Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň bank kartlary: ýygy-ýygydan berilýän soraglara jogaplar

0
39670

Häzirki günde ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlara birnäçe bank kartlary hödürlenýär: zähmet aýlyk bank karty, “Goýum” bank karty, “Maşgala” bank karty. Bulardan başga-da birnäçe kartlar bar, olar bilen banklaryň web-saýtlarynda tanşyp bilersiňiz.

Makalamyzyň bu sanynda bank kartlary boýunça ýüze çykýan esasy soraglara jogap taýýarladyk.

Kartym bloga düşdi, nädip açmaly?

Bank karty şu sebäplerä görä bloklanyp bilinýär: PIN-kodyň 3 gezek ýalňyş girizilmegi, müşderiniň öz zerurlygyna görä bloga goýmagy.

Bank kartyny blokdan açdyrmak üçin, kartyň eýesi özüniň pasporty bilen degişli banka baryp ýüz tutmaly. 

Peýdaly maslahat: еger-de siz kartyň PIN-koduny 2 gezek yzly-yzyna ýalňyş girizseňiz onda 3-nji gezek girizmekden saklanyň. Karty çykaryp täzeden salsaňyz, ýene-de 3 gezek synanyşmaga mümkinçilik döreýär.

Berk belläň! ank kartyňyzyň PIN-koduny unutsaňyz, bu ýagdaýda degişli bankyňyza ýüz tutmaly. 

Kartymy ýitirdim, näme etmeli?

Dessine bankyň sorag-jogap gullugyna jaň etmeli. Şahsyýetiňizi tassyklap, bloga goýulmagyny haýyş etmeli, ýa-da banka pasportyňyz bilen baryp bloga goýulmagy boýunça ýüz tutmaly. Bloga goýmagyň esasy sebäbi – özge adamlaryň siziň kartyňyzy ulanmaga mümkinçiliginiň bolmazlygydyr.

Kart bloga goýulandan soň, täze kart açdyrmak üçin degişli banka pasportyňyz bilen ýüz tutmalydyr. 

Peýdaly maslahat: Eger kartyňyza “SMS habar” hyzmaty birikdirilmedik bolsa, dessine birikdiriň. Sebäbi, kartyňyzy ýitirseňiz we kimdir biri siziň kartyňyzdan peýdalansa, size bu barada SMS habary geler. Netijede siz, kartyňyzdaky pul serişdeleriniň hereketinden dessin habarly bolarsyňyz. Nädip birikdirilmelidigi barada ozalky makalamyzda habar beripdik.

Berk belläň:  Kartyňyzyň ýüzünde ýa-da arkasynda PIN-koduňyzy ýazmaň. Çünki kartyňyzy ýiteren halatyňyzda, başga şahslaryň koduňyzy ulanmak arkaly kartyňyzdan peýdalanmazlygy üçin wajypdyr.

Kartymy bankomatlar kabul edýär, emma töleg terminallary arkaly peýdalanyp bolanok. Näme etmeli?

Beýle ýagdaý adatça bank kartyňyzdaky çipiň zaýalanmagy netijesinde ýüze çykýar. Kart çipleri dürli sürtülmeden, ýa-da kartyň gödek ulanylmagy netijesinde zaýalanyp bilinýär.
Şeýle ýagdaýlara düşeniňizde kartyňyzy täzelemeli bolýarsyňyz. Karty täzelemek üçin degişli banka pasport bilen ýüz tutmaly. Täze karty sargyt etmek üçin ýörite töleg görnüşi kesgitlenen.

Peýdaly maslahat: kartyňyzy günüň aşagynda ýa-da örän yssy ýerde saklamaň. Şol sanda çagalara elýeterli bolmazlygyny gazanyň.  

Berk belläň! Eger kartyňyz işjeň bolup, çipi zaýalanmadyk ýagdaýynda hem töleg terminaly kartyňyzy kabul etmeýän bolsa, onda terminalyň eýesine we degişli banka bu barada duýduryň. Belki terminalda gurnalan programmany bankyň programmasyna görä täzelemek zerurlygy bolup biler.

Kartymdaky hasaby SMS arkaly nädip görmeli?

Kartyňyzdaky hasap galyndysyny görmek üçin kartyňyza “SMS habar” hyzmaty birikdirilen bolmaly. 0701 belgisine 9934%1234 görnüşinde SMS habaryny ibermeli. Ýokarda görkezilen % belgisiniň öňündäki sanlar – bank kartyňyzyň ýüzündäki ilkinji 4  belgi bolup, % belgisiniň soňundaky sanlar bolsa bank kartyňyzyň ýüzündäki soňky 4 belgidir.

Peýdaly maslahat: Kartyňyzyň hasabyny diňe bir “SMS habar” hyzmaty arkaly däl-de, eýsem “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly hem görüp bolýar.

Berk belläň: Kartyňyz “Senagat” PTB, “Rysgal” PTB ýa-da Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna degişli bolsa, SMS habar üçin iberilýän belgiler degişlilikde üýtgäp biler, olary şol banklara jaň etmek arkaly anyklap bilersiňiz.

“Internet-bank” hyzmatyny kartyňyza nädip birikdirmeli?

Degişli banka pasportyňyz bilen baryp ýüz tutmaly. Hyzmat birikdirmek tölegsiz amala aşyrylýar. Bellik: hyzmatdan peýdalanmak üçin kartyňyza “SMS habar” hyzmaty birikdirilen bolmaly.

Peýdaly maslahat: Banklaryň aglaba böleginde “Internet-bank” hyzmatyny onlaýn görnüşde, ýagny resmi web-saýtlarynyň üsti bilen hem birikdirmäge mümkinçilik bar.

Berk belläň: “Internet-bank” hyzmatyndan islendik web-brauzeriň üsti bilen, islendik kompýuter we ykjam enjamyndan peýdalanyp bolýar. “Mobil-bank” hyzmatyndan bolsa diňe ýörite mobil goşundysynyň üsti bilen peýdalanyp bilersiňiz.

Kartymdaky pul hereketlerini nädip görüp bilerin?

Iki usulda görmek mümkin: bankomadyň üsti bilen soňky 10 sany hereketi (göçürmäni) çap etmek ýa-da banka pasportyňyz bilen baryp ýüz tutmak.

Peýdaly maslahat: Kartyňyzdaky ähli hereketlerden habarly bolmak üçin kartyňyza “SMS habar” hyzmatyny birikdiriň.

Berk belläň: Bankomatda kartyňyzdaky soňky 10 sany hereketi (göçürmäni) çap etmek funksiýasy bolmasa, bu barada degişli banka habar berip bilersiňiz. Bank öz gezeginde degişli işleri geçirer.

Kartyňyza pul salyp bilýäňizmi?

Hawa, eger kartyňyzyň görnüşi “Goýum” bank karty bolsa. Bu bank kartyna diňe bankdan däl, eýsem käbir bankomatlardan hem nagt görnüşde pul salmaga mümkinçilik döredilen.

Peýdaly maslahat: Haýsy bankyň bankomatyndan karta pul salyp bolýandygyny degişli bankyňyzdan sorap bilersiňiz.

Berk belläň: Adaty zähmet aýlyk bank kartyna nagt pul salyp bolmaýar, çünki kartyň görnüşi diňe “Goýum” karty bolmalydyr.

Onlaýn görnüşdäki hyzmatlar üçin kartdan pul töläp bolýarmy?

Hawa, hyzmatlaryň görnüşleri üçin kartyň üsti bilen onlaýn tertipde töleg edip bolýar. Bu wagtyňyzy tygşytlamak üçin ýeňil we amatly mümkinçilikdir. Onlaýn tölegleri amala aşyrmak üçin, şol ulgam ýa-da web-saýt onlaýn tölegleri kabul edip bilýän mümkinçilige eýe bolmaly (E-commerce). 

Onlaýn tertipde töleg etmek üçin gözükdirme, adatça töleg etjek internet sahypaňyzdaky görkezilýär.

Bellik: onlaýn töleg etmek üçin kartyňyza “SMS habar” hyzmaty birikdirilen bolmaly hem-de CVC koduňyzy bilmeli.

Peýdaly maslahat: CVC kod (3 belgi) köplenç kartyň arka ýüzünde ýazylgy bolýar (soňky çykýan kartlarda).

Berk belläň: Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onlaýn töleg edeniňizde kartyňyzyň maglumatlaryny hiç haçan web-saýtyň ýadynda saklatmaň we töleg edip bolanyňyzdan soňra web brauzeriň taryhyny pozmaklyga endik ediniň.

Aşakda atlary agzalan banklar dürli görnüşli bank kartlaryny hödürleýär:

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar