Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Banklaryň «Cash back» hyzmaty we olaryň göterim derejeleri

0
21153

«Cash back» - iňlis dilinde «cash» – nagt, «back» – yzyna, ýagny «yzyna nagt gaýtarmak» manysyny berip, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň bank kartynyň hasabyna tölenilýän pul sylagy bolup durýar.

«Cash back» hyzmaty dünýä tejribesinde giňden peýdalanylýar, diňe banklar tarapyndan däl, eýsem söwda we hyzmat ediş guramalary tarapyndan hem bu hyzmatyň görnüşi müşderilere hödürlenýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlara bu hyzmat giňden hödürlenýär. Hyzmata laýyklykda, nagt däl görnüşinde geçirilýän ähli bank amallaryna degişlilikde pul sylagy görnüşinde yzyna gaýtarylýar.

Mysal üçin, nagt däl görnüşde 1000 manat möçberde kart arkaly söwda edilende (1 göterim göz öňünde tutulan halatynda), 10 manat müşderiniň kart hasabyna yzyna gaýtarylýar.

Adatça «Cash back» aýlyk umumy nagt däl söwda üçin berilýär.

Şeýle hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy müşderilere nagt däl hasaplaşykdan peýdalanmaga itergi berip, bank kartynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Makalamyzyň bu sanynda, «Cash back» hyzmaty haýsy banklar tarapyndan hödürlenýändigini we olaryň göterim derejeleri barada maglumaty siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik (maglumatlar şu ýylyň sentýabr aýy ýagdaýyna).

Bellik: «Cash back» hyzmaty tarapyndan berilýän göterim derejeleri üýtgäp bilýär (Mysal üçin, baýramçylyk günlerinde, iş zerurlygy sebäpli we ş.m.), şol sebäpli aktual göterim derejelerini bilmek üçin banklaryň resmi web-saýtlary arkaly ýa-da telefon etmek arkaly bu maglumaty anyk öwrenip bolar.

  1. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky: «Goýum bank karty» saklaýjy müşderilerine we kärendeçileriň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjy müşderileri üçin 2% «Cash back»;
  2. Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky: zähmet aýlyk karty üçin 2% «Cash back», “Maşgala” bank karty üçin 2% «Cash back»;
  3. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky: “Goýum” bank karty üçin 2% «Cash back», zähmet aýlyk karty üçin 2% «Cash back», “Maşgala” bank karty üçin 2% «Cash back»;
  4. Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky: zähmet aýlyk karty üçin 3% «Cash back»;
  5. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky: zähmet aýlyk karty üçin 3% «Cash back», “Goýum” bank karty üçin 3% «Cash back»;
  6. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky: “Goýum” bank karty üçin 2.5% «Cash back».

«Cash back» hyzmaty adatça karta awtomatiki usulda baglanylýar (eger şol kart üçin bu hyzmat hödürlenýän bolsa). «Cash back» pul sylaglarynyň geçýänini bank kart arkaly edilen nagt däl söwda görä anyklap bolar. Bu boýunça anyk maglumatlary banklardan alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar