Turkmenportal logo
08.09.22
4213342133
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mähirli Zenanyň» täze kolleksiýasy «Moda hepdeliginde» ýokary baha mynasyp boldy

«Mähirli Zenan» kompaniýasy geçen «Moda hepdeligi — 2022» bäsleşiginiň netijeleri boýunça «Iň gowy konseptual dizaýn» ugry boýunça ýeňiji diýlip saýlandy.



Kompaniýa bu ýokary baha kaşaň, baý hem-de özboluşly stil aýratynlygy bilen tapawutlanýan täze baýramçylyk lybasyny döretmek bilen mynasyp boldy.


Uly isleg bildirilýän moda dizaýnynyň konseptuallygynda dizaýnerleriň döredýän çuňňur mazmuny we aňly-düşünjeli çemeleşmeleri jemlenýär. Bu bolsa «Mähirli Zenanyň» nusgalaryny türkmen moda önümçiliginde has-da tapawutlandyrýar.



Zenanlar üçin gaýtalanmajak gündelik we agşamky dabaralar üçin niýetlenen egin-eşik nusgalaryny döretmekde «Mähirli Zenan» kompaniýasynyň dizaýnerleri milli ýörelgeleri dowam etmeklige, şeýle-de ony döwrebaplyk bilen utgaşdyrmaga ähmiýet berýärler.


Hakyky sungat eserlerine deňelýän el keşdelerinde hem bu ýörelge mynasyp saklanýar.



«Mähirli Zenanyň» lybas nusgalary Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Aşgabat — dizaýn şäherim» taslamasynyň çäklerinde geçirilen «Moda hepdeligi — 2022» bäsleşiginiň jemleýji gününde köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.


Ýakyn günlerde kompaniýanyň täze lybas kolleksiýasynyň nusgalary «Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän «Mähirli Zenan» dükanynda alyjylar üçin elýeterli bolar.



Şeýle-de okaň:



Fotoreportaž:



Wideo serediň: