Top.Mail.Ru

Internet-Banking Türkmenistanda: banklar 2022-nji ýylda nämeleri hödürleýär

0
15162

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň banklary tarapyndan raýatlara birnäçe ýyl bäri “Internet-bank” hyzmaty hödürlenýär we häzirki wagtda giňden peýdalanylýar.

“Internet-bank” hyzmaty - internet ulgamyna çykyşy bolan ähli kompýuterlerden, ykjam enjamlaryndan islendik wagtda we islendik ýerde uzak aralykdan bank hyzmatlaryndan we degişli hasaplardan peýdalanmak mümkinçiligini berýän hyzmatdyr. Ýagny, internet torunyň üsti bilen bankyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga berilýän mümkinçilikdir.

 “Internet-bank” hyzmatynyň işleýşi

“Internet-bank” hyzmaty bank kartyna bagly bolup, bank kartynda bar bolan pul möçberine laýyklykda raýatlar tarapyndan aşakdaky amallary ýerine ýetirip bolýar:

  • Internet hyzmatlary üçin tölegleri geçirmek;
  • IPTV üçin tölegleri geçirmek;
  • Ykjam aragatnaşyk üçin tölegleri geçirmek;
  • Öý telefony üçin tölegleri geçirmek;
  • Karzyň esasy we göterim bergileri üçin tölegleri geçirmek;
  • Saglyk ätiýaçlandyrmasy üçin tölegleri geçirmek.

“Internet-bank” hyzmatynyň beýleki mümkinçilikleri:

  • Bank kartynyň hasap galyndysyny görmek;
  • Tölegleri awtomatlaşdyrmak;
  • Bank kartynyň hasap göçürmesini we tölegleriň taryhyny görmek.

Hyzmatyň görnüşleri we olaryň mümkinçilikleri ýurdymyzyň banklary tarapyndan mydama artdyrylýar we kämilleşdirilýär. Hyzmatlardan web-brauzeriň ýa-da mobil goşundynyň üsti bilen peýdalanylýar. Hyzmatyň mobil goşundynyň üsti bilen peýdalanylmagyna “Mobil-bank” diýlip atlandyrylýar.

“Internet-bank” hyzmatynyň amatlyklary:

  • Banka barmazdan ýokarda agzalan amallary ýerine ýetirmek;
  • Wagty tygşytlamak;
  • Hepdäniň we gije-gündiziň dowamynda hyzmatdan peýdalanyp bilmek;
  • Tiz, ykjam we ygtybarly.

“Internet-bank” hyzmatyny birikdirmek

“Internet-bank” hyzmatyndan peýdalanmak üçin, bank kartyňyzyň degişli bolan bankyna ýüz tutmalydygyňyzy habar berýäris.

Banklaryň resmi web-saýtlarynyň salgylaryny we telefon belgilerini şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin bank kartyna “SMS habar” hyzmaty birikdirilen bolmaly.

Häzirki wagtda “Internet-bank” hyzmaty ýurdumyzyň aşakda atlary agzalan banklary tarapyndan  hödürlenýär:

  • Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky;
  • Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky;
  • Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky;
  • Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky;
  • «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky;
  • Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky;
  • «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky.

Soraglaryňyzy biziň elektron salgymyza ýazyp bilersiňiz!

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar