Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy

13:0021.08.2021
0
65487

Şu gün Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň sportuň Başa-baş görnüşleri desgasynda türkmenistanly Olimpiýaçylara sylag gowşurmak dabarasy boldy.

Agyr atletikaçy Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiadasynda 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy.

Dabarada Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň, «Lexus LX570 Sport Plus» ýeňil awtoulagynyň açarlaryny we 50 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagyny gowşurdy. Şeýle-de, P.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň