Soňky habarlar

Arhiw

Lybaslaryň reňkini nähili utgaşdyrmaly: Esasy maslahatlar

0
51381

«Egin-eşigiňe görä garşy alýarlar...» diýilýär. Käbir ýagdaýlary hasaba almasaň, bu hakykat. Şol sebäpdenem döwrebaplyga ymtylýan islendik adam, aýratynam zenanlar egin-eşik tekjesini üpjün etmek barada has köpräk alada edýärler. Has gelşikli daşky keşbi döretmekde bolsa uly orun reňkdarlyga, reňkleriň sazlaşygyna degişli.

«Totyguş ýaly» hemişe köpöwüşginli bolmazlyk üçin geýimleriň reňklerini sazlaşykly utgaşdyrmagyň birnäçe sany nazaryýetlik esaslary bar. Bu babatda, has takygy gündelik, hemişelik geýimlerde, şeýle-de toý-dabaralary üçin niýetlenen kaşaň lybaslarda sazlaşykly gelişýän reňkleri saýlamak üçin gürrüňi ediljek ýörelgelerden ugur alyp bilersiňiz.

Gara reňki, has anygy «nusgawy» reňki haýsydyr bir başga reňk bilen sazlaşdyrmak kyn däldir. Munda, esasan, goňur, ýaşyl hem-de gök reňkleriň ýapyk görnüşleri bilen garany utgaşdyrmak ýalňyş bolar. Beýle utgaşma has garaňky häsiýetli keşbi döreder.

Ak reňk bilen gara ýa-da çal ýagty öwüşginli reňkleri has görnükli sazlaşdyryp bolar. Şol sanda çal reňk hem başga islendik reňk bilen ýerlikli bolup, görenleriň ünsüni özüne çekmeýär, ol diňe sizi abraýly görkezip biler.

Garamtyl çal reňki bolsa gara reňk bilen bile geýmek oňat gelişmez.

Goňur reňk hem esasy reňkleriň hatarynda hasap edilýär. Ol köpler üçin «ýyly» reňk bolup, käbirleri üçin bolsa bedeniň reňkine baglylykda «sowuk» görnüp biler. Goňur reňk özüne ýakyn bolan goýy, kerpiç, gyzyl, şetdaly, sary, mämişi reňkli öwüşginler bilen gelşiklidir. Munda ýyly goňur bilen jins, reňkdar gök hem-de fiolet ýaly reňklerden ajaýyp kontrast döredip bolar.

Esasy ýerlikli görkezýän reňkleriň biri-de gök, aýratynam goýy gök reňkdir. Ol mawy, ýaşyl hem-de mele reňkleriň öwüşginleri bilen gowy utgaşýar. Gök reňk bilen kontrast öwüşgindäki reňklerden gyzyl, sary, gülgüne, ýaşyl, gyzylymtyl ýaly reňkler has gowy baglanyşyp biler.

Ýaşyl reňk hem öz gezeginde ýyly hem-de sowuk öwüşginde bolýar. Sowuk öwüşginli ýaşyl reňklere goýy ýaşyl, deňiz tolkunynyň reňki, narpyz reňki, ýyly ýaşyl reňklere bolsa ter otlaryň reňki, pisse, salat reňki, ýaprak, zeýtun ýaly reňkler degişli edilýär. Sowuk ýaşyl reňk bilen çal, jins reňkini, süýt reňki, gyzyl, sary hem-de goýy goňur reňkler bilen bile peýdalanyp bolar. Ýyly ýaşyl reňk bilen bolsa gyzylymtyl-goňras, jins reňkini, zeýtun, mawy, süýt reňk, gülgüne we gyzyl reňk has gelşikli görner.

Gyzyl reňk köplenç gara, garamtyl, gara-goňur, garamtyl gök, ak, süýt reňk, garamtyl fiolet ýaly «nusgawy» häsiýetli reňkler bilen kybap gelýär. Bulardan başga-da, ol mawy, narpyz ýaly reňkler bilen hem gelişmän durmaýar.

Sary reňkem öz gezeginde limon reňkinden başlap, altyn, goýy, mämişi we hatda goňur reňke çenli öwüşgine eýedir. Ol çal, goňur, gök, jins reňki ýaly reňkler bilen gowy görünýär. Açyk sary reňki zeýtun, salat reňkleri, baý sary mämişi ýa-da goňur sowuk ýaşyl bilen birleşdirilip bilner. Olar deňiz gök we goýy çal bilen gowy jübütleşip biler.

Mämişi reňk köp sanly reňkler bilen, hatda kontrast reňkleri bilen hem sazlaşyp bilýär. Ak, gara, goňur, çal we süýt reňkinden başga-da, ol mawy, gyzyl, garamtyl fiolet hem-de sary reklere laýykdyr. Mämişi reňk şetdaly, käşir, apelsin reňkleri ýaly öwüşginlerde bolup bilýär.

Gülgüne reňk bilen ilkinji nobatda ýagty we aýdyň reňkler sazlaşyklydyr. Olardan açyk mawy, süýt reňki, merjen-çal, açyk-gülgüne reňkleri bellemek bolar. Bu reňkiň has reňkdar görnüşleri bolan açyk gülgüne, fuksiýa, majenta ýaly reňklerini gara, goňur, gök, çal hem-de fiolet reňkleri bilen bile ulanyp bolar. Gülgüne reňkiň ähli öwüşginleriniň jins reňki bilen laýyk gelýändigini aýtmak zerur.

 Açyk bolmadyk mawy reňki ak, dymyk sary, aýdyň gülgüne, kümüşsöw-çal, şeýle-de gara, çal, süýt reňki, goňur, ýaşyl reňkiň dürli öwüşgini, goňra we fiolet reňkleri bilen utgaşdyryp bilersiňiz. Belli-belli ýagdaýlarda reňkdar mawy reňkini açyk gülgüne, gyzyl, mämişi, açyk ýaşyl reňkleri bilen sazlaşdyryp bolar.

Fiolet reňki reňkdar häsiýete eýe bolup, ter garalynyň reňki ýaly garamtyl, badam reňkde bolýar. Bu hili öwüşgindäki reňkler gyzyl, sary, goňras, gülgüne, süýt reňki, altynsow we açyk fiolet reňkleri bilen kombinirleşýär. Açyk fiolet reňkini (siren, lawanda) dymyk sary, gülgüne, ak, gara, çal, asman gök reňkleri bilen bilen ulanmak ýerine düşer.

Islendik reňkleri utgaşdyrylanda balansy saklamaga üns bermeli — bir keşbi döretmek üçin üç reňkden köp reňki ulanmaly däldir. Kontrastly reňklere aýratynam ähmiýet bermeli däl, garamtyl öwüşginli reňkleriň sazlaşygyny döretmäge hem üns bermek ýerliksizdir (bu pastel reňkleri babatda dogry bolup biler, olar açyk reňkleriň sazlaşygyny döredip biler). Garderobyňda esasy reňkler bolan — gara, ak, çal, goňur, ýapyk gök ýaly reňkleri toplamak ýerlikli bolar, sebäbi olary islendik reňkler bilen utgaşdyryp bolýar.

Açyk kontrastly reňkler sazlaşdyrylanda, olardan ikiden köpüsini ulanmaly däldir.

Açyk kontrastly reňkleri birleşdirmegi birhili görseňiz, dymyklygy bilen tapawutlanýan belli bir reňkdäki öwüşginleri birleşdirmäge synanyşyp bilersiňiz, mysal üçin: fiolet we siren, açyk gülgüne we fuksiýa, ýiti gök we açyk gök we ş.m. Bu hili ýagdaýda hatda üçden gowrak reňk hem birleşdirilip bilner we olaryň hemmesi biri-biri bilen utgaşar.

Öz garderobyňyzy üpjün etjek reňkleri saýlamaga synanyşsaňyz hemişe özüňize gelişýän reňklerden ugur almak zerurdyr. Bu ýagdaý bedeniňiziň reňkine we islendik synaňyzyň gelşigine laýyklygy döreder.

Bu babatda «Mähirli Zenan» kompaniýasynyň stilistleri türkmen milli äheňindäki stilde döredýän ajaýyp lybaslarynda dürli reňkleriň sazlaşygyny, şol sanda kontrastly reňkleri hem ulanýarlar. Olaryň bu ugurdaky ukyp-başarnyklary bolsa «Mähirli Zenanyň» modelleriniň diňe bir nagyşlary, ýakalary ýa-da biçüwi bilen däl-de, eýsem reňkleriniň sazlaşygy taýdan has tapawutlandyryp, hakyky gelşikli türkmen zenanynyň keşbini döretmäge giňden ýardam berýär.

«Mähirli Zenan» kompaniýasy lybaslaryny döretmekde mahmal, keteni, ýüpek, organza, şifon ýaly ýokary hilli ýerli hem-de import matalardan peýdalanýar. Umuman aýdylanda, «Mähirli Zenanyň» stilini milli türkmen keşpli we adaty bolmadyk, jaýdar utgaşdyrylan reňkleriň sazlaşygy hökmünde häsiýetlendirip bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: lookcolor.ru; otkan.ru; zen.yandex.ru.

Suratlaryň çeşmesi: ru.pinterest.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar