Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Moda hepdeligi «Mähirli Zenanyň» lybaslarynyň görkezilişi bilen tamamlandy

11:1807.09.2022
0
23920

Aşgabatda ýerleşýän «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly taslamanyň çäklerinde geçirilen «Moda hepdeligi — 2022» moda tanyşdyryşynyň jemleýji tapgyry boldy. Hepdeligiň ahyrky gününde «Mähirli Zenan» kompaniýasy döredijilikli ýerine ýetirilen lybaslaryny tanyşdyrdy.

«Mähirli Zenanyň» dizaýnerleriniň we hünärmenleriniň döreden lybaslary häzire çenli Aşgabat şäherinde hem-de daşary ýurtlarda geçirilen moda tanyşdyryşlarynda tomaşaçylarda ajaýyp aýratynlyklary bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp gelýär. «Moda hepdeligi — 2022» hem kompaniýanyň täzeliklerini ýaýmak üçin nobatdaky çäre boldy.

Görkezme sahnasynda kompaniýanyň ýerine ýetiren milli äheňdäki lybaslary, gündelik we agşam dabaralary üçin niýetlenen zenan egin-eşikleri, ýaglyklary we çabytlary, keteniden hem-de mahmaldan tikilen, gadymy milli nagyşlar bilen bezelen üstki lybaslary köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Moda tanyşdyryşynda ýaş modaçylar bolsa kompaniýanyň kiçi ýaşlylar üçin tikýän dürli hili lybaslaryny görkezdiler.

Aýratyn-da, «Mähirli Zenanyň» täze güýzki lybaslar kolleksiýasyndan özüniň gözellik terbiýesine kybaplygy, milli aýratynlygy, kaşaňlygy, reňk sazlaşyklylygy we inçe duýgy döredijiligi bilen tapawutlanýan lybaslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň