeňiş juda zerur. Hatda häzirki ýagdaýda «Şagadam» «ykdysadyýetçilerden» azda-kände rüstem hem görünýär.

«Şagadam» şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň 4-sinde ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi, bir gezek hem deňlik bilen oýnady. Hatda topar soňky myhmançylygynda geçen ýylky çempiony hem ýeňmegi başardy.

«Hazyna» şu möwsümde öz meýdanyndaky duşuşyklaryň 3-sinde ýeňildi (biri tehniki ýeňliş), 2-sinde ýeňiş gazandy, birinde duşuşyk deňlik bilen tamamlandy.

«Ahal» — «Merw» (29-njy maý)
AFK-nyň Kubogynda ýurdumyzyň futbol abraýyny goran «Ahal» şu möwsümde Mary welaýatyna wekilçik edýän toparlardan ýeňlip görmedik bolsa-da, toparyň häzirki gidişini üstünlikli diýip bolmaz. Geçen ýyl 13-nji tapgyrdan soňra «Ahalyň» 27 utugy bardy. Bu möwsüm bolsa topar häzire çenli 22 utuk toplap bildi. 
«Ahal» bilen «Merwiň» arasynda birinji aýlawda Maryda bolan duşuşykda ýeňiş gazanan «Ahal» bu gezek hem rüstem görünýär. Şu günler, esasan, hüjüm böleginde kynçylyk çekýän «Merwiň» goragçylaryny Altymyrat Annadurdyýew, Mämmedaly Karadanow ýaly hüjümçiler kyn güne salsalar gerek. Onsoňam, näme üçindir, «Merwe» şu ýyl myhmançylykda geçirýän duşuşyklarynda ýeňiş gazanmak gaty kyn düşýär. Topar myhmançylykda diňe «Daşoguzy» 1:0 hasabynda ýeňipdi. Ýöne bu futbol, her dürli ýagdaý bolup biler. Toýly Goçnazarowdan, Begenç Alamowdan islendik pursatda netijeli urgulara garaşaýmaly!
«Ahal» şu möwsümde öz meýdanynda geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde ýeňiş gazandy, birinde deňlik hasap bilen oýnady, bir duşuşykda ýeňildi.

«Altyn asyr» — HTTU (30-njy maý)
Geçen ýyl düzümini güýçlendiren «Altyn asyry» ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňlişe sezewar etse-de, çempiony Ýokary ligada ýeňmek HTTU-a geçen möwsümden bäri başardanok. Şu duşuşykda hem futbol janköýerleri «Altyn asyryň» ýeňşine garaşýarlar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew birinji aýlawda öňki tälimçilik eden toparyny jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňipdi. Geçen ýyl HTTU bilen AFK-nyň Prezidentiniň Kubogyny gazanan Süleýman Muhadow bolsa öňki topardaşlaryny ilkinji gezek «Altyn asyryň» meýdanynda garşylar. 

«Altyn asyr» şu möwsümde öz meýdanynda 3 ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi we 2 gezek deňlik hasap bilen oýnady.
HTTU myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde ýeňildi, 2-sinde ýeňiş gazandy, birinde deňlik bilen oýnady.

«Daşoguz» — «Aşgabat» (30-njy maý)
Geçen tapgyrda Balkanabatda möwsümiň «rekordyny» goýan «Daşoguz» «Aşgabady» kabul edýär. Iki şäheriň adybir toparlary duşuşýar. Duşuşykda ýer eýelriniň ýeňjekdigine ynanmak kyn. Myhmançylykda oýnaýan hem bolsa, esasy artykmaçlyk «Aşgabadyň» tarapynda. Iki toparyň arasynda birinji aýlawda bolan duşuşykda «Aşgabat» 3:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

«Daşoguz» şu möwsümde öz meýdanynda diňe bir gezek deňlik bilen oýnap gördi, galan duşuşyklarynyň ählisinde ýeňildi. 
«Aşgabadyň» hem myhmançylykdaky duşuşyklaryny şowly hasaplap bolmaz. Topar myhmançylykda diňe 2 gezek ýeňiş gazandy, 3 gezek ýeňildi, bir oýun deňlik bilen tamamlady.

Tapgyrda:
Ilkinji 5 orunda barýan topar 6 – 10-njy orunlardaky toparlar bilen duşuşar.
Birinji aýlawdaky duşuşyklarda 6 – 10-njy orunlarda barýa toparlaryň arasyndan diňe «Hazyna» ýeňiş gazandy (5-nji tapgyr, «Şagadam» — «Hazyna» 1:2)
Tapgyrdaky «Daşoguz» — «Aşgabat» duşuşygy möwsümiň 70-nji oýny bolar.

------------------------------

Bizi yzarlamak üçin aşakdaky düwmä basyň!

Добавить

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar