Indi bižuteriýanyň gymmat bahaly hem-de daşlar bilen bezelen hakyky şaý-sepleriň ornuny tutýan arzan, şeýle-de pul ýetmezçiligi sebäpli satyn alynýan bezegler diýlip hasap edilýän döwri geçdi. Bu günki günde ýokary hilli bižuteriýalar — bu has özüne çekiji, şeýle-de aýratyn ýasalýan, özboluşly bezeg keşbini döretmäge ýardam edýän şaý-seplerdir.
Bu makalada bižuteriýa barada bilmesi zerur bolan gerekli maglumatlar jemlenýär.
Taryhy maglumatlara görä, bižuteriýalary ýasamak sungaty XVII asyryň ahyrlarynda Fransiýada döräpdir we öz döwrüniň hökmany çäklendirmeleriniň biri bolupdyr. Şeýlelik bilen, Fransiýanyň koroly Lýudowik XIV döwletiň maliýe kynçylyklaryny ýapmak üçin 1689-njy ýylda «Kaşaňlyklara garşy» karar çykarýar we şoňa laýyklykda hem köşk wekilleriniň we begleriň ähli altyn-kümüş önümleri gaýtadan eredip guýmak üçin Korollyga tabşyrylmaly edilýär.
Gyzykly ýeri bu pullaryň Korol üçin ýetmändigi sebäpli, degişli karar 1700-nji ýylda hem çykarylýar. Munuň netijesinde hem Fransiýanyň zergärçilik sungatyny ajaýyp eserleriniň dowamy, ösüşi togtadylýar. Şeýle-de bolsa, sungatyň taryhynda bu hili wakanyň ýüze çykmagy toýun önümlerinden we dürli erginlerden şaý-sepleriň öndürilmegine goşant goşýar.
Fransuz Žorž Frederik Strass zergärçiligiň taryhynda garşylyklaýyn täsirli yz galdyrdy. Bir tarapdan, zergär emeli daşlary taýýarlamak tehnologiýasyny oýlap tapdy, bular öz gezeginde taraşlanandan soň, göwhere gaty çalym edýärdi. Beýleki bir tarapdan, Žorž Strass aýnadan asyl daşlar ýaly sungaty döretmek arkaly durmuşynda ajaýyp we kaşaň önümleri söýýänleriň köpüsini «aldamagy» başardy. Bu täsin usuly oýlap tapyjy aradan çykanyndan soň, onuň hormatyna galp gymmat bahaly daşlar — strazlar diýlip atlandyryldy. Mundan ýüz ýyl geçeninden soň bolsa, Daniýel Swarowskiniň tagallalary bilen strazlar dünýäde meşhurlyk gazandy.
Surat: kulturologia.ru
Netijede, ýokary derejeli bižuteriýanyň atasy diýlip Daniýel Swarowski hasap edilýär. Swarowski kristallaryny öndürmegiň innowasion usuly ýüz ýyldan gowrak wagt bäri örän berk syr hökmünde saklanýar.
Moda pudagynda daşlaryň aýdyňlygy we parlaklygy bilen ilkinjileriň biri Kristian Dior boldy. Ol kolleksiýalaryny we köýneklerini bu şaý-sepler bilen bezedi. Swarowskiniň meşhurlygyna Merilin Monro hem belli bir derejede goşant goşdy. Kristallar bilen bezelen lybasly aktrisa Prezident Jon Kennediniň 45 ýaş toýunda «Happy Birthday Mr. President» aýdymyny ýerine ýetirdi.
Surat: kulturologia.ru
XX asyryň meşhur moda dizaýneri Koko Şanel hem bižuteriýa şaý-seplerini dakynmakdan çetde durmandyr, ol bu babatda şeýle pikiri öňe sürüpdir: «Şaý-sepler birinde bar zadyň özüňde bolmagyny islemek ýaly duýgyny döretmek üçin däl-de, haýran galdyrmak üçindir». Dizaýner emeli merjenlerden ýasalan uzyn monjuklary, gulakhalkalary we gymmat bolmadyk daşlardan ýasalan monjuklary moda Älemine hödürledi.
Surat: marieclaire.ru
Şa gyzy Diana hem köplenç jemgyýetçilik ýerlerine arzan bahaly aksessuarlar bilen çykýardy. Mundan başga-da, Ledi Diniň kolleksiýasynda ABŞ-nyň 39 dollaryna durýan gulakhalkalar bolupdyr. Onuň gelni Keýt Middlton bolsa dizaýnerlik lybaslaryny bary-ýogy 1,5 funt sterlinge durýan gulakhalkalar bilen utgaşdyrypdyr.
Surat: adme.media
Şoping-terapiýanyň zenanlara şatlyk getirýändigi hakyky zat, emma hut bižuteriýa ýa-da şol kysmy şaý-sepleriň gelin-gyzlara has-da täsirli duýgulary bagyş edýändigi hem ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Bu babatda psihologlar keýpiňi götermek üçin gutularyndaky şaý-sepleri täzeläp durmagy hem-de şu hili bezeg önümlerini synap görmegi maslahat berýärler.
Aşgabatda ýerleşýän «Ýakut daşlar» dükanynda hem «Xuping Jewelry» bižuteriýa kolleksiýasynyň iň ýörgünli bezegleri hödürlenýär. Bu şaý-sepler lukmançylyk garyndysyndan ýasalyp, olaryň üsti hakyky metallaryň bölejikleri — rodiý we altyn bilen örtülendir. Şaý-sepleriň örtüginde ýokary hilli sirkon we beýleki emeli daşlar ulanylýar.
Hytaýyň «Xuping Jewelry» brendi aksessuarlary halaýanlaryň arasynda hili, elýeterli bahasy, allergiki täsirleriniň ýoklugy hem-de dürli hili görnüşleri bilen meşhurdyr.
«Xuping Jewelry» bižuteriýa dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Parahat 4 ýaşaýyş toplumy, Ankara köçesi, 57-nji jaý. Alyjylar bu ýerden söwda etmek bilen, ýüzük, braslet, gulakhalka, zynjyr, gülýaka, tumar ýaly sowgatlaryň eýesi bolup bilerler.
Telefon belgileri: (+993 65) 94 44 48, (+993 65) 67 68 71.
Peýdalanylan çeşmeler: marieclaire.ru; billionnews.ru; uvelirnoedelo.ru; adme.media