Soňky habarlar

Arhiw

Polina Gurýewa: «Olimpiýa medalymy Prezidentimize, türkmen halkyna we Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlaýaryn»

21:3927.07.2021
0
38388
Polina Gurýewa: «Olimpiýa medalymy Prezidentimize, türkmen halkyna we Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlaýaryn»

Şu gün – 27-nji iýulda agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türgen boldy.

Kümüş medalyň eýesi Polina ýeňiş dabarasynyň dowamynda žurnalistlere interwýu berdi: Ol şeýle belledi:

— Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Olimpiýa oýunlaryna ýokary şertlerde taýýarlanmana döredip beren mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdýaryn. Bu meniň Olimpiýa medalyna mynasyp bolmagyma kömek etdi. Meniň bu medalym hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna Garaşsylygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli sowgadym boldy.

«Türkmenportal-yň» habar berşi ýaly, türkmenistanly türgen ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 217 kilogramlyk netije bilen hem ýurduň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy, hem-de şahsy rekordyny täzeledi. Polina Gurýewa ştangany silterläp götermekde 96, itekläp götermekde 121 kilogramlyk netije görkezdi.

Ýaryşda altyn medala taýwanly türgen Go Sinçžun mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 236 kilogram agyrlygy eýgerdi (103+133 kg). Üçünji orny bolsa ýaponiýaly Mikiko Ando eýeledi. Ýerli türgen 214 kilogramlyk (94+120) netije görkezdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň