Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip onlaýn tertipde bankdan karz almaly

0
58614

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan yzygiderli täze sanly hyzmatlar hödürlenýär. Olardan biri – bankdan karzlary resmileşdirmek üçin onlaýn görnüşde ýüz tutmak.

Hyzmatyň amatly taraplary:

  1. Wagtyň tygşytlanmagy;
  2. Tiz we amatlylyk;
  3. Banklarda nobatlaryň azalmagy;
  4. Günüň islendik wagtynda ýüz tutmak mümkinçiligi.

Hyzmatdan peýdalanmak üçin zerurlyklar:

  1. Internet ulgamyna birikdirilen kompýuter ýa-da ykjam enjam;
  2. Şahsy maglumatlaryňyz (şol sanda pasport belgisi we ş.m.);
  3. Zerur halatynda şahsy resminamalaryňyzyň elektron nusgasy.

Mysal hökmünde, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň resmi web-saýtynyň üsti bilen karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenmäni dolduralyň.

  1. Ilki bilen www.dayhanbank.gov.tm web-saýtyna girmeli;
  2. Menýudan “Onlaýn-karz” salgysyna basmaly;
  3. Açylan sahypada karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin “Sarp ediş” karzy;
  4. Zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, telefon belgiňiz, elektron poçta salgyňyz, doglan senäňiz, ýaşaýan ýeriňiz barada maglumatlar we bellikler. Şeýle-de, bank tarapyndan talap edilýän elektron resminamalaryň nusgasy ýüklenilmeli;
  5. Soňunda “Ugratmak” düwmesine basmaly.

 

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň resmi web-saýtynyň üsti bilen onlaýn karz almak üçin şu ädimleri ýerine ýetirmeli:

  1. Ilki bilen www.tbbank.gov.tm web-saýtyna girmeli;
  2. Menýudan “Onlaýn-ýüzlenme” saýlamaly we “Karz almak üçin onlaýn ýüzlenme” salgysyna basmaly;
  3. Açylan sahypada karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin, “Sarp ediş” karzy;
  4. Şeýle-de, bankyňyzyň welaýatyny we şahamçany saýlamaly;
  5. Zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, ataňyzyň ady, ýazgy edilen salgyňyz, hakyky ýaşaýan ýeriňiz, pasport seriýaňyz, pasport nomeriňiz, pasportyňyzyň berlen senesi, pasport kim tarapyndan berlen, doglan senäňiz,  elektron poçta salgyňyz, doglan ýeriňiz,  telefon belgiňiz, ätiýaçdaky telefon belgiňiz, öý telefon belgiňiz, işleýän welaýatyňyz, işleýän etrabyňyz, işleýän edaraňyzyň/kärhanaňyzyň ady, işe başlan wagtyňyz, aýlyk hakyňyzyň möçberi, wezipäňiz, iş ýeriňiziň işgärler bölüminiň telefon belgisi, bilim derejäňiz, maşgala ýagdaýyňyz. Şeýle-de, bank tarapyndan talap edilýän elektron resminamalaryň nusgasy ýüklenilmeli;
  6. Soňunda “Tamamlamak” düwmesine basmaly.

 

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyndan onlaýn karz almak şu ädimlerden ybaratdyr:

  1. Ilki bilen www.tnbk.tm web-saýtyna girmeli;
  2. Menýudan “Karzlaşdyrma” saýlamaly we “Online ýüztutma” salgysyna basmaly;
  3. Birinji ädimde şahsy maglumatlary girizmeli. Zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, ataňyzyň ady, telefon belgiňiz, elektron poçta salgyňyz. “Indiki” düwmesine basmaly.
  4. Ikinji ädimde pasport maglumatlaryňyzy girizmeli. Açylan sahypada zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: pasport seriýaňyz, pasport belgiňiz, doglan senäňiz, pasportyňyzyň berlen senesi. Ýaşaýan welaýatyňyzy we bank şahamçasyny saýlamaly. “Indiki” düwmesine basmaly.
  5. Üçünji ädimde iş barada maglumatlary girizmeli. Açylan sahypada zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: Işe başlan senäňiz, käriňiz (wezipäňiz), edaranyň/kärhananyň ady ýa-da salgyt belgisi, aýlygyňyzyň möçberi (manat), iş ýeriňiziň buhgalter hasabatlar bölüminiň telefon belgisi. Işleýän welaýatyňyzy we işleýän etrabyňyzy saýlamaly we “Indiki” düwmesine basmaly.
  6. Dördünji ädimde goşmaça maglumatlary girizmeli. Açylan sahypada zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: bilim derejäňiz, maşgala ýagdaýyňyz, esasy telefon belgiňiz elýeter bolmadyk wagtynda, siz bilen habarlaşmak üçin adamyň ady we telefon belgisi we “Indiki” düwmesine basmaly.
  7. Bäşinji ädimde karz barada maglumatlary girizmeli. Açylan sahypada karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin, “Sarp ediş” karzy. “Indiki” düwmesine basmaly.

Açylan penjirede banka baranyňyzda eltmeli resminamalaryňyz bilen tanyşyp bilersiňiz.

 

Indi bolsa Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň resmi web-saýtynyň üsti bilen karz almak tertibini gözden geçireliň.

  1. Ilki bilen www.halkbank.gov.tm  web-saýtyna girmeli;
  2. Menýudan “Onlaýn-ýüzlenme” saýlamaly we “Karz almak üçin onlaýn ýüzlenme” salgysyna basmaly;
  3. Açylan sahypada karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin, “Sarp ediş” karzy;
  4. Zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, salgyňyz, elektron poçta salgyňyz, telefon belgiňiz, doglan senäňiz we bellikler. Welaýaty we şahamçany saýlamaly. Şeýle-de, bank tarapyndan talap edilýän elektron resminamalaryň nusgasy ýüklenilmeli;
  5. Soňunda “Ugrat” düwmesine basmaly.

Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň resmi web-saýtynyň üsti bilen karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenmäni dolduralyň.

  1. Ilki bilen www.senagatbank.com.tm  web-saýtyna girmeli;
  2. Menýudan “Onlaýn-karz” salgysyna basmaly;
  3. Açylan sahypadan arzanyň nusgasyny ýükläp almaly we dolduryp, arzany ýüklemeli. Karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin, “Sarp ediş” karzy;
  4. Zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, ataňyzyň ady, elektron poçta salgyňyz, telefon belgiňiz, doglan senäňiz, ýaşaýan ýeriňiz barada maglumatlar we bellikler. Şeýle-de, bank tarapyndan talap edilýän elektron resminamalaryň nusgasy ýüklenilmeli;
  5. Soňunda “Ugrat” düwmesine basmaly.

 

Türkmenistanyň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň resmi web-saýtynyň üsti bilen karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenme şu tertipde doldurylýar:

  1. Ilki bilen www.rysgalbank.com.tm web-saýtyna girmeli;
  2. Menýudan “Onlaýn serwislar” diýen bölümi saýlamaly we “Onlaýn kabulhana” salgysyna basmaly;
  3. Açylan sahypada fiziki ýa ýuridiki tarapy saýlamaly. Bölümleriň arasynda “Karz bölümi” saýlamaly we “Ýüzlenme ugratmak” düwmesine basmaly.
  4. Birinji ädimde karzyň görnüşini saýlamaly, mysal üçin, “Sarp ediş” karzy;
  5. Ikinji ädimde karzy hasaplamaly we  “Indiki” düwmesine basmaly;
  6. Üçünji ädimde zerur bolan şahsy maglumatlary talaba laýyk doldurmaly: adyňyz, familiýaňyz, ataňyzyň ady, doglan senäňiz, pasport seriýaňyz we belgiňiz, pasportyňyzyň berlen senesi we ýyly. Jynsy we milleti saýlamaly. “Indiki” düwmesine basmaly.
  7. Dördünji ädimde şahamçany saýlamaly we karz almak üçin zerur bolan setirleri talaba laýyk doldurmaly: ýaşaýan salgyňyzy, iş ýeriňizy, aýlygyňyzyň möçberini, wezipäňizi, telefon belgiňizi, öý telefonyňyzy, soňky iş ýeriňiz boýunça tejribäňizi görkezmeli we “Indiki” düwmesine basmaly.
  8. Bäşinji ädimde maglumatlar bilen tanşyp, “Tassyklaýaryn” diýen düwmä basmaly.

Bellik: gyzyl ýyldyzjyk goýlan setirler – hökmany doldurylmaly setirler bolup durýar.

Elektron görnüşde dolduran ýüztutmaňyz banka baryp gowşar we bankyň hünärmenleri siz bilen habarlaşarlar.

Görşüňiz ýaly, birnäçe ýönekeý ädimleriň üsti bilen, gysga wagtda sanly ulgam arkaly karz resmileşdirmek üçin banka onlaýn görnüşde ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar