Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda önümçilik we telekeçilik üçin karz nireden alyp bolýar

0
59248

Ýurdumyzda banklar tarapyndan telekeçiler üçin birnäçe görnüşli karzlar hödürlenýär. Olaryň görnüşleri, amatlyklary we aýratynlyklary barada maglumaty şu makalamyzda Siziň dykgatyňyza ýetireris.

Makala banklaryň resmi web-saýtlaryndaky maglumatlar esasynda taýýarlandy.

1. Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan bu ugurda hödürlenýän karzlaryň görnüşleri bilen şu salgy boýunça tanyşyp bilersiňiz.

Bankyň resmi web-saýtynda görkezilşi ýaly, telekeçiler we hususy kärhanalar 10 ýyla çenli maýa goýum taslamanyň 85% çenli ýyllyk 5% bilen karzlaşdyrylýar, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hem ýeňillikli karzlar hödürlenýär, önümçilik, hyzmat we ş.m. maksatly karzlar hem amatly şertlerde hödürlenýär. Ýyllyk göterim derejesi hem amatly ýagdaýda bolup durýar.

Karzlar nagt däl görnüşinde berilýändigi aýdylýar.

2. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň telekeçiler üçin hödürleýän karzlary barada şu hem-de şu salgylarda okap bilersiňiz.

Görnüşi ýaly, bank tarapyndan kiçi göwrümli karzlar 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterim bilen 3 ýyllyk möhlete berilýär. Olar şu maksatlar üçin berilýär: önümçilik, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, maldarçylyk, ösümlikleri ýetişdirmek we ş.m.

Şeýle hem, oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ýyllyk 1% göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete we beýleki görnüşli karzlar hödürlenýär.

3. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky karzlary hödürleýär. Bank tarapyndan önümçilik, gurluşyk, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek, maldarçylyk we guşçulyk üçin ýaly ýeňillikli karzlar hödürlenýär.

4. “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan kiçi we orta telekeçiler üçin önümçilik, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki görnüşli karzlar hödürlenýär.

5. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan telekeçiler üçin hödürlenýän ýeňillikli karzlar şu salgyda. Bank oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin, önümçilik, gurluşyk, maldarçylyk we guşçulyk we beýleki karzlary hödürleýär.

6. Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky hem ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek maksatly 3 ýyla çenli, 30000 manada çenli, 10% göterim derejede ýeňillikli karzlary hödürleýär.

7. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan önümçilik maksatly we kiçi göwrümli ýeňillikli karzlar hödürlenýär. Olar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

8. Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň hususy telekeçilere hödürleýän önümçilik we beýleki görnüşli karzlary hakynda şu salgyda okap bilersiňiz.

Ýokarda beýan edilenlere laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan telekeçiler üçin amatly we ýeňillikli, dürli görnüşli karzlar hödürlenýär, döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Önümçilik, oba-hojalyk, gurluşyk, maldarçylyk, guşçulyk we beýlekiler, islendik ugurda işlemek üçin ýurdumyzda telekeçiler üçin şertler göz öňünde tutulan.

Beýan edilenler boýunça karz almaga isleg bildirýän telekeçiler banklara ýüz tutup bilerler. Karzy resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy banklaryň resmi web-saýtynda, ýokarda paýlaşan salgylarymyzda ýerleşdirilen. Şeýle hem, islendik bankdan karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüz tutup bilýändigiňizi ýatladýarys.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar