Soňky habarlar

Arhiw

Kesele garamazdan geçirilen oýunlar ýa-da sportuň birleşdiýän güýji

0
40017

2020-nji ýylyň Tokio olimpiýa oýunlary hem geçirlip gutardy we türgenler öz ýurtlaryna dolandylar. Ýatdan çykmajak we täsir ediji duýgular oýunlara gatnaşan türgenleriň, galyberse-de dünýäde bu oýunlara tomaşa eden janköýerliň uzak wagtyň dowamynda ýadyndan çykmaz. Pandemiýa garamazdan geçirlen olimpiýa oýunlary, bütin dünýä üçin täze umyt döreden, uly göwrümli sport çäresi. 
Elbetde Olimpiýa oýunlarynyň ýatda galyjy pursatlarynyň hemmesini bir makalada jemläp bolmaz, bu olaryň diňe bir kiçi bölegi. 

Möhüm ýeňişler

Biziň ildeşimiz, agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny gazandy. Bu ýetilen üstünligi taryhy diýip atlandyrmak makul bolar. Bu ýeňiş ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň buýsanmagyna sebäp boldy. 

Agyr atletikada möhüm ýeňşe bolsa, ilkinji altyn medal gazanan Filipinli Hidilin Dias eýe boldy. 

70 müň ilaty bolan Bermuda adalarynyň ýaşaýjylary hem öz ildeşleri Flora Daffiniň triatlon ýaryşlarynda birinji orny eýelemek bilen ýurduň taryhynda ilkinji  bolup olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanandygyna buýsandylar. Az ilatly we kiçi döwletleriň biri bolan San-Marino hem nyşana ok atmagyň trep görnüşinde bürünç medala eýe bolan Alessandra Perilliniň ýeňşine buýsanýarlar. 

Ýaş tapawudy päsgelçilik döretmeýär

2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylarynyň arasynda 13 ýaşly Ýaponiýaly skeýtbord türgeni Momidzi Nisiýa, oýunlarda gyzyl medala eýe bolan ýaş türgen hökmünde tapawutlandy. 

14 ýaşly Hytaýly türgen Sýuan Hunçan hem suwa bökmek ýaryşlarynda altyn medaly utmak bilen ýatdan çykmajak üstünlige eýe boldy. 

Soňky 50 ýyldan gowrak döwrüň içinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan iň ýaş türgen hökmünde Siriýaly stol tenisçisi Hend Zaza boldy. 11 ýaşly türgeniň oýunlarda eden ilkinji çykyşy utuş bilen tamalanmasa-da, Hend Zazanyň gelejekde uly üstünliklere eýe bolmagyna garaşylýar. 

Ýaş tapawudy hiç-haçan Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga böwet bolmandy. Muňa subutnama hökmünde bolsa oýunlarda çykyş eden 66 ýaşly Meri Hanna bolup durýar. Awstraliýaly türgen sportuň atçylyk görnüşi boýunça gatnaşyp, ol Olimpiýa oýunlaryna 6-njy gezek gatnaşdy. 

Elbetde bu Olimpiýa oýunlarynda gynandyryjy wakalar hem bolup geçdi. Mysal üçin “Häzirki zaman pentatlon” ýaryşlaryna gatnaşan Germaniýaly türgen Annike Şleunyň altyn medal almagyna onuň aty sebäp boldy. Saint Boy lakamly at türgeniň diýenlerini ýerine ýetirmänligi üçin Annike Şleu ýaryşdan uzaklaşdyryldy. 

4 × 100 metr garyşyk estafeta boýunça Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Amerikaly Lidiýa Jeýkobiniň äýnegi gözünden agzyna taýyp, ol şeýle ýagdaýda ýüzmeli boldy. Türgeniň habarçylara aýtmagyna görä: “Suwa böken badyma çykgynsyz ýagdaý emele geldi. Şonuň üçin hem elimde bar bolany edip, men ýüzmegi dowam etdirmeli boldum”. 

Olimpiýa oýunlary – diňe ýeňişler we utulyşlar bolman, eýsem her bir netijäniň aňyrsynda türgenleriň we tälimçileriň birnäçe ýylyň dowamynda gören taýýarlygy we zähmeti, hem-de päsgelçilikleriň hötdesinden gelmek bar. 

Olimpiýa ody 3 ýyldan soň Parižde täzeden ýakylyp, bütin dünýa ol oýunlarda täze ýeňişlere garaşar. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar